Türkmenmetbugat: öz elektron abunaçylaryna garaşýar

Häzirki wagtda her bir raýat üçin internet we elektron hyzmatlarynyň elýeterli bolmagy olaryň gündelik zerurlyklaryny we isleglerini kompýuter ýa-da el öýjükli telefonlar arkaly kanagatlandyrmaga doly mümkinçilik berýär. Halk hojalygynyň ähli pudaklaryny sanlylaşdyrmagyň çäklerinde eziz Watanymyzyň metbugat neşirleriniň elektron görnüşe geçirilmegi okyjylaryň gündelik neşirler bilen dessin tanyş bolmaklary, gazetdir žurnallardaky habarlary, makalalary okamaklary üçin uly ähmiýete eýe boldy.
«Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynyň 1-nji iýulyndan öz işine başlan «turkmenmetbugat.gov.tm» internet sahypasy, ýagny elektron neşiri üç dilde hereket edýär. «Türkmenmetbugat» internet neşirinde birbada 30-a golaý gazet-žurnaly onlaýn usulynda okap bolýar. Gazet-žurnallaryň elektron abunaçysy bolmak isleýänler kompýuteriň üsti bilen ýa-da «Play Market» we «App Store» internet dükanlaryndan «Türkmenmetbugat» mobil goşundysyny telefonlaryna, planşetlerine ýüklemek bilen ýazylyp bilerler.
Elektron neşirlerine abuna ýazylmak üçin ilki bilen, kompýuterde «Türkmenmetbugat» internet sahypasyna girip ýa-da ýüklenip alnan ýörite programmany açyp, bellenilen ýere özi baradaky maglumatlary (Ady, familiýasy, işleýän edarasy...) ýerleşdirmeli. Soňra «Dowam et» buýrugyny basyp, sahypanyň ýüzünde bukja saýlamaly. Ondan soňra «töleg et» bölümi çykýar we abunaçy özüne gerekli töleg görnüşini saýlap alýar.
Elektron neşirine abunaçy bolan islendik kärde zähmet çekýän we dürli ýaşdaky raýatlarymyz elýeter we amatly bolan elektron neşirini islän ýerinde, islän wagty açyp görüp, ýurdumyzda neşir edilýän gazetdir žurnallaryň islendigini okap, tanşyp bilerler. Iň esasysy bolsa, okyjylaryň abuna ýazylmagy üçin abuna ýazylyşyk möwsümine garaşmagyň hem-de gidip ýazylmagyň geregi ýok. Munuň üçin «Türkmenmetbugat» elektron neşirinden peýdalanyp ýa-da ýörite taýýarlanylan mobil goşundysyny ýükläp alyp, ykjam telefonyňyzdaky TMCELL hasabyňyzdan we bank kartlaryňyzdan nagt däl görnüşde töleg geçirip ýazylmak ýeterlik.
«Türkmenmetbugat» elektron neşiriniň ýene-de bir artykmaç tarapy — onuň üsti bilen eziz Diýarymyzda neşir edilýän döwürleýin neşirlerden başga-da, ýurdumyzyň medeniýet toplumyna degişli bolan web-saýtlaryň 6-syna, ýagny «tdh.gov.tm», «metbugat.gov.tm», «medeniýet.gov.tm», «turkmentv.gov.tm» «turkmenistan.gov.tm», «turkmenteatrlary.gov.tm» salgyly internet saýtlaryna girmäge bolan mümkinçilikleri bilen tapawutlanýar.
Döwlet Baştutanymyzyň öňe sürýän paýhasly başlangyçlarynyň durmuşa geçirilmeginiň barşynda biziň «Bereketli toprak» gazetimiz ýurdumyzyň agrosenagat toplumynda gazanylýan üstünlikleri, oba ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanyşy, obalardyr etraplaryň abadanlaşdyrylyşy hakyndaky täsirli makalalary, gyzykly habarlary, suratlary yzygiderli çap edýär. Hepdelik gazetimizde okyjylar özlerini gyzyklandyrýan maglumatlary, oba hojalygynyň maldarçylygy we ekerançylygy bilen baglanyşykly gyzykly sowaldyr jogaplary, hekaýalary, kyssalary okap bilerler.
Elektron neşirlerimize ýazylmaga howlugyň, olaryň arasynda «Bereketli toprak» gazeti hem öz abunaçylary bolan size sabyrsyzlyk bilen garaşýar, eziz watandaşlar!