Bitaraplyk başymyzyň täjidir!

25 ýyl! Halkymyz üçin bu taryhy senä dahylly wakalary näçe sanasaň sanabermeli. Şu ýylyň noýabrynda 25 million düýp nahalyň oturdylmagy diýjekmi, «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň kabul edilenine 25 ýylyň dolmagymy... näçe diýseň yzyny köpeldibermeli, olar kän, ýöne bu hakynda entek kän durlup geçiler. Häzir bolsa, baky Bitaraplygymyzyň ýalkymy, ýakymy, bize beren bagty dogrusynda söhbet ederis.
Watansöýüjilik taglymaty
Ýaş, juwan Bitaraplygymyz!
25 ýaşy dolan Bitaraplygymyz!
Çärýek asyryň içinde türkmeniň durmuşyny düýpli özgerden Bitaraplygymyz!
Seniň goýnuňda türkmen ili bagtyýar! Bu gün Gahryman Arkadagymyz saňa şan berdi, seni dünýäde uly ykrarnama eýe etdi. Sen halkymyzyň parahatçylyk tohumyny sepiji, asudalygy-agzybirligi dabaralandyryjy, dost-doganlyga çagyryjy egsilmez bagtysyň. Bu bagt her bir türkmen raýatynyň diliniň senasyna, şu günki eşretliliginiň hakykatyna we geljekki ösüşiniň güwäsine öwrüldi.
«Ýoly ýörän ýeňer» diýýärler. Baky Bitaraplygymyza eýe bolan günümizden bäri halkymyz bu belent derejäni ösüşiň baýdagy hökmünde göterip, ençe ýol geçdi. Şol geçilen ýollaryňam her pursadyny ýeňşe beslemäge çalyşdy. «Yhlasa kuwwat gonar» edip, her bir işde tutanýerlilik, gujur-gaýratlylyk görkezip, kuwwatlandy, ösdi, özgerdi. Wagty bisarpa tutman, yzygiderli netijeliligi gazanmagyň hötdesinden geldi. Egin-egne berlip, önjeýli zähmet çekildi. Bu şu wagt hem şeýle dowam etdirilýär.
Geçilen 25 ýyl! «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynyň şu gününe çenli türkmen halkynyň watansöýüjilik taglymatynyň elmydama rowaç tapyp gelendigini, onda-da ýurdumyzyň her ulgamynyň şol ýyllaryň içindäki ýeten üstünliginiň aýdyňlygyny häzir görnetin görmek bolýar. Şeýle üstünlikleri bu gün bagtyýar halkymyz milli Liderimiziň saýasynda toýa besleýär.

Türkmen dünýäsi
Bize uly dünýäniň gapysy açyldy. Ol dünýäde türkmen halky ýagşylyklary özüne ýaran edinip, ýaş kiçisine-ýaş ulusyna, mahlasy, uly-kiçi, uçdantutma hemmä, islendik kişä hormat-sylagyň naýbaşysyny görkezip, belent adamkärçiligi bilen, diňe agzybirligi, dostlugy, parahatçylygy, halallygy ündäp, şan-şöhratly ýoluny, döwletlilik ýörelgesini döretmegi, behişdi bedewleri bolan ahalteke atlaryny asman atlaryna deňemegi, olara «at» diýmän «gardaş» diýmegi, tebigatyň eçilenini «Tebigy dermanhana» saýmagy, çeper elli gelin-gyzlaryň uz barmaklaryndan dörän, arşdan inen, çog gyzyl el halylaryň elmydama türkmen ojagynyň törüni bezemegi ýa bolmasa, ynsan döräli bäri onuň ilkinji eldekileşdiren jandarlarynyň biriniň it bolandygy, şundan ugur alsaň, ir döwürden bäri ýakyn syrdaşy, goragçysy, ýanynda özüňi howpsuz duýdurýan türkmen alabaýynyň merdemligi, batyrlygy, dogumlylygy, gaýduwsyzlygy, agraslygy, wepalylygy, umuman, halkymyzyň ähli mukaddeslikleri, ebedilikleri, gymmatlyklary janlanýar. Bu dünýäniň baý many-mazmunyna imrinen islendik ynsan, onuň jümmüşinden hiç çykasy gelmeýär. Biz her bir täze döredijiligimiziň gözbaşynam şol dünýäden alyp gaýdýarys. Elbetde, bu dünýä hormatly Prezidentimiziň halkymyza peşgeş beren ruhy dünýäsidir. Has anyk aýdanyňda, şu güne çenli elimize gowşan ençeme gymmatly dürdänelerdir.
Bu gün bu Şadiwanlary biziň iş ýerlerimizdäki tekjeleri, kitaphanalarymyzy, öý-ojaklarymyzyň törüni bezeýär. Baky Bitaraplygymyzyň her ýylky toýuny şeýle ajaýyplyk bilen garşylaýan bolsak, biz öňümizdäki şanly 25 ýyllygymyza hem elimiz sowgatly — «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly eseri we «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik işiň 12-nji tomy bilen barýarys.
Türkmeniň durmuşyny kitapsyz asla göz öňüne getirip bolmaýar. Halkymyz kitaby ömrüniň bir parçasyna öwürdi, ony müdimi hemra edindi. Kitapsyz öz öýüni hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, «ýüreksiz beden» saýýar.

«Owazasy alyslarda-da...»
Baky Bitaraplygymyz nobatdaky gezek ykrarnama eýe bolar diýip, bu mukaddesligimizi — toýumyzy dünýä halklary hem bellär diýip, oýumyza-da getirmändik. Emma 2015-nji ýylyň iýun aýynyň 3-ne ikinji gezek ykrar edilmegi we 2017-nji ýylyň fewral aýynyň 2-sine mukaddesligimiziň halkara baýramçylyga öwrülmegi bu gün durmuş hakykatyna öwrüldi. ol günler türkmen halkynyň ýüregine müdimi ýazylan, ýatdan çykmajak taryhy sene bolup girdi. Garaşylmadyk ýerden abraýymyzyň Ýer ýüzünde ýene bir ýola arşa göterilmegi bizi has-da mertebelendirdi. Ol günleriň gursagymyzda möhürlenmeginiň düýp esasy bolsa, milli Liderimiziň pähim-paýhasa ýugrulan başlangyçlaryndadyr. Biz diňe käbiri hakynda gürrüň edýäris. Bu başlangyçlar häzir umumadamzat durmuşyny gülledýär, her bir tutumyň netijeliligini kemala getirip, ösüş örüsini giňeldýär. Başgaça aýdanyňda, «ösüş» atly kenara geçmekde öňdengörüjilikli teklipler köpri bolup hyzmat edýär.
Ählumumy maslahatlarda öňe sürlen teklipler biragyzdan goldanylsa, diýmek, onuň özeninde milletler üçin bähbit bar. Ol bähbit bolsa, bu günki gün bagtyýarlygyň has belent basgançaklaryna ýönelmegiň möhüm badalgasydyr. Diýmek, dünýäde türkmen ýörelgesi, paýhasy dabaralanýar...

Erkana ýaşaýşyň güwäsi
Parahatçylyk! Megerem, muny islemeýän halk asla ýok bolsa gerek. Onuň durmuşdaky ornuny hiç bir zat bilen çalşyp, ölçäp-deňär ýaly däl. Bagt hakynda söhbet açylsa, parahatçylyk bagtyň iň seresidir, naýbaşysydyr. Köpimiziň bilşimiz ýaly, aýat-töwir okalanda, ýagşy doga-dileg edilende, köplenç, «Ýurt parahat bolsun!», «Asmanymyz asuda bolsun!» diýilýär. Türkmen halkymyz munuň neneňsi gadyr-gymmatynyň bardygyna örän oňat düşünýär.
Şu nukdaýnazardan, halkymyzyň isleg-arzuwyny wysala öwren milli Liderimiz ýurdumyzda parahatçylygy has-da berkitmek bilen, onuň elmydama dabaralanmagyny pugtalandyrdy. Döwlet Baştutanymyz Ýer ýüzünde hem bu babatdaky garaýyşlary öňe sürmek bilen, hemmeleri parahatçylyga çagyryp, onuň düýp özeninde diňe ösüşiň ýatandygyny nygtaýar.
Ýadyňyzda bolsa, şu ýyla gadam basan ilkinji günlerimizde hormatly Prezidentimiz birnäçe iri halkara guramalaryň wekilleriniň gatnaşmagynda uly maslahatda söz sözlemek bilen, şeýle diýdi: «Bitarap Türkmenistan sebitde halkara parahatçylyk dörediji tagallalaryň möhüm bölegine öwrüldi». Ýene bir zat, 2019-njy ýylyň 12-nji sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasy agza döwletleriň 73-siniň awtordaş bolmagynda Türkmenistanyň başlangyjy boýunça 2021-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýyly diýip yglan etmek hakyndaky Kararnamany kabul etdi. Ine, aýdylanlara aýdyň subutnama!
Şu ýerde iň buýsandyryjy we guwandyryjy pursatlaryň birini ýatlamazlyk asla mümkin däl. Golaýda «Gallup» halkara barlaglar merkezi kanunyň we tertibiň düzülen indeksiniň esasynda Türkmenistany dünýäniň iň howpsuz ýurdy diýip ykrar etdi. Eýsem, bu erkana, rahat ýaşaýşyň güwäsi dälmi?! Asmanymyz asuda, ýurdumyz parahat, halkymyz agzybir, heý, şundanam uly bagt bolarmy?! Ösüş durnuklylygyny, jemgyýet sazlaşygyny bir terzde alyp barýan we barha rowaçlandyrýan hormatly Prezidentimize näçe alkyş aýtsak hem bärden gaýdýarys.

Baky Bitaraplygyň ýakymy, ýalkymy
Şu günler tanyş-bilişler bilen ýolda-yzda duşuşsagam, telefon arkaly gürleşsegem saglyk-amanlyk soraşylandan soň, ilkinji nobatda, «Ýetip gelýän baýramlar gutly bolsun!» diýip bir-biregi mübärekleýäris. Çünki Bitaraplyk biziň her birimiziň buýsanjymyzdyr, bagtymyzyň, eşretliligimiziň, bolelinligimiziň şamçyragydyr, başymyzyň täjidir, parahatçylygyň buşlukçysydyr.
Uly toýumyza sanlyja günler galdy. Bu taryhy baýramyň 25 ýyllygynyň şany bu gün birnäçe ildeşlerimizi bagt atyna atlandyrdy. «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda durmuş maksatly desgalaryň ençemesi açylyp, halkyň ygtyýaryna berildi. Aşgabat şäherini ösdürmegiň 16-njy tapgyry, saglyk ulgamynyň binýadyny has-da berkiden desgalar, önümçilik maksatly kärhanalar..., olaryň yzy kän, sanasaň sogaby bar. Açylyşlar häzir hem dowam edip dur. Entek ýene-de açylmaly, ýene-de köşk deý binalaryň sany artmaly we ýene-de halkymyzyň hal-ýagdaýy, durmuş üpjünçiligi has-da ýokarlanmaly.
Bularyň ählisi hormatly Prezidentimiziň döwri döwran eýlän, günlerimizi müdimi ýaza öwren bagtyýarlygynda Bitaraplygymyzyň ýakymydyr, ýalkymydyr.
Türkmen Bitaraplygynyň ýol-ýörelgesini bütin dünýä jar eden, adymyzy, abraýymyzy arşa göteren Gahryman Arkadagymyza aýdan alkyşlarymyz dillerimiziň senasydyr. Goý, milli Liderimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, umumadamzat ösüşi ugrundaky batly gadamlary diňe üstünliklere, ýeňişlere, belentliklere beslensin! Ýetip gelýän halkara baýramy — şanly Bitaraplygymyzyň 25 ýyllyk toýy bilen hormatly Prezidentimizi, ähli watandaşlarymyzy, dünýä halklaryny tüýs ýürekden gutlaýarys! Toýlarymyz toýlara ulaşsyn!
Azat JEPBAROW.