Bitarap Türkmenistanyň ählumumy parahatçylyk ugrundaky başlangyçlary

Çärýek asyr wagt bäri baky Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolan türkmen döwleti tarapyndan umumadamzadyň parahat ýaşaýşyny berkarar etmek ugrunda hoşniýetli syýasat alnyp barylýar. Taryh üçin juda gysga bolan bu möhletde Türkmenistanyň başlangyçlary esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynda kabul edilen Kararnamalaryň ähmiýeti bolsa söz bilen ölçärden has uly. Her biri dünýäniň parahatçylygy üçin ädilen uly bir ädim hökmünde taryha giren ol başlangyçlaryň, ol Kararnamalaryň hakyky gymmaty Ýer ýüzüniň dürli künjeklerinde asudalygyň arzuwynda ýaşaýan millionlarça adamlaryň ykbaly bilen barabar. Bu günki dykgatyňyza hödürlenilýän ýazgylar bolsa onlarça million gözlere umyt we bagtyýarlyk eçilen şol 25 ýyl baradaky bir ýüregiň ýöntemje seslenmesidir...
                                        ■ ■ ■
Diline, dinine, ýaşaýan ýerine, ynanç-ygtykatlaryna seretmezden, ynsan nesliniň ählisiniň ýüreginde bir arzuw bar. Bu arzuw — asudalyk islegi. Türkmenistan döwletimiziň milli özygtyýarlylygyna eýe bolup, dünýä arenasynda özbaşdak daşary syýasat ýöredip ugran ilkinji günlerinden bäri türkmen diplomatiýasy dünýäde parahatçylygy pugtalandyrmak ugrunda irginsiz gözlegleri amala aşyrýar. Biziň bu günki söhbedimiz hem şol gözlegleriň dünýä bähbitli netijeleri, Türkmenistanyň baky Bitaraplygynyň Ýer ýüzüniň ähli halklarynyň abadan, bagtyýar durmuşda ýaşamagyny gazanmakda ýetiren oňyn täsiri barada bolar.
                                        ■ ■ ■
Häzirki wagtda dünýäniň islendik ýurdunda ýaşaýan adamdan sorasaňyz hem Türkmenistany gojaman Ýer şaryndaky iň asuda mesgen, ýurtlary we halklary dostlaşdyrýan döwlet hökmünde göz öňüne getirýändigini dile getirer diýsek, öte geçdigimiz bolmasa gerek. Bu zatlaryň ählisiniň sakasynda bolsa, türkmen döwletiniň dünýäde ykrar edilen parahatsöýüjilikli syýasaty, milli Liderimiziň adamzat ähmiýetli başlangyçlary dur. Bir akyldaryň: «Gowy adamlar özlerini, güýçli adamlar maşgalalaryny, beýik şahsyýetler bolsa halklaryny bagtly edýärler» diýip belleýşi ýaly, Gahryman Arkadagymyz ýurt başyna geçen ilkinji günlerinden bäri, diňe bir türkmen milletiniň däl, eýsem, tutuş dünýä halklarynyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda uly tagallalary edýär. Bagtyýarlyk üçin bolsa, elbetde, ilkinji nobatda, parahatçylyk, asudalyk gerek. Hut şu nukdaýnazardan ugur alyp, bize ata-babalarymyzdan miras galan ynsanperwerlik, hoşniýetli goňşuçylyk ýaly halkymyzyň asylly däplerine esaslanýan daşary diplomatiýany ýöredýän hormatly Prezidentimiz halkara giňişliginde ylalaşdyryjy Lider, parahatsöýüji syýasatçy hökmünde giňden ykrar edildi. Hem syýasy, hem ykdysady tarapdan çylşyrymly wakalara baý bolan XXI asyrda halkara hem-de sebitara gatnaşyklarda öňi bilen parahatçylygyň ileri tutulmagy, ýurtlaryň arasynda ählumumy ýaraglanmagyň bes edilmegi, ekologiýa abadançylygyna ünsüň güýçlendirilmegi ýaly döwrüň iň derwaýys meseleleriniň çözgüdini tapmagy özüniň baş maksadyna öwren Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň bu babatda dünýä nusga bolmagy ugrunda uly işleri durmuşa geçirýär. Netijede, Bitarap Türkmenistan häzirki wagtda dost-doganlyk mekanyna, halklary ylalaşdyryjy merkeze öwrüldi. Sözümize aýdyň mysal hökmünde 2007-nji ýylda Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagyny görkezmek mümkin. Owganystanda parahatçylygy dikeltmek, sebitde döräp biläýjek gapma-garşylyklaryň öňüni almak, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky köptaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek ýaly wezipeleri öz öňünde goýýan bu merkeziň biziň mermer paýtagtymyz Aşgabatda açylmagy ýurdumyzyň parahatsöýüjilikli syýasatynyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan mynasyp ykrar edilmegidir. Ýeri gelende, Türkmenistanyň owgan halkyna yzygiderli ynsanperwer kömegini berip durýandygyny, hususan-da, elektrik energiýasynyň, dürli görnüşli azyk we lukmançylyk önümleriniň uly tapgyrlarynyň Owganystana mugt iberilýändigini aýratyn nygtamak gerek. Şeýle-de türkmen tarapy bu goňşy döwletde parahat durmuşyň dikeldilmegi ugrunda owganara gepleşikleriniň geçirilmegine uly ähmiýet berýär. Mundan başga-da, Türkmenistan sebitiň ýurtlaryna öz ýiti täsirini ýetirýän Aral meselesi babatda hem degişli çözgütleriň we resminamalaryň kabul edilmegine aladalaryny gaýgyrmaýar. Ýaşyl diplomatiýanyň hemmetaraplaýyn ilerledilmegi ugrunda Birleşen Milletler Guramasy we beýleki abraýly guramalar bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk saklaýan Bitarap döwletimiz Araly halas etmegiň halkara gaznasyna ýolbaşçylyk eden döwründe bu ekologiki heläkçiligiň sebitiň ýurtlaryna ýetirýän ýaramaz täsirlerini azaltmak ugrunda uly öňegidişlikler gazanyldy. Bu ugurdaky iň uly resminama bolan «Birleşen Milletler Guramasynyň we Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk» atly Kararnamanyň Türkmenistanyň AHHG-e ýolbaşçylyk eden möhletinde, biziň ýurdumyzyň başlangyjy bilen kabul edilmegi hem aýdylanlara aýdyň şaýatlyk edýär. Şeýle-de Türkmenistan BMG-niň Aziýa — Ýuwaş umman sebiti üçin ykdysady we durmuş komissiýasynyň (ESKATO) 2021-nji ýylyň maý aýynda geçiriljek nobatdaky mejlisinde geljekki Aral üçin Ýörite maksatnamanyň konsepsiýasynyň we gurluşynyň deslapky taslamasyny hödürlemegi hem göz öňünde tutýar. Türkmen döwleti hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde tebigatda biodürlüligiň we ekologiki deňagramlylygyň goralyp saklanmagy ugrunda ýurt möçberinde-de giň gerimli işleri alyp barýar. Aşgabat şäherinde we welaýatlarda ýaşyl gurşawlary döretmek maksady bilen, ýurdumyzda her ýylda millionlarça düýp agaç nahallarynyň oturdylmagy munuň şeýledigine aýdyň delildir. Hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda, baky Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllyk baýramy mynasybetli ýazky we güýzki bag ekiş möwsümleriniň dowamynda ýurdumyz boýunça ýaş nahallaryň 25 million sanysynyň ekilmegi Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda Türkmenistan döwletimiziň sebitde hem syýasy, hem tebigy abadançylygy pugtalandyrmak ugrunda bimöçber işler alyp barýandygynyň gysgaça beýanydyr.
                                        ■ ■ ■
Ösüş arkaly parahatçylyk. Parasatly döwlet Baştutanymyz tarapyndan öňe sürlen bu taglymat bary-ýogy üç sözden ybarat bolsa-da, onuň aňyrsynda ümmülmez giňişliklerde ýaşaýan millionlarça ynsanlaryň bagtly durmuşyny, sagdyn geljegini, arzuw-hyýallaryny özünde jemleýän ymgyr many ýatyr. Häzirki wagtda tutuş dünýäni gurşap alan COVID-19 pandemiýasynyň adamlaryň saglygy bilen bir hatarda, ýaşaýyş-durmuş şertlerine ýetirýän ýaramaz täsiri parahatçylygy we abadançylygy ösüş arkaly gazanmak gerekdigini, bu babatda dünýä döwletleriniň ählumumy tagallalary birleşdirmek arkaly hereket etmelidigini doly subut etdi.
Bilşimiz ýaly, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň iň esasy şertleriniň biri-de ulag ulgamydyr. Yklymlaryň çatrygynda ýerleşen, Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi hasaplanylýan baky Bitarap Türkmenistan bu babatda goňşy döwletleriň hem-de deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň ýüklerini üstaşyr geçirmek arkaly tutuş sebitde haryt dolanyşygynyň artmagyna we munuň netijesinde ilatyň ýaşaýyş derejesiniň gowulanmagyna aýratyn ähmiýet berýär. Ulag diplomatiýasynyň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde esasy şertleriň biridigini nazarda tutup, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň teklipleri esasynda birnäçe Kararnamalar kabul edildi. Sözümize delil hökmünde, 2014-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 69-njy sessiýasynda kabul edilen «Durnukly ösüş üçin halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň orny» atly Kararnamany, 2015-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 70-nji sessiýasynda kabul edilen «Durnukly köpugurly ulag-üstaşyr geçelgeleriniň döredilmegine ýardam bermek maksady bilen ulaglaryň ähli görnüşleriniň arasynda hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygyň üpjün edilmegi ugrunda» atly Kararnamany, 2017-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň 72-nji sessiýasynyň 74-nji mejlisinde kabul edilen «Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak bilen baglylykda ulaglaryň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly Kararnamany görkezmek mümkin. 2016-njy ýylyň güýzünde gurlup, ulanylmaga berlen Kerki — Ymamnazar — Akina, 2018-nji ýylyň fewralynda ulanyşa girizilen Serhetabat — Turgundy demir ýollaryny, 2018-nji ýylyň maý aýynda gurlup, ulanylmaga berlen Türkmenbaşy şäherindäki Halkara deňiz portuny, häzirki wagtda gurluşygy güýçli depginler bilen dowam etdirilýän Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtobanyny ýurdumyzyň ulag-üstaşyr mümkinçiliklerini artdyrmakda amala aşyrylan iri taslamalara mysal getirmek bolar. Ýokarda agzalan Kararnamalaryň kabul edilmegi we iri taslamalaryň durmuşa geçirilmegi bolsa öz nobatynda Ýuwaş ummanyndan tä Hazar we Gara deňizlerine çenli, Ýewropadan tä Hindi ummanyna çenli bolan giňişlikdäki ýurtlaryň söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň ýokarlanmagyna, haryt dolanyşygynyň artmagyna we netijede, adamlaryň hal-ýagdaýlarynyň, ýaşaýyş şertleriniň düýpgöter gowulanmagyna oňyn täsirini ýetirýär.
Ägirt uly ýerasty baýlyklaryň gorlaryna eýe bolan Türkmenistan özüniň energiýa mümkinçiliklerini tutuş dünýä halklarynyň zerurlyklaryny aradan aýyrmakda netijeli ulanýar. Munuň şeýledigine yklymyň iň iri taslamalary bolan Türkmenistan — Hytaý, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijileri şaýatlyk edýär. Bu taslamalaryň amala aşyrylmagy diňe bir türkmen halkynyň bähbitlerine hyzmat etmän, dünýäde energiýa howpsuzlygyny pugtalandyrmaga, bu taslamalara gatnaşyjy ýurtlaryň ykdysadyýetiniň ösmegine önjeýli goşant goşýar.
                                        ■ ■ ■
Ýene sanlyja günlerden, has takygy, 12-nji dekabrda tutuş dünýäde Halkara Bitaraplyk güni, ýurdumyzda hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllyk toýy uly dabaralar bilen bellenilip geçiler. Bu şanly baýramyň yzysüre ýetip gelýän Täze ýyl baýramy bolsa dünýä halklarynyň ykbalynda täze sahypany açyp berjek ýyl bolar. Çünki 2021-nji ýyl — «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýyly. Hut şonuň üçin hem Gahryman Arkadagymyzyň bize peşgeş beren bagtyýarlyk döwründe uludan bellenilýän baky Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllygynyň dabaralary asuda durmuşymyzyň buşlukçysy bolup, bütin dünýä ýaň salar. Ömrüňiz uzak bolsun, Gahryman Arkadagymyz, asudalygyň baýramy gutly bolsun, eziz ildeşler!
Mätgurban MÄTGURBANOW,
žurnalist.