Örtük dakyn, hem özüňi, hem töweregiňdäkileri gora!

* Lukmançylyk agyz-burun örtügini ulanmazdan öň, hökman, eliňizi sabynlap ýuwmaly ýa-da zyýansyzlandyryjy serişdelerden peýdalanmaly.
* Dakynanyňyzdan soň, agzyňyzy, burnuňyzy we eňegiňizi oňat örter ýaly, onuň maýyşgak gysgyjyny burnuňyza tarap egreltmeli hem-de epinlerini düzetmeli.
* Örtügi dakynýan wagtyňyzda, oňa eliňizi degirmezlige çalşyň.
* Agyz-burun örtügiňizi aýranyňyzda, ýörite tutawaçlaryndan tutmaly.
* Ulanyp bolanyňyzdan soň, ony ýapyk zibil gaplaryna taşlamaly.
* Agyz-burun örtügiňizi aýranyňyzdan soň hem hökman eliňizi sabynlap ýuwmaly.
* Lukmanlar agyz-burun örtüklerini 2 sagatdan köp ulanmazlygy maslahat berýärler.
* Ýokanç kesellerden goranmak üçin diňe lukmançylyk agyz örtüklerinden peýdalanmak ýeterlik däldir. Bu işi 2 metr howpsuz araçägi saklamak, elleriňizi wagtly-wagtynda sabynlap ýuwmak bilen utgaşdyryň we şu ýönekeý kadalary gündelik endigiňize öwrüň!