Gazet gelmänkä — Türkmenmetbugat

Megerem, sözbaşymyzdan gürrüňiň näme hakda boljakdygyny eýýäm aňan bolsaňyz gerek. Gürrüň «öz işimiz», has anygy, ýurdumyzda yzygiderli çap edilýän gazetdir žurnallaryň 30-a golaýynyň elektron görnüşini özünde jemleýän «Türkmenmetbugat» internet neşiri hakda. Döredilenine bary-ýogy 5 aý wagt geçen bu saýt barha uly meşhurlyga eýe bolýar. «turkmenmetbugat.gov.tm» saýtyna onlaýn-abuna ýazylýan ildeşlerimiziň sany gün-günden artýar. Diýmek, ilatymyzyň internet sowatlylygy-da, habardyr maglumata bolan islegi-de, okamak endigi-de kämilleşýär. Bu guwandyryjy ýagdaý. Ýöne şular bilen birlikde, başgarak ýagdaýlar, dogrusy, öz ýüzbe-ýüz bolan iki sany wakam hut şeýle sözbaşy bilen «Türkmenmetbugat» internet neşiri hakda ýazmaga iterdi...
Ejem käri boýunça kitaphanaçy bolansoň, gözümi açyp görenim kitapdyr gazet-žurnal boldy. Her gün öýe gelýän döwürleýin neşirleri birlaý okap çykmasam, çaý-çöregimem iýmeýänim ýadymda. Diňe seni dünýä getireni üçin ömürboýy öňünde borçly bolup gezilýän ynsandan öýke-kine etmegiň örän çetindigine aňryýany bilen aňym ýetse-de, işini täzeläni üçin ejemden şeýle bir öýkeläpdim... «Indi men gazet-žurnallary okamak üçin poçtalýon (hat gatnadyjy) gelýänçä garaşmalymy?!» diýip, gözümi ýaşa dolduryp aglaýşymy bir görsediňiz... Arada ejemiň jaň edip: «Gazet-žurnallar elektronlaşdyrylsa, ejeň kitaphanaçy bolmagam zerur däl eken gerek, görseň?» diýmegi, şo-ol çagalyk öýkämi el bilen aýrylan ýaly etdi...
Halkara žurnalistikasy boýunça hünärmen hökmünde, köplenç, daşary ýurtlular bilen iş salyşmaly bolýaryn. «Türkmenistan» gazeti üçin Birleşen Arap Emirlikleriniň ilçihanasynyň wekili bilen gürrüňdeş bolup, söhbetdeşligimiz gazetde çap edilen dessine, terjimeçilerine habar berjekdigimi aýdyp gaýdypdym. Ertesi ir bilen telefonymdaky SMS-e gözüm düşdi: «Söhbetdeşligi eýýäm «turkmenmetbugat.gov.tm»-den görüp okadyk, taňryýalkasyn!»...
Döwür bilen aýakdaş gitmek üçin sanly tehnologiýalara gol bermek ýeterlik. Olar seni öz tizligi bilen hemme ugurda gurşap alýarlar. Gerek-ýarak zadyňy hiç ýere çykmazdan, ujypsyz wagtyň dowamynda gapyňda häzir etmek isleýäňmi? Baş üstüne, onlaýn dükanlaryň onlarçasy seniň hyzmatyňda! Bank amallary, internet, telefon... üçin töleg etmelimi? Telefondyr planşetiňe sanly töleg üçin niýetlenen programmalary ýükläýmeli... Sanawy uzaltdygyňça, uzaldybermeli. Habardyr maglumatlaryň sekuntsaýyn Ýer şarynyň ähli künjüne ýaýraýan zamanynda elektron neşirleriň arzysy görlüp-eşidilmedik derejede artdy. Indi öz ýurduňda ýa-da dünýäde bolýan wakalar bilen tanyşmak üçin gazet dükanynda (kioskda) eglenmek, poçtalýona ýa habarlar gepleşikleriniň görkezilýän wagtyna garaşmak zerurlygy aradan aýryldy. Bularyň ählisini internete — global maglumatlar toruna baglanmak bilen, dessin ýerine ýetirip bolýar.
■ Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň «Türkmenmetbugat» internet neşiri bolsa birbada 30-a golaý gazet-žurnaly onlaýn usulda okamaga mümkinçilik berýär. Munuň üçin «Play Market» ýa-da «App Store» internet dükanlaryndan «Türkmenmetbugat» mobil goşundysyny telefondyr planşetiňe, kompýuteriňe ýükläp, onlaýn-abuna ýazylmak ýeterlik. Okuwda, işde, ýolda, ulagda... gazet-žurnallar hemişe seniň ýanyňda.
■ Ýeri gelende ýatlatsak, elektron neşirleriň abuna ýazylyşyk möwsüminiň alty aýlyk bahasy 60 manada deňdir. Indi okyjylar üçin ýörite abuna ýazylyşyk möwsümine garaşmak zerurlygy hem ýok. «Türkmenmetbugat» internet neşiriniň üsti bilen islän günüňde, islän sagadyňda onlaýn-abunaçy bolup bilersiň.
■ Onlaýn-abunasynyň iň esasy artykmaçlygy elektron neşirlere ýazylmak üçin wagt we serişde sarp edip, nirädir bir ýere gitmek zerurlygyny aradan aýyrýanlygydyr. Mobil goşundyny ýükläp alyp, el telefonyňyzdaky TMCELL hasabyňyzdan ýa-da dürli banklara degişli bolan bank kartlaryňyzdan nagt däl görnüşde töleg edip bilersiňiz.
■ «Türkmenmetbugat»-da gazet-žurnallardaky habardyr makalalaryň elektron görnüşi bilen birlikde, olaryň pdf nusgalary hem ýerleşdirilýär. Bu bolsa neşirleriň asyl nusgasy bilen tanyşmaga, materiallaryň ählisini bir ülňüde gözden geçirmäge mümkinçilik berýär.
■ Internet — sanýetmez maglumatlaryň ummany. Islendik zat hakda maglumat gerek bolsa, elektron neşirleriň ählisini boýdan-başa açyp görmegem wagtyňy alýar. Ine, şu ýerde bolsa «Türkmenmetbugat»-yň «Rubrikalar» bölümi kömege ýetişýär. «Syýasat», «Ykdysadyýet», «Medeniýet», «Tehnologiýa»... ýaly köp sanly rubrikalar maglumaty tiz tapmak üçin gysga ýoly salgy berýär.
■ «Türkmenmetbugat» internet neşiriniň üsti bilen ýurdumyzyň medeniýet toplumynyň edaralaryna degişli bolan web-saýtlaryň ýene-de 6-syna girmäge mümkinçilik bar. Bu ýerde
«metbugat.gov.tm»,
«medeniyet.gov.tm»,
«turkmentv.gov.tm»,
«tdh.gov.tm»,
«turkmenistan.gov.tm»,
«turkmenteatrlary.gov.tm»
salgyly internet saýtlar hem okyjylaryň hyzmatynda.
«Türkmenmetbugat» internet neşiri we onuň mümkinçilikleri barada ýene-de has köp zatlary aýdyp bolar. Ýöne «Eşiden deň bolmaz, gören göz bilen» diýleni. Dessinlik, amatlylyk, elýeterlilik, tygşytlylyk... iň esasysy bolsa, takyk hem ygtybarly maglumatlar «Türkmenmetbugat» internet neşirinde. Gazet gelmänkä wakalardan dessin habarly bolmak isleýärsiňizmi?! Ähli zat öz eliňizde...
Aýgül RAHYMOWA,
«Nesil».