...Hassa bolmazdan burun

Biz durmuşda birek-birege iň gowy arzuwlarymyzy, hoşallygymyzy «Sag bol!» diýen sözde jemleýäris. Bu sözi aýdan hem, eşiden hem şat bolýar. Çünki saglyk — baýlyklaryň seresi. Ýaşaýşyň sakasy. «Akyldan artyk baýlyk ýok, saglykdan gymmat zat ýok», «Bar zadyň sakasy saglyk», «Sag başym — soltan başym», «Saglygym — baýlygym» ýaly paýhas düwünçeklerini döreden halkymyz saglygyň gymmatyna oňat düşünipdir. Häzirki döwürde bolsa hormatly Prezidentimiziň parasatly başlangyjy bilen, ýurdumyzda ynsan saglygy baş alada öwrüldi. Şeýle-de bolsa, saglyk hakyndaky alada, ilkinji nobatda, her bir adamyň özünden — sagdyn durmuş ýörelgelerinden gözbaş alýar.

«Her ýedi ädimden eliňi ýuwmaly»
Türkmende bu ýörelgä ata-baba eýerilip gelinýär. Mundan başga-da, halkymyz: «Nahardan öň elini ýuwmadyk özüni sylamaz, nahardan soň elini ýuwmadyk — iýen duzuny» diýen jümläni ýöne ýere tekrarlamandyr. Ýygy-ýygydan eliňi ýuwup durmak, ony zyýansyzlandyryjy serişdeler bilen arassalamak özüňi ýokanç kesellerden goramagyň sakasydyr.
Ýolda-yzda köp bolýan, köpçülik ýerlerine barýan ýa-da jemgyýetçilik ulaglarynda gatnaýan ildeşlerimiz üçin bu has-da möhüm. Çünki özüňi goramak — töweregiňi, ýakynlaryňy, maşgalaňy goramakdyr.

Ara daş bolsa-da...
Sosial aralyk. 2020-nji ýylda bu jümle dünýä halklarynyň sözlük gorunda iň işjeň ulanylýan sözleriň birine öwrüldi. Munuň özi onuň ähmiýeti bilen bagly. 2 metr howpsuz aralygy saklamak biziň her birimiz üçin zerurdyr. Sebäbi ýokanç keseller göze görünmeýärler, şonuň üçin olardan sowlup geçmek mümkin däl. Ýöne halkara derejeli bilermenleriň aýtmaklaryna görä, sosial aralygy saklamak ýokanç kesellerden goranmakda, onuň ýaýramagynyň öňüni almakda hökmany çäre hökmünde görülýär.
Näme üçin 2 metr? Munuň özi ýokanç wiruslaryň howa, aerozol damjalary arkaly ýaýrap biliş gerimi bilen bagly. Sosial aralyk adamlary bir-birekden daşlaşdyrmaýar. Tersine, ol bir-birimiz hakynda nähili alada edýändigimizi, birek-biregiň saglygyna biparh däldigimizi görkezýän aýnadyr.

Alýan demiň arassa bolsun!
Bilermenleriň bellemeklerine görä, agyz-burun örtügini dakynmak howa arkaly ýokuşyp biljek ýokançlardan goranmagyň iň netijeli usullarynyň biri hasaplanylýar. Agyz-burun örtügi howadaky göze görünmeýän damjalary özünde saklap galýar. Alýan demiň arassa bolmagyna ýardam edýär.
Agyz-burun örtügini dakynmak indi köpçülik we jemgyýetçilik ýerlerinde özüňi alyp barmagyň kadalarynyň hataryna girdi. Ol duralgada, awtobusda, köçede, bazarda, jemgyýetçilik edaralarynda... — hemme ýerde möhüm. Köpçülikde agyz-burun örtügini dakynmak gündelik durmuş endigine öwrülmelidir. Şeýtsek, arassaçylyk düzgünleriniň berjaý edilmegine biziň her birimiziň goşant goşdugymyz bolar.

Güýji ýüz ärlik üzärlik
Sagdyn durmuş ýörelgesine eýerjegiň çyn bolsa, tebigatyň özi-de saňa ýardam eder. Müň dürli şypaly ot-çöpleriň seresi bolup, ilki bilen üzärlik kömege geler. Ol özüniň dermanlyk häsiýetli, hoşboý ysly tüssesi bilen öýüňiziň ähli ýerine aýlanyp çykar, daş-töweregi arassalar. Tüsse bilen birlikde öýüň içine sagdynlyk, arassaçylyk ýaýrar.
Ata-babalarymyz «Derman bolsun» diýip, üzärligiň tüssesini demine dartypdyrlar. Üzärlik milli dessur hökmünde toý-märekelerde hem tütedilýär. Görer göze görünmeýän mikroblary ýok ediji häsiýeti ony dermanlyk ösümlikleriň naýbaşysy edip goýýar.

Görk agyzdan...
«Saglyk isleseň — köp iýme, hormat isleseň — köp diýme», «Az iýen — arassa, köp iýen — hassa»,
«Iýeniň — az, saglygyň — saz»... Sagdyn we dogry iýmitlenmek bilen bagly şeýle paýhas düwünçeklerini isledigiňçe dowam edip oturmaly. Her sözüne ymgyr many sygdyrýan pederlerimizden miras galan bu jümleler sagdyn durmuş ýörelgesiniň möhüm böleginden söz açýar.
Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň berýän maglumatlaryna görä, adamyň uzak ýaşamagynyň we sagdyn bolmagynyň 60 göterimi onuň ýaşaýyş ýörelgesine we iýmitlenişine bagly. Dogry hem-de wagtly-wagtynda iýmitlenmek adam bedeninde ýokanç kesellere garşy göreşijiligi hem güýçlendirýär.
                                        * * *
Dana Pyragynyň aýdyşy ýaly, saglygyň gadyryny öz wagtynda bilmeli. Çünki sagdyn ýaşaýyş bagtyýar durmuşyň gözbaşydyr.