Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary

Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynyň Çoganly ýaşaýyş toplumyndaky Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň ýaşaýyş jaý toplumyna Mälikguly Berdimuhamedowyň adyny dakmak hakynda
Türkmenistanyň çuňňur hormatlanylýan Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy giňden bellenilýär. Ýurdumyzda alnyp barylýan «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer syýasatyň netijesinde ata Watanymyzyň Garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny pugtalandyrmak, döwletimiziň ykdysady kuwwatyny, halkara abraýyny mundan beýläk-de artdyrmak, halkymyzyň döredijilikli zähmet çekmegi üçin ähli şertleri döretmek boýunça bimöçber işler durmuşa geçirilýär.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda halkymyzyň abadan hem-de eşretli durmuşda ýaşamagy üçin ýokary amatlyklary bolan döwrebap ýaşaýyş jaýlary, medeni we durmuş maksatly binalar yzygiderli gurlup, ulanylmaga berilýär. Ýurdumyzyň beýleki raýatlary bilen bir hatarda, harby we hukuk goraýjy edaralaryň gullukçylarynyň we olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş hem-de durmuş şertleriniň yzygiderli gowulandyrylmagy baradaky alada Arkadag Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.
Nesilden-nesle geçip gelýän terbiýe ulgamynyň sakasynda ulyny sylamak, oňa hormat goýmak edebi durýar. Türkmen halky asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan asylly däbe görä, hemişe ýaşuly nesliň wekillerine çuňňur hormat bilen garap, olaryň baý durmuş tejribesini hem-de asylly ýörelgesini terbiýeçilik işinde giňden peýdalanyp gelipdir. Öz halkyny çäksiz söýýän, belent adamkärçilikli, açyk göwünli, öz bütin ykbalyny mähriban halkyna ak ýürekden hyzmat etmäge bagyşlan, türkmeniň şu günki we geljekki nesilleriniň bagtyýar durmuşynyň hatyrasyna müdimi mizemez döwlet binasyny berkarar eden Watanyň wepaly Ogly, görnükli döwlet we jemgyýetçilik işgärini — Beýik şahsyýeti terbiýeläp ýetişdiren, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň kakasy, ilhalar ynsan, Türkmenistanyň içeri işler edaralarynyň hormatly weterany Mälikguly Berdimuhamedowyň zähmet we durmuş ýoly bu gün diňe bir harby gullukçylar üçin däl, eýsem, bütin türkmen halky üçin hem görelde mekdebi bolup hyzmat edýär.
Ýokarda beýan edilenlerden ugur alyp, ilhalar ynsan Mälikguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň içeri işler edaralarynda uzak ýyllaryň dowamynda birkemsiz çeken tutanýerli zähmetini, ýaşlary zähmetsöýerlik, Watana wepalylyk ruhunda terbiýelemekde bitiren aýratyn uly hyzmatlaryny, belent adamkärçiligi bilen halkymyza görelde bolup, ýurdumyzda uly abraýa eýe bolandygyny, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýaşlary üçin il-halka wepaly hyzmat etmegiň ajaýyp nusgasyny görkezendigini hem-de Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynyň Çoganly ýaşaýyş toplumyndaky Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň ýaşaýyş jaý toplumynyň ýaşaýjylarynyň, içeri işler edaralarynyň şahsy düzüminiň ýüztutmalaryny, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň towakganamasyny nazara alyp, şeýle hem «Döwlet kärhanalaryna, guramalaryna, edaralaryna, geografik we beýleki obýektlere at dakmagyň we olaryň adyny üýtgetmegiň tertibi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna esaslanyp, Türkmenistanyň Mejlisi karar edýär:
Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynyň Çoganly ýaşaýyş toplumyndaky Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň ýaşaýyş jaý toplumyna Türkmenistanyň içeri işler edaralarynyň hormatly weterany Mälikguly Berdimuhamedowyň adyny dakmaly we mundan beýläk ony «Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky ýaşaýyş jaý toplumy» diýip atlandyrmaly.
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy
G.MÄMMEDOWA.

Aşgabat şäheri. 2020-nji ýylyň 18-nji noýabry.