Jelaleddin kibi ärli türkmensiň

Taryhy şahsyýet döredýärmi ýa-da halk?! Bu sowalyň töweregindäki jedel asyrlar bäri sabaşmasa-da, taryhçy alymlar taryhda halk köpçüliginiň ähmiýetine birjik-de kembaha garaman, halkyň maddy we ruhy joşguny has öňi, geljegi görýän şahsyýetler tarapyndan zerur bolan ugra gönükdirilende, milletiň ümzüginiň elmydama ileri bolýandygy baradaky hakykata gulluk edýärler. Türkmen halkynyň nesilbaşysy Oguz handan başlap, bize iň ýakyn döwürdäki taryhy şahslaryň keşbini asyl durkunda dikeltmegi maksat edinen islendik ýazar, şol şahslaryň milleti hakyndaky hakykaty hem asyl çeşmelerdäki ýaly görkezmegi özüne borç saýmalydyr. Bu diňe bir Türkmenistanyň häzirki çäginde däl-de, eýsem, tutuş Orta Gündogardaky bu günki ençeme döwletleriň çäginde kuwwatly derejä ýeten Horezmşalar imperiýasynyň iň soňky soltany Jelaleddin Menguberdi babatda-da şeýle bolmalydyr. Taryhy çeşmeleriň ählisi diýen ýaly bu nesilşalygy esaslandyryjylaryň oguz türkmenleriniň begdili boýundandygyny biragyzdan tassyklaýarlar.
Jelaleddin — türkmen üçin watansöýüjiligiň, gahrymançylygyň, özgä garaşly bolman, erkana döwletde ýaşamagyň nusgasy. Onuň bu häsiýetleri dürli milletden bolan ýazarlar tarapyndan nesillere miras goýlan çeşmelerde aýratyn nygtalyp bellenilýär.
Türkmen taryhyndaky meşhur gerçekleriň biri Jelaleddin Menguberdi Horezmşalar döwletiniň soltany Alaeddin Muhammediň Aýjäjek diýen türkmen aýalyndan bolan uly ogludyr. Çeşmeleriň bu ýagdaýy aýratyn döwnemeginiň sebäbi, soltanyň beýleki türki milletlerden hem aýallarynyň bolandygy üçin, Jelaleddiniň hem ata, hem ene tarapdan türkmen ganlydygyny nygtamak isländikleri üçindir.
Gynansak-da, çeşmeleriň ählisi Jelaleddiniň doglan wagty, ýaşlygy hakda «dymýarlar». Maglumatlarda onuň doglan wagty hakda 1199-njy ýyl bilen belgilenen sene hakykata golaý bolsa-da, anyk däl. Biz tagta geçen wagtynda döwleti dolandyryp biljek kämil ýaşda — 20 ýaşlarynda bolandygyny göz öňüne getirip, Jelaleddini, takmynan, 1200-nji ýylda doglandyr diýip çaklaýarys. Jelaleddin soltan taryhy çeşmelerde «şar gara saçly, dag maralynyňky ýaly balkyldap duran owaly, şar gara gözli, ýaňak bilen burnunyň düýbi hally» diýlip sypatlandyrylýar.
Köşk terbiýeçileri geljekki soltanyň öz döwrüniň ylymdan-bilimden ýüküniň ýetik bolmagy üçin elinden gelenini edipdirler. Soltanyň köşk kitaphanasy şazada üçin elýeterli bolupdyr. Okaýan kitaplarynyň meşhur serkerdeleriň ömür beýany, olaryň gahrymançylygy hakda bolandygyndan çen tutanymyzda, Jelaleddiniň öz öňünde Watan ogly bolmak üçin nähili beýik tutumly maksatlary goýandygyna göz ýetirmek kyn däl. Daýysy Demir (Polat) Mäligiň söweş türgenleşikleri geljekki soltanyň gaýduwsyz serkerde bolmagynyň baş girewi bolupdyr. Jelaleddin atabeglik mekdebinde türkmeniň gadymdan gelýän harby sungatyny birkemsiz öwrenipdi. Ol tär-tilsimleri geljekde gerek ýerinde ýerlikli ulanyp bilen wagtynda, soltana diňe üstünlik ýaran bolupdyr.
Ykbal Jelaleddine turuwbaşdan ýowuz hem külpetli synaglary bagyş etdi. Ykbalyndaky ilkinji ruhy urgy şazadanyň tagt mirasdary bolmaga kanuny hukugyndan mahrum edilmegidi. Türkmenleriň döwlet dolandyryş dessuryna görä, şazadalar atabeglik mekdebini geçensoň, döwletiň dürli welaýatlaryna mälik, ýagny häkim bellenip, döwleti dolandyrmagyň tejribesini toplamalydy. Jelaleddin, takmynan, 15 ýaşlarynda kakasy tarapyndan Owganystanyň merkezi Gazna hasaplanýan Gur, Hyrat, Bust, Garçystan, Seýistan ülkelerine we Hindistan bilen serhetleşýän welaýatlara mälik edilip bellenipdir. Emma soltan iň eziz görýän hem-de geljegine uly ynam bildiren ogluny paýtagtda — öz ýanynda alyp galmagy makul bilip, agzalan welaýatlara Kerber Mälik atly emirini ýollapdyr. Şazada Jelaleddiniň paýtagtda alnyp galynmagyna turuwbaşdan garşy bolan Muhammet şanyň ejesi Türkan hatyndy. Ol «başbermez türkmen barsy» Aýjäjegiň oglunyň tagt mirasdüşeri hukugyna eýe bolmagyny başa bardyrmazlyk üçin birnäçe pyssy-pyjurlyk edipdir. Türkan hatyn öz gelip çykan kaňly-gypjak boýundan bolan nökerleri daşyna toplap, olaryň başynda öz garyndaşlaryndan bolan serkerdeleri goýupdyr. Goşunda özüni goldajak daýanjy döredensoň, Türkan hatyn tagt mirasdüşerligi meselesinde öz sesiniň agyr geljekdigini bilipdir.
Muhammet şanyň islegi uly ogly Jelaleddini tagt eýesi etmekdi. Emma tagt mirasdarlygy Jelaleddine-de, soltanyň ondan kiçi ogly, Yraga häkim edilip iberilen, görmegeý we ezber hatdat Gyýaseddin Pirşaha-da nesip etmändir. Türkan hatynyň täsiri bilen soltanyň kaňly taýpasyndan bolan aýalyndan doglan ogly Ozlag şa tagt mirasdary edilip taýyn edilipdir. «Nähili oguldan, ajaýyp dostdan aýryldym» — Muhammet şanyň tagt mirasdary baradaky permana gol çeken pursadyndaky ahmyryny aňladýan bu sözleri onuň uly ogly Jelaleddine uly ynam bildirendigini hem-de döwletde öz häkimliginiň çäklidigini görkezýär.
Ýaňy ýetginjeklik müçesinden saýlanan Jelaleddin üçin ykbal örän agyr synaglary taýynlaýar. Watanyň üstüne uly howp abanýar. Hawa, şondan soň, bary-ýogy 30 ýaşdan sähelçe geçen Jelaleddiniň tutuş ömri kese ýerli duşmanlara garşy göreşde geçýär. 1216-njy ýylda, on alty ýaşly ýetginjekkä häzirki Gazagystanyň demirgazygynda Turgaý welaýatynyň çäklerinde Irgiz derýasynyň aňyrsynda kakasy Muhammet II-niň 60 müň adamly goşunynyň kese ýerli basybalyjylar bilen bolan ilkinji çaknyşygynda Jelaleddiniň goşunyň sag ganatyna serkerdelik edip, görkezen aýratyn gahrymançylygy Horezmşany ýeňlişden halas edipdir. Ýöne daşary syýasatda esasy ünsüni Bagdat halyflygy bilen gatnaşyklary birýüzli etmäge gönükdiren Horezmşa Muhammet bu ýeňşe känbir ähmiýet bermändir. Ýazgydyna bir wagt çawy dünýä dolan Horezmşalar şadöwletini onuň gowşan pursadynda dolandyrmaklyk ýazylan Jelaleddine gündogardan gelen ýowuz duşmana döwletiň öz çäklerinde gaýtawul bermek, ony yzyna serpikdirmek başartmaýar.
Emma Jelaleddiniň ykbalyndaky ilkinji şowsuz sahypa — tagta mirasdüşerliginden mahrum edilmegine taryh özüniň düzedişini girizipdir. Ýurdunyň köp bölegini duşman ordalary harap edensoň, Hazar deňziniň Abesgun adasyna özüni atan Muhammet şa ölüm ýassygynda ýatyrka, ogullary Jelaleddini, Ozlag şany we Ak şany ýanyna çagyrypdyr. Özüniň Ozlag şanyň tagt mirasdary bolmalydygy baradaky atalyk ähdini (weliäht) üýtgedýändigini aýdypdyr. «Meniň duşmanlarda galan arymy diňe Jelaleddin oglum alyp biler. Men ony öz ornuma soltan belläp, ikiňiziňem hemme babatda oňa boýun bolmagyňyzy talap edýärin!» diýip, öz gylyjyny onuň biline dakypdyr. Bu Jelaleddiniň kanuny ýagdaýda tagt mirasdary bolandygyny aňladýardy.
Emma ykbal Jelaleddiniň öňünde ýene-de has ýowuz synaglary taýynlapdy. Oňa paýtagtda oturyp, Horezmşa türkmenleriniň birwagtky şöhratly şadöwletini edara etmek bagty miýesser etmedi. Jelaleddin 21 ýaşynda, 1221-nji ýylda Nusaýyň golaýynda 300 adamlyk kiçijek ýygyny bilen 700 adamly duşman ordasyna garşy söweşde ajaýyp ýeňiş gazanýar.
Nusaýyň etegindäki ilkinji ýeňşinden soňra Jelaleddin üçin hakyky sergezdançylyk durmuşy başlanypdyr. Ata Watanyny duşmandan goramak üçin onuň öz içinde goldaw, arka tapmadyk soltan alys ýurtlara gidip, özüne ýaran agtarýar. Jemlenip, bir ýumruga güýç berilse, Gündogardan gelen ýagynyň ýeňilmezekdigi hakdaky myş-myşy puja çykaryp, onuň tumşugyna kakyp boljakdygyna dürli dildäki, dindäki, mezhepdäki halklary ynandyrmaga jan edýär.
1221-nji ýylda Jelaleddin duşmanlary Weliýan galasyndaky, Perwanadaky söweşlerde ýeňýär. Türkmen serkerdesiniň bu ýeňişleri duşmanlaryň ýeňilmezekdigi hakdaky myş-myşlary puja çykarýar. Jelaleddin duşman bilen guran ilkinji darkaşlaryndan soň, güýç toplamak üçin alys ýurtlara rowana bolýar. 
Onuň garşysyna hut Çingiz hanyň özi söweşe çykýar. Garadangaýtmaz Jelaleddin türkmene mahsus mertlik bilen garşydaşy Çingiz hana ilçi ýollap, ony söweşe çagyrýar: «Söweşmek üçin islendik ýeri saýla, men gelerin!». 1221-nji ýylyň 24-nji noýabrynda Hind derýasynyň boýundaky Nilab geçelgesiniň ýanynda bolan bu jeňde Jelaleddin birbada üstünligem gazanypdyr. Hatda Çingiz hanyň özem atyna münüp gaçypdyr. Emma hilegär Çingiziň ätiýaçdaky 10 müň atlysyny söweşe salmagy söweşiň ykbalyny onuň peýdasyna çözüpdir. Duşmanlar Emin Mäligiň ýolbaşçylygyndaky sag ganata hüjüm edip, ony kül-peýekun edipdirler. Çingiz han Jelaleddini diri tutmagy buýrupdyr. Daş-töweregini duşman alan, bir tarapy hem kert gaýa bolan ýagdaýda soltan halas bolmaga umydynyň galmandygyna göz ýetiripdir. Özüniň maşgala namysyny depeletmezlik üçin Jelaleddin ejesini, aýallaryny derýa oklamagy buýrupdyr. Duşmandan aman dilemek ýa-da onuň eline diri ýesir düşmek Jelaleddin ýaly mert ärleriň işi däldi. Şundan soň pelegiň bu namart oýnunda özüniň utulanyny duýan Jelaleddin duşmanyň eline diri düşmezlik üçin keremli Alladan medet isläp, özüni aty bilen Hind derýasyna urýar. Jan süýji bolansoň, töweregindäki nökerleri hem halas bolmak üçin, onuň hereketini gaýtalapdyrlar. Jelaleddin sag-aman derýanyň aňyrky kenaryna geçip, Çingiz hana garap, ýumrugyny düwüpdir. Jelaleddiniň gahrymançylygyny gören Çingiz han duşmanyna bolan pynhan buýsanjyny daşyna çykaryp, öz ogullaryna: «Görüň, anha, atasynyň hakyky ogly şeýle bolmalydyr!» diýipdir.
Hindistanda güýç toplap, Horezmşalaryň duşman atlarynyň tozy astynda kül bolan şadöwletini gaýtadan dikeltmek umydy puja çykansoň, Jelaleddin 25 — 31 ýaş aralygynda 6 ýyllap Eýranda, Kawkazda, Anadolyda beýleki garyndaş türkmen neberelerini bir ýere jemläp, öz döwletini döretmek üçin köp tagalla edýär. Jelaleddiniň 27 ýaşynda (1227) Yspyhanyň etegindäki ajaýyp ýeňşiniň mongollaryň öňe süýşmegini azyndan bäş ýyl yza serpikdirendigini adalatly belleýän taryhçylar bar.
Meşhur türkmen soltany Jelaleddin hakda dürli döwürde, dürli dillerde, dürli matlap bilen ýazylan taryhy çeşmeleriň, eserleriň, ylmy işleriň sany örän kän. Olary ilik-düwme öwrenip, «Çingiz hanyň garşydaşy: horezmşa Jelaleddin Menguberdi, şahsyýeti we zamanasy» atly monografiýany (Moskwa, 2013) ýazan rus alymy D.M.Timohiniň adalatly belleýşi ýaly: «Jelaleddin Menguberdi Gündogaryň ençeme sebitleriniň taryhyna aýdyň sahypalary ýazan adatdan daşary üýtgeşik, geň galdyryjy şahsdyr. Onuň ýörişlerini hem-de syýasy ädimlerini gurak beýan etmek bizi onuň işine mynasyp baha bermäge ýakynlaşdyrman, tersine, gaýtam ondan daşlaşdyrýar. Taryhy şahsyň bitewi şekilini onuň ähli gowşaklygy, nogsanlyklary, goýberen ýalňyşlary we nälaýyk hereketleri bilen bilelikde gaýtadan dikeltmek zerur. Ana, şonda horezmşanyň durmuşyna, harby hem-de syýasy işine dogry baha berip bolar, onuň özi tarapyndan döredilen zatlaryň weýran bolmagy, öz ölümine getiren ýagdaýlaryň sebäpleri aýan bolar». Örän dürs aýdylan pikir! Ynha, türkmen gerçegi Jelaleddine, onuň ýaşan çylşyrymly zamanasyna baha bermek islegi bilen eline galam alýanlaryň üns bermeli zady nämede!
Jelaleddiniň daş keşbi, gylyk-häsiýeti, nusgalyk sypatlary we kemçilikleri barada döwrüniň taryhy çeşmelerinde birnäçe maglumat saklanyp galypdyr. Olaryň arasynda biziň üçin has ygtybarlysy soltan bilen ençeme ýyllap bile tirkeşen, onuň kätibi bolan Nesewiniň sözleridir: «Ol garaýagyz, ortadan uzyn boýly ýigitdi, zybany türkmendi, emma pars diline-de suwarady... Ol arslanlaryň arslanydy, garadangaýtmaz, edermen ýigitleriň içinde iň bir gaýduwsyzydy. Danady, gaharlanmaýardy, käýinmek, sögünmek oňa ýatdy. Ol örän salyhatlydy, hiç haçan gülmeýärdi, diňe ýylgyryp oňaýýardy. Köp gürlemeýärdi. Ol diýseň adalatlydy, adalaty söýýärdi, emma zamanasy pis, bulagaýlyklaryň, uruş-gowgaň öç alan döwri bolansoň, onuň häsiýetine täsirini ýetirdi. Ol raýatlarynyň durmuşyny ýeňilleşdirmegiň aladasy bilen ýaşaýardy, ýöne döwletiň, agyr soltanlygyň synýan pursady bolansoň, güýje daýanyp, zorluk etmäge-de mejbur bolupdy». D.M.Timohiniň dogry belleýşi ýaly, Jelaleddini öz döwrüniň hetdenaşa gazaply hökümdary hasaplamak düýbünden dogry däldir.
Soltanyň ömür beýanyny ýazan nusaýly taryhçy Muhammet Nesewi ata Watanyny terk etmäge mejbur bolan Jelaleddiniň indiki durmuşyny «Ajalyň agzyndan sypyp barýan sergezdana» meňzedipdi. Bibliograf hem-de taryhçy alym A.Ýazberdiýew «Gürgenç — Gündogaryň orta asyrlar döwrüniň ylmy we medeni merkezi» (A., 2018) atly kitabynda bu türkmen gerçegi hakda XVIII — XIX asyrlarda ýaşan meşhur alym K.D.Ossonyň: «Jelaleddin häsiýeti boýunça generaldan ýa-da hökümdardan tapawutlylykda, söweşjeň türkmen esgerine has meňzeş bolupdyr» diýen sözlerini mysal getirýär.
Jelaleddiniň ömrüniň soňky ýedi ýylyny sergezdançylykda geçirmeginiň sebäbini onuň ýaşan döwrüniň syýasy ýagdaýlaryndan agtarmak ýerliklidir. XIII asyryň birinji ýarymynda Gündogardan abanan howpuň gara buludy döwrüniň syýasat asmanyny büräpdi. Duşmanlaryň ýeňilmezek güýç däldigini, olaryň tumşugyna kakyp boljakdygyny Jelaleddin subut edipdi. Ýöne hökümdarlaryň hersiniň öz bähbidine çapyp, bir başa gulluk edip, umumy duşmana garşy birleşmek islemezligi olaryň ýeke-ýekeden duşman girisine düşmegine getiripdir. Bu döwürde Eýranda we onuň töwereklerinde türkmen nebereleriniň guran dürli döwletleri we atabeglikleri bardy. Bu hökümdarlaryň ählisiniň nesil daragty azda-kände Jelaleddiniňki bilen galtaşýardy. Olar ýöne bir dostlaram däl, neberedeş, kowumdaşdylar. Onsoň näme üçin şeýle hor güne düşen Jelaleddin olardan dostluk kömegine garaşmasyn?! Emma beýik serkerdäniň ykbaly keç çykýar.
Diňe öz bähbitlerine gulluk edýän, dowam edýän halkara ýagdaýdan sowukganlylyk bilen baş çykaryp bilmän, duşmanyň diňe öz üstünden sowulmagyny isleýän, il-ýurduny, ar-namysyny baş orunda goýman, tagtyny ähli zatdan ileri gören hökümdarlar Jelaleddinden howatyr edipdirler, ony özlerine duşman saýypdyrlar. Gorkusyna oňa tabyn bolanlaram çemini tapsa, gozgalaňa baş göteripdir. Hatda dogany Gyýaseddinem özünden ýüz öwrüp, söweşde namartlyk edip gaçansoň, Jelaleddin lapykeçlige düşüpdir, kimi dost, kimi duşman saýjagyny bilmändir. Ol ýerli halklary duşmanlara garşy göreşmek üçin birleşdirmäge, yslam dinini goramaga birnäçe gezek synanyşypdyr. Şu maksadyna ýetmek üçin gepleşikler geçiripdir, gan dökmezlik üçin hilegärlige-de ýüz urupdyr, gerek bolsa abaý-syýasat edipdir, çykgynsyz ýagdaýlarda güýjem ulanypdyr. Gerek ýerinde öz doganynam sylap goýmandyr. Gürji şazenany Rusudana, Müsürde we Siriýada häkimlik süren Eýýuby mäliklerine duşmanlara garşy birleşmek hakda eden teklipleri puja çykypdyr. Jelaleddiniň sebitdäki iri döwlete — seljuk türkmenleriniň Anadolydaky döwletiniň soltany, asyryň Jemşidine, eýýamyň Isgenderine deňäp, «Hat alyşmak we ilçi göndermek dostlaryň aragatnaşygyny berkidýän zatlardyr. Mundan beýläk aýralyk we duşmançylyk perdesini aradan aýryp, dostluk we agzybirlik gapysyny açmak gerekdir. Öz duşmanlarymyza garşy bilelikde hereket etmesek, onda biz kim bilen dost bolup bileris?!» diýip, hat ýazan soltany Alaeddin Keýkubat I-den hem tamasy çykmandyr. Çünki Keýkubat Eýýuby hökümdary Mälik Eşrebe: «Jelaleddiniň öňüni diňe gylyç bilen alyp bolmasa, ýalbaryp-ýakarmakdan peýda ýok. Ikimiz diňe dostlugymyza bil baglap, bileleşip, ondan öz döwletlerimizi goraýmasak, başga alajymyz ýok» diýip, nama ýazyp, Jelaleddini Gündogar Anadolydan kowup çykarmagyň aladasyny edipdir. Duşmanlara garşy göreşde goldawsyz galansoň, Jelaleddin gylyjyny bularyň garşysyna hem götermäge mejbur bolupdyr. Şeýdip, iň soňky Horezmşa öz döwrüniň musulman hökümdarlarynyň biri hökmünde hereket edipdir.
Muhammet Nesewiniň gynanç bilen ýazyşy ýaly: «Soltan dünýäniň, gör, näçe ýurdunda näçe ýola söweşe girip, duşmanlaryny kül-peýekun etdi, ol ajalyň agzyndan, howpuň holtumyndan, külpetleriň girdabyndan mydama ýeňiji bolup çykdy. Haçan-da onuň müddeti tamam bolanynda, nagrasy bilen daglary elendirýän algyr ýolbars tilkiniň elinde jan bermeli boldy». Duşmanlara garşy dynuwsyz göreşen türkmen gerçegi Jelaleddiniň ömür tanapy 1231-nji ýylda Gürjüstanyň geçmesi kyn dag geçitleriniň birinde, bir haýynyň hanjaryndan kesilýär. Şol wagt ol ýaňy 30-dan geçen, men diýen ýigitdi.
Ömrüni gojaman daglaryň goýnunda tamamlan bu türkmen gerçeginiň mazarynyň nirededigi nämälimligine galýar.
Halk birbada soltanyň ölümine ynanmandyr. Bellemeli zat, taryhçy Ibn Esir Jelaleddiniň ölüminden habarlam bolsa (Ibn Esir Jelaleddinden üç ýyl soň, 1234-nji ýylda aradan çykypdyr), türkmen gerçeginiň ölümini ýatlamak islemändir we kitabyny 1231-nji ýylyň wakalary bilen tamamlapdyr.
Soltanyň nesillere nusgalyk ömrüniň beýanyny ýazan Muhammet Nesewide şeýle setirler bar: «Ynha, Jelaleddiniň keç gelen ykbaly: ol ýykyldy, emma ýene-de turdy, ol uçgun ýaly köräp öçere geldi, emma birdenem ýangyn ýaly tutaşyp dünýäni tutdy. Çarhypelegiň gerdişi bilen bagtyna örän eýmenç zamanada, döwlet dargan çagynda soltanlyk etmek miýesser etdi, ol gazaply söweşlerde il oglunyň, ýurt oglunyň, watanparaz serdaryň niçiksi bolmalydygyny görkezdi... Jelaleddin ýöne bir adam däl, ol, meger, Ylahynyň arzylan perzendidir. Muňa onuň 11 ýylyň içinde taryha ýaň salan 14 sany uly söweşde üstün çykandygyny ýatlamak hem ýeterlikdir!».
Zehinli edebiýatçy Rejep Pirjanowyň «Jeň meýdanynyň jöwheri» atly makalasynda adalatly belleýşi ýaly, bir gün ol ýerde, bir gün bu ýerde, açyk meýdanlarda gurlan çadyrlarda dolandyryp geçen köşksüz hökümdar, tagtsyz soltan bolup ýaşan Jelaleddiniň asylly maksada gulluk edendigini onuň garşydaşlary hem ykrar edipdirler.
Her bir millet özüniň taryhy şahslarynyň mysalynda ençeme nesilleri terbiýeleýär. Hormatly Prezidentimiz «Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar», «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitaplarynda Jelaleddiniň hem taryhy keşbini dikeltdi. Türkmenistanyň halk suratkeşi Saragt Babaýew Jelaleddiniň ajaýyp heýkelini döretdi. Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Jelaleddin Menguberdi adyndaky harby bölümi bar.
Alym Arkadagymyz halkymyzyň şöhratly taryhyny dogruçyl şöhlelendirmek barada türkmen taryhçylarynyň öňünde möhüm wezipeleri goýýar. Hormatly Prezidentimiziň döreden mümkinçilikleri esasynda türkmen alymlary tarapyndan daşary ýurtlara ylmy saparlarda Jelaleddin hakyndaky golýazmalaryň nusgalarynyň terjime edilip, ylmy taýdan öwrenilmegi netijesinde gerçek türkmen serkerdesiniň taryhy keşbini has aýdyň göz öňüne getirmegimiz üçin täze mümkinçilik döredi. Öz hereketleri bilen halkynyň at-abraýyny arşa galdyryp, onuň ýoluny parlak ýyldyz mysaly ýagtyldýan Beýik Ärleriň gadyryny diňe Beýikler bilýändir. Arkadag Prezidentimiz Jelaleddin ýaly ärleri tirsegine galdyrdy. Bizi öz taryhymyzda Jelaleddin kibi gerçeklerimize buýsanmak bagtyna eýe etdi. Watan gerçeklerini, türkmeniň beýik taryhy şahslaryny, ärlerini, şirlerini tirsegine galdyryp, olary geljekki nesillerimize nusga eden Gahryman Arkadagymyzyň ömri uzak bolsun, tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Jumamyrat GURBANGELDIÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory.