Özüň bolmak

Türkmenistanyň baky Bitaraplyk halkara hukuk ýagdaýyna eýe bolmagynyň 25 ýyllygy mynasybetli käbir oýlanmalar
Durnalaryň sesi eşidilýär. Biygtyýar başyňy galdyrarsyň. Ana, asmanda durnalar geçip barýarlar. Tebigatda guş kän. Ýöne şeýdip, toýnuk gurap uçmak diňe durnalara mahsus...
Häzirki zaman dünýäsinde ynsan üçin iň kyn zat, megerem, özüň bolup ýaşamak bolsa gerek. Ynsanyň tebigaty şeýle: ol köpçülik bolup ýaşaýar. Köpçülik hem dürli häsiýetli şahslardan ybarat, näçe adam bar bolsa, şonça-da pikir, garaýyş bar. Şeýle köpdürlüligiň içinde özüň bolmak, öz-özlüligiňi saklamak juda kyn.
Eýsem, döwlet babatda bu nähilikän?! Özüň bolup ýaşamak meselesini özbaşdak döwlet bolup, özüň ýaly beýleki döwletleriň arasynda nähili çözmeli?! Milli gymmatlyklaryň, bähbitleriň, çemeleşmeleriň, başarnyklaryň, umuman, şol bir mesele babatda garaýyşlaryň köpdürlüliginde ýitip gitmezlik, başgaça, özüň bolup galmak üçin näme etmeli, ösüşiň haýsy ýolundan nädip ýöremeli?!
Bu meselede, elbetde, her halkyň, her döwletiň öz garaýşy, öz ýoly bar, öz ädim urşy bar. Biz olar hakda däl-de, öz döwletimiziň, öz halkymyzyň çärýek asyr mundan öň saýlap alan milli ýoly hem-de şol ýoldan ýöreýşi hakda gürrüň etmekçi bolýarys. Söhbedimiz Türkmenistanyň baky Bitaraplygy dogrusynda.
Soňky 25 ýyl bu ýola dünýä halklarynyň barha içgin garaýandygyny görkezýär, soňky ýyllarda-ha biziň ýurdumyza dünýä jemgyýetçiliginiň ünsi has artdy. Munuň sebäbini näme bilen düşündirip bolar?
Türkmenistanyň baky Bitaraplyk ýoly biziň gürrüňini edýän özüň bolup ýaşamak meselesinde iňňän dogry ýol, durmuş synagyndan geçen iň dürs çözgüt bolup çykdy. Bu tötänleýin bagtyň çüwmesi bolman, çuňňur oýlanylyp, hertaraplaýyn ölçerip-dökmegiň netijesinde ösüş ýolunyň saýlanylyp alynmasydyr. Mähriban halkymyz bolsa entek ýörelmedik bu ýoldan ýöräp, onuň ajaýyplyklaryny äleme äşgär edýär. Özi-de şunda bir ýagdaýy aýratyn nygtamalydyrys. Türkmen Bitaraplygy dünýä jemgyýetçiliginden üzňeleşmek, dünýä halklaryny gyzyklandyrýan meselelerden gaça durmak, çetleşmek däl-de, gaýtam, tersine, hemişe wakalaryň içinde bolup, olary hemmelere bähbitli esasda çözmäge gatnaşmaklygy aňladýar. “Entek ýörelmedik ýol” diýenimizde-de, biz hut şu ýagdaýy — halkara meselelere, ine, indi 25 ýyl bäri Türkmenistanyň hiç bir toparlanyşyklara goşulman, özi bolup gatnaşyp gelýändigini göz öňünde tutup aýdýarys.
Oňyn Bitaraplyga esaslanyp ýaşalan 25 ýyl bir hakykaty äşgär etdi: Türkmenistanyň Bitaraplygy bütin adamzady parahatçylykda, asudalykda ýaşamaklyga çagyrmak bilen çäklenmän, eýsem, onuň hereketini gönükdirmäge ukyplydyr.
Hereketleri gönükdirmek diýlende-de, elbetde, harby güýç ulanmalar, ykdysady zor salmalar ýa-da gaýry mejbur etmeler arkaly däl-de, eýsem, özara hyzmatdaşlyga, mysal üçin, deňze göni çykalgasy bolmadyk döwletlere ulag-logistika gurluşlary döredip, olary şeýle şertlerden peýdalanmak mümkinçiligine eýe etmek ýa bolmasa, milli baýlygymyz bolan tebigy gaz, şeýle-de nebithimiýa önümleri, elektrik energiýasy bilen ýakyn-u-alysdaky ýurtlary amatly şertlerde üpjün etmek arkaly gönükdirmek göz öňünde tutulýar.
Kitaplaryň birinde: “Derýa höküm edip bolmaýar, oňa girip, akymynyň ugruny üýtgedip bolýar” diýen pähimi okapdym. Türkmenistan hem şeýle edýär, dünýä hereketiniň daşynda durup däl-de, eýsem, şol hereketiň içinde bolup, ýagny şol hereketi döredýänleriň biri bolup, adamzadyň hereketini gowulyga, ýagşylyga tarap gönükdirýär. Aýdylýana subutnama hökmünde indi ençeme ýyllar bäri hereket edip gelýän, hormatly Prezidentimiziň başlangyjy we ägirt uly tagallasy bilen amala aşyrylan “Demirgazyk — Günorta” demir ýol geçelgesini, Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisini, meşhurlygy barha artýan “Lapis Lazuli” halkara ulag-logistika ulgamyny we gurluşyklary dowam etdirilýän TOPH gaz geçirijisini, TOP elektrik we optiki süýümli aragatnaşyk ulgamlaryny, gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň häzirki zaman şertlerinde gaýtadan dikeldilýändigini we beýlekileri agzap bolar.
Bu işi, dogrusy, juda uly jogapkärçiligi, abyrsyz zähmeti we ýene-de kän-kän zatlary, iň esasysy-da, diňe döwlet Baştutanyna mahsus bolan öňdengörüjiligi, syýasy erk-islegi talap edýän beýik iş hasaplaýarys.
Özgelere täsir etmek özüň bilen hukugy, ykdysady mümkinçiligi deň ýa-da deňeçerräk, üstesine öz garaýşyny doly kemala getiren adamlaryň (döwletleriň) arasynda sözüňi diňletmek, olary yzyňa düşürmek, başgaça aýdanyňda, seniň pikiriňi goldamaklaryny gazanmak eserdeňligi, oýlanyşyklylygy, öz bähbidiňi köpçüligiň — goňşularyň, obadaşlaryň (beýleki halklaryň, döwletleriň) bähbidi bilen utgaşdyrmagy başarmaklygy, diplomatiýany, ýene-de medeniýet, ylym-bilim, tejribe, abraý, asyllylyk, ýaşaýyşda özüňi oňarmak (döwletiň ykdysady kuwwaty), öwrenmek hem öwretmek — jemläp aýdanyňda, ýaşaýyş-durmuşda öňe hereket etmäge hemişe taýýar hem-de ukyply bolmak ýaly ençeme zatlary talap edýär.
Her bir halk, umumylykda bütin adamzat bagtly durmuşda ýaşamagy arzuw edýär. Bagtly durmuş diýmekligem juda köptaraply, ol parahatçylygy-da, asudalygy-da, bolçulygy-da, durmuş hyzmatlarynyň ählisi üçin elýeterli nyrhlaryň bolmagyny-da, jemgyýetiň sazlaşykly ösüşini-de öz içine alýar. Şeýle hem bagtly durmuş düşünjesi ylym-bilim, saglyk, döredijilik, sungat, medeniýet, ruhy sazlaşyk, erkin zähmetiň hözirini görüp ýaşamak, deňhukuklylyk, sagdyn nesil öndürmek we çaga terbiýelemek ýaly meseleleriň-de giden toplumyny gurşap alýar. Ine, şu we şulara meňzeş islegleriň ýa-da zerurlyklaryň (olary nähili atlandyrasyňyz gelse — atlandyrybermeli, ygtyýar özüňizde) ählisini durmuşda özüň bolup üpjün etmäge ýa-da gazanmaga iň amatly ýoluny-ugruny salgy berýän taglym türkmeniň Bitaraplyk taglymydyr. Bu taglym özüniň dörän, ykrar edilen gününden bäri geçen 25 ýyllyk ýolunda ýaşaýşa ukyplydygyny görkezdi. Onuň tarapdarlary, oňa eýerýänleriň hatary bolsa artyp barýar.
Türkmen Bitaraplygynyň tebigatynda asuda, döredijilikli geljegi üpjün edýän parahatçylyk ideýalarynyň ýatandygy sebäpli ol hemmeler üçin gyzykly, özüne çekiji we kabul ederliklidir. Dünýä jemgyýetçiliginiň Türkmenistanyň bu halkara hukuk derejesini dowamly goldap gelmeginiň bir sebäbini şunuň bilen düşündirmek dogry bolar.
BMG-niň iki gezek ykrar etmegi, onuň kabul edilen senesini — 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni diýip yglan etmegi türkmeniň bu taglymynyň durmuşylygyny subut edýär. Hormatly Prezidentimiziň “Bitaraplygyň dostlary” hereketini yglan etmegi bolsa halkara derejede bu taglymyň has örňemegini, güýçlenmegini, giňelmegini üpjün edýär.
Milli Liderimiziň baştutanlygynda Türkmenistanyň ýöredýän syýasaty döwletimiziň Bitaraplyk derejesinden gözbaş alýar. Şol syýasatyň hem adamzadyň bagtly geljegine gönükdirilendigine hormatly Prezidentimiziň BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde we beýleki abraýly halkara guramalaryň münberinde öňe sürýän başlangyçlarynyň mysalynda göz ýetirip bolýar.
Başlangyçlar anyk hem-de belli bir meseläniň çözgüdini hödürlände, özi-de köpüň bähbidini aranda, özüne çekiji bolýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Türkmenistanyň öňe sürýän ideýalary, başlangyçlary haýsydyr bir näbelli wagty, gümürtik meseläni däl-de, anyk meseläni çözmegiň anyk ýerini we wagtyny hödürleýär, ýagny şu günüň ýüze çykaran meselesini çözmäge gönükdirilendir, şol bir wagtyň özünde-de olar geljegi hem göz öňünde tutýar. Halkara gaz geçirijileri, dünýä standartlaryna laýyk gelýän deňiz portlaryny, howa menzillerini, awtomobil terminallaryny öz içine alýan ulag-ýol düzümleri, Merkezi Aziýa ýurtlary üçin derwaýys suw meselesi, daşky gurşaw, sebitiň ekologiýa abadançylygy ýaly meseleleriň çözgüdini hödürleýän ol başlangyçlar dünýä ýurtlary tarapyndan kabul edilen we eýýäm durmuşa geçirilip ýörlen başlangyçlardyr. Günüň ýüze çykaran meselesi diýenimizde, hormatly Prezidentimiziň dünýä jemgyýetçiligini ynjalyksyzlandyrýan koronawirus pandemiýasyna garşy göreşmekde ähli döwletleriň tagallasyny birleşdirmek ideýasyny hem ýatlamaly.
Şu ýylyň 30-njy oktýabrynda Koreýa Respublikasynyň Seul şäherinde Demirgazyk Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça halkara forum geçirildi. Şonda Arkadag Prezidentimiz wideoýazgy bilen çykyş edip, Ýewraziýa hyzmatdaşlygynyň möhüm meseleleri boýunça Türkmenistanyň garaýşyny beýan etdi. Hususan-da, Türkmenistanyň ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça möhüm halkara başlangyçlar bilen çykyş edip, Aziýanyň ägirt uly ynsan başarnyklary, intellektual, maliýe, senagat, tehnologik kuwwaty bilen köp babatda ählumumy ösüşiň geljekki gün tertibini kemala getirjekdiginden ugur alýandygyny nygtady.
Diýmek, türkmen Bitaraplygy geljege tarap pälwan gadam urýar...
Ana, durnalar geçip barýarlar. Olaryň maksady — ýyly ülkelere ýetmek. Süriniň serdar durnasy ünsüňi çekýär. Ol yzyndakylara ýol görkezýär, diňe bir görkezmegem däl, eýsem, yzdan gelýänlere ýoly arçap hem berýär. Aşakdan seretseň, gökde päsgelçilik ýok ýaly, durnalar örän ýeňillik bilen uçýarlar diýersiň. Emma olaryň ýolunda-da päsgelçilikler bar — howanyň akymy bar. Ol akymy böwsüp geçmek gerek. Serdar durna yhlas bilen şol garşylygy böwsüp geçýär, ol şeýdensoň, yzyndakylara uçmak ýeňil düşýär. Oňa, elbetde, ýeňil däl, ýöne ol gaýratlylyk görkezýär, ol beýleki durnalaryň hereketini gönükdirýär. Hut şonuň üçinem durnalar maksatlaryna ýetýärler, olar ýyly ýurtlara aşýarlar.
Bitaraplyk bilen serdar durnanyň hereketinde nähili umumylyk bar diýmegiňiz mümkin. Özüm-ä olaryň bu umumylygyny beýlekileriň hereketini bir ugra gönükdirýänliginde görýärin. Razylaşýarmysyňyz?!
Seýitguly GELDIÝEW,
Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti.