Garagumuň gujagyndaky gudrat

(Dowamy).
Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtoulag ýolunyň gurluşygy barada söhbet
Guralyň düz — azabyň az

Türkmende “Gural işlär, gol öwner” diýilýär. “Guralyň düz bolsa, muşakgatyň az bolar” diýilmesi-de bar. Ýol gurluşygy ýaly irnik iş-ä, esasan, guralyň, has anygy, tehnikanyň guratlygyna bagly.
Häzir Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtoulag ýolunyň gurluşygynda tehnikalaryň 2 müň 200-den gowragy işledilýär. Ýüküni özi düşürýän ulaglaryň, buldozerlerdir greýderleriň, demrikdirijilerdir ekskawatorlaryň, beton garyjylardyr suw, ýangyç, bitum daşaýjy, sepiji ulaglaryň sary çägeleriň arasynda omzaşyp-müňzeşip, dynuwsyz hereket edip ýörşüni synlamak özboluşly täsirler döredýär.
Şu ýylyň iýun aýynda asfalt ýazmak işine niýetlenen tehnikalaryň getirilip, gurnalyşyna, ilkinji gezek işe girizilişine hem şaýat bolupdyk. Bir sözde tehnika diýýäs goýberäýýäs, asyl, olar diňe bir ýoluň aňrybaş hiliniň däl, eýsem, ýurduň ykdysady kuwwatynyň hem anyk-aýan delili ahyry! Gözüň ýagyny iýip barýan döwrebap tehnikalaryň aglabasynyň ýurdumyza ilkinji gezek getirilendigini-de bellän ýagşy.
Hawa, gaýratly türkmen ýigitleriniň gije-gündizki yhlasly zähmeti şeýle tehnikalaryň kuwwaty bilen utgaşyp, Garagumda gudrat döredýär. Tüweleme!
Görmek — ömürden!
Buýsanmak — döwürden!

Köpri kelamy
Sizde-de şeýlemi?! Her näçe gyssanmaç bolsaňam, akar suwuň deňinde sägineniňi, aýak çekeniňi duýman galýarsyň. Giň giden sähranyň gujagynda mele suwy synlamagyň täsiri-hä has-da başgaça.
Awtobanyň 57-nji kilometrliginde aýak çekmegimize-de Garagum derýasyndan bölünip, ekinzarlyklara ümzük atyp barýan ene ýap, onuň üstünden gurulýan kaşaň köpri sebäp boldy. Ine, saňa täsin görnüş!
Ene ýabyň tebigy akymyny bozmazlyk, ony isrip-yrýa etmezlik üçin gurulýan, eýýäm gurluşygy paýawlaberen bu köpri sünnä çekilen suraty ýada salýar. Bu ýerler Ak bugdaý etrabynyň çägi. Aňyrrakdan Gysy obasynyň her biri küti kitaba meňzeş jaýlarydyr oýnaşyp ýören oglanjyklar, mal-garalar görünýär...
“Beýikligi 5 metr, ini 54 metr bolan köpriniň, görşüňiz ýaly, her gapdalyndan goşmaça geçelgeleriň ikisi bar. Ol mal-garadyr tehnikalaryň bizowal geçip bilmesine niýetlenen” diýip, köpriniň gurluşygyny alyp barýan hünärmenler aýdýarlar.
...Muňa Garagum diýýärler. Aýdylyşy ýaly, ýeňsesi Üňüz aňyrsy, maňlaýy Köpetdag etegine seždeli, ýokarsy Amyderýanyň çep kenaryny, aýagujy Uzboýuň iki ýakasyny jähekläp oturan Garagum! Selinli-siňrenli, çetili-çerkezli, adyrly-oýtakly, depeli-depizli Garagum. Gadymy obalaryň 100-den gowragy bu sähranyň gujagynda. Ýurdumyzda bar bolan dowarlaryň 80 göteriminden agdygy Garagumuň giňişliklerinde sonarlap ýör. Diňe dowarlarmy?! Bu giňiş düzlerde düýe, sygyr, ýylky sürülerine-de duşmak bolýar.
Ine, onsoň, awtobanyň ugrundaky ilatly ýerlerde şeýle köprüleriňdir geçitleriň gurulmagynyň möhümligini özüň aňşyrybermeli.
“Ýoluň birinji tapgyrynda — onuň başlangyjyndan 203-nji kilometrine çenli aralygynda dürli köprüleriň 7-si bolup, olaryň ählisiniň gurluşygy tamamlandy diýen ýaly. Taslama esasynda awtoulag we demir ýolunyň üstünden geçýän köprüleriň 12-si, ýaplaryňdyr zeý akabalarynyň üstünden geçýän köprüleriň 25-si, ýokary tizlikli awtoulag ýolunyň aşagyndan geçýän emeli desgalar, demir-beton turbalar, mallardyr oba hojalyk tehnikalary üçin ötükleriňem 240-a golaýy gurlar” diýip, “Türkmen Awtoban” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň baş inženeri Rejep Eýeberdiýew gürrüň berdi.
Ýene-de yzyma gaňrylyp, ene ýabyň lummurdap akyşyny synlaýaryn. Mele suwda gudrat bar...

Olary belent ynam birleşdirýär
Gadymy döwürde uly binanyň gurluşygynda zähmet çekip ýörenlere: “Näme işleýärsiň?” diýip, şol bir sowaly beripdirler. Olaryň biri: “Agaç ýonýaryn” diýse, ýene-de biri: “Demirleri ýylmaýaryn” diýipdir. Ýene biri: “Suwag edýärin” diýse, başga biri: “Kerpiç örýärin” diýipdir.
Olaryň içinde biriniň jogaby başgaça bolupdyr: “Görmeýärmisiňiz, hemmämiz birleşip-bileleşip, Hakyň öýüni — zyýaratgähi gurýarys!”.
Edýän işiň ähmiýetine, ahyrky maksadyna düşünmek — ähli rowaçlygyň gönezligi. Biz awtobanyň gurluşygynda işläp ýörenleriň birnäçesi bilen gürrüňdeş bolduk. Ýoluň 44-nji kilometrliginde zähmet çekip ýören gurluşykçylar Gurbanseýit Muhammedowdyr Röwşen Hudaýberdiýew, 26-njy kilometrlikde işläp ýören ýol gurluşyk inženeri Serdar Ýowşanow, “Gowşut” daş käniniň hünärmeni Begenç Ogşukow ýaly gujurly ýigitleriň ençemesi bilen pikir alşanymyzda, bir hakykata magat göz ýetirdik. Ol hem bu ýerde işleýän 3 müň 600 çemesi adamyň ählisini döwrüň beýik gurluşygyna dahyllylyk buýsanjynyň, hormatly Prezidentimiziň belent ynamynyň birleşdirýändigi! Olar nähili sogaply, nähili döwletli, taryhy işe goşant goşýandyklaryna düşünmek bilen, gijedir gündize parh goýman işleýärler.

“Ýoda birigip, ýol bolar, ýollar birigip — il”
Ýollara uzamak mahsus. Birleşmek, birleşdirmek mahsus. Adamlary adamlar bilen, ýurtlary ýurtlar bilen, sebitleri sebitler bilen ýakynlaşdyrmak mahsus. Ýol gurmagyň sogabynyň asyl hikmeti-de şunda jemlenýändir, megerem!
Awtobanyň gurluşygy bilen tanşan pursatlarymyzyň yzysüre paýtagtymyzda ýol-ulag düzümine degişli döwletli-derejeli desgalaryň birnäçesiniň açylyşyna şaýat bolmak miýesser etdi.
Paýtagtymyzyň S.Türkmenbaşy we A.Nyýazow şaýollarynyň çatrygyndaky ýerasty awtoulagdyr pyýada geçelgeli «Mahabat» binasy ýerleşdirilen toplum!
Awtoulaglar kärhanalar toplumynyň we Awtomobil mekdepleriniň birleşiginiň okuw-türgenleşik merkeziniň giden şäherçäni emele getirip, ýaýylyp oturan desgalary!
Keremli daglaryň gujagynda “Bagabat” şypahanasyna alyp barýan täze ýol! Onuň ugrunda iki sany köpri-de ýerleşýär.
Paýtagtymyzy ösdürmegiň 16-njy tapgyrynyň desgalaryny dür däneleri deý düzüp oturan ak ýol! Onuň açylmagy bilen, öňem tas tutuş paýtagtymyzy aralap geçýän Magtymguly şaýoly has uzalyp, sebitde iri awtoýollaryň birine öwrüldi.
Bu tutumly işleriň her biri özbaşyna uly söhbet.
Görşümiz ýaly, baky Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllygyna bagyşlanyp açylan-u-açylýan desgalaryň içinden täze ýol-ulag düzümleri eriş-argaç bolup geçýär!
Biz ak ýollar bilen dünýä çykýarys!
Biz ak ýollar bilen röwşen geljege barýarys!
Biz ak ýollary gurup, göwünleri, illeri, ýurtlary birleşdirýäris!
                                    * * *
Diýar giňişliklerine çyksaň, göwnüň-göwrümiň hem şonçarak giňändigini duýýaň.
Öz topragyň, öz tebigatyň gözellikleri seniňem dünýäňi özüçeräk gözelleşdirýär.
Watanyň çar künjünde amala aşyrylýan beýik işler seniňem ruhuňy şol işleriň belentligine göterýär. Ine, şol belentlikdenem Watanyň röwşen geljegi, onuň dumly-duşa uzap gidýän dost-doganlyk ýollary has aýdyň görünýär.
Kakamyrat REJEBOW.
“Türkmenistan”.