Elektron neşirler: amatlylyk, tizlik, tygşytlylyk

Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda döwürleýin neşir edilýän gazet-žurnallara elektron görnüşde abuna ýazylmak mümkin. Munuň üçin «turkmenmetbugat.gov.tm» internet saýtyndan, şeýle-de «Türkmenmetbugat» mobil goşundysyndan peýdalanyp bolýar. Elektron neşirler amatlylygy bilen adaty çapdan çykýan neşirlerden tapawutlanýar.
Biz elektron neşirleriň oňyn taraplary, döredýän ýeňillikleri barada aşakdaky maglumatlary size ýetirmegi makul bildik.
* Elektron neşir üçin ýörite ýagtylyk gerek däl. Ony garaňkylykda hem arkaýyn okap bolýar.
* Beýle neşire bellik edilende hem onuň asyl nusgasy arassalygyna galýar. Şeýle hem ýörite gözleg penjiresiniň kömegi bilen gazet-žurnallarda islendik sözi aňsat tapmak mümkinçiligi bar.
* Gözüniň görşi pes bolan adamlar elektron neşirleri ýörite özleri üçin sazlap, onuň harpynyň görnüşini ýa-da ululygyny saýlap bilýärler.
Şeýlelikde, elektron neşirleri her adam öz oňaýyna, rahatlygyna görä saýlap, okap bilýär. Bu ýerde esasy zat, şol neşirlerden özüňe gerekli, peýdaly maglumatlary alyp bilmekdir.
Elbetde, döwrümiziň bedew bady bilen öňe gidýän döwründe hem elektron sazyň ýüze çykmagy bilen saz gurallarda çalynýan owazlaryň diňlenmeginiň ýitip gitmeýşi ýaly ýa-da teleradio gepleşikleriň döredilmegi bilen teatrlaryň ýapylmaýşy ýaly, elektron neşirler hem ýaňy çapdan çykyp, reňkleriniň ysy gelip duran gazetdir žurnallaryň azalmagyna sebäp bolup bilmeýär. Bu bolsa begendiriji ýagdaýdyr. Sebäbi elektron neşirleriň hem, kagyz neşirleriň hem durmuşymyzda bar bolmagy biziň dünýämizi has-da baýlaşdyrýar.