Garagumuň gujagyndaky gudrat

Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtoulag ýolunyň gurluşygy barada söhbet
Güýzüň altyn öwüşginleri!
Çägesine altyn çaýylan Garagumuň gözýetmez giňişligi!
Taryha altyn harplar bilen ýazylýan beýik işler!
Ine, ýakynda ümmülmez sähranyň jümmüşinde Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygy bilen tanşan pursatlarymyzy aňymda aýlanymda, şu «altyn sazlaşyk» ilki aňa, soňra zybana dolýar.
Ýollar, heý! Her ädimi kitaplyk taryhy gizläp ýatan keremli topragyň ýüzünde döwür hakda gymmatly-hümmetli setirlere meňzäp, geljege ümzük atyp barýan ýollar, heý!
Döwrüň rejesini-derejesini göreý diýseň, Garagumuň gujagyna barmaly!
Onuň reňbe-reň tebigatyny synlamaly. Adam eli bilen gurulýan desgalary — «Altyn asyr» Türkmen kölüni, oňa barýan baş şor suw akabasyny — hakykatda, täze derýany, demir ýollary, gaz geçirijileri we elbetde, türkmen sährasynyň gelşigi bolan düýelerdir dowarlaryň sürülerini görmeli.
Zamananyň okgunly badyny göreý diýseň, Garagumuň gursagyny jähekläp barýan tutumly awtobanyň gurluşygyny synlamaly!

Ädim-ädimden ýol bolar
Awtobanyň gurluşygynyň barşy bilen ozalam telim gezek — her pasylda tanyşmak miýesser edipdi. Ine, bu gün şol saparlarda görlen-eşidilenleriň ählisini aňymda aýlaýaryn welin, täsin filme tomaşa eden ýaly, döwür hakda çeper eser okan deý duýgyny başdan geçirýärin.
Aşgabat — Daşoguz awtoulag ýolunyň 24-nji kilometrliginden başlap, Türkmenabat şäherine çenli 600 kilometr çemesi menzile uzap gitjek bu awtobanyň gurluşygyny boýdan-başa öz hünärmenlerimiziň amala aşyrýandygyna guwanman bolarmy?! “Türkmen Awtoban” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini düzýän hususy kärhanalaryň gurluşykçylary ýerli-ýerden bu işe yhlasly ýapyşyp, gaýrat görkezýärler.
“Ýol — köpüň zady. Ýol müňlerçe adamyň azaby bilen gurulýar. Emma ol millionlarça adama, asyl-ha, nesillere hyzmat edýär! Ýol bir ýylda, bäş ýylda, on ýylda gurulýar. Emma ol asyrlara hyzmat edýär!”. Ine, awtobanyň gurluşykçylarynyň şygary, çelgisi. Şoňa görä-de, “halkara ülňi” diýen ikije sözde jemlenýän birgiden talaplaryň ählisi bu gurluşykda gyşarnyksyz berjaý edilýär.

Ykdysady ösüşleriň ýoly
Ýandepderçä düşen belliklere göz aýlaýaryn: “...Ykdysady hasaplamalara görä, dünýäniň jemi içerki önüminiň 6 göterimi ulag gatnawynyň paýyna düşýär. Dünýä ösüşinde, umuman, gatnawlaryň möçberi babatda awtoulag gatnawy gabaraly orny eýeleýär. Dünýä statistikasynyň maglumatlaryna görä, umuman, ýük gatnawynyň 40 göterime golaýy awtoulaglaryň paýyna düşýär. Ony dünýä ykdysadyýetiniň esasy maýalarynyň 20 göteriminiň ulag-logistik düzümi ösdürmäge gönükdirilýändigi-de görkezýär”. Onsoň, bu ýoluň äheň-ähmiýetini özüňçe degşiribermeli.
Aşgabat — Türkmenabat awtobanyna diňe bir awtoýol gurluşygy diýmek juda kemter gaýtmak bolardy. Dünýä tejribesinde hem awtobanlaryň halkara üstaşyr geçelgeler hökmünde meşhurdygyny hasaba alanyňda, bu taslama Türkmenistanyň halkara söwda-ykdysady gatnaşyklaryndaky ornuny has ösdürmäge täze badalga diýip bolar.
Milli gurluşyk senagatymyzyň kuwwatynyň daýanykly delili diýip bolar.
Tutuş uzaboýunda hereketi sazlamaga hyzmat etjek köp sanly binalardyr tehniki üpjünçilik desgalaryň, köprülerdir geçelgeleriň, ötükleriň ýokary tehnologiýalara esaslanýan, ykjam taýýarlygydyr uly tejribäni talap edýän desgalardygyny nazarda tutup, milli hünärmenler babatda-da, serişdeler babatda-da mäkäm binýadyň döredilendiginiň görkezijisi diýip bolar.
Iň esasysy-da, bu taslama milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Ösüş arkaly parahatçylyk” ýörelgesiniň, baky Bitarap döwletimiziň ýurtlary, sebitleri ýakynlaşdyrmak taglymynyň ýollarda açylmasydyr, anyk işlerde beýan tapmasydyr.

Binýat berkden tutulanda
Ir döwürlerde bir ussat halypanyň öz şägirtlerine mümkinçilikleriň çäksizdigi barada sapak berşi hakdaky tymsaly eşidensiňiz, megerem! Ol uly küýzäniň içine tokga-tokga iri daşlary ýerleşdirýär-de, “Küýze dolumy?” diýip soraýar. “Hawa” diýip jogap alansoň, oňa biraz ownugrak daşlary ýerleşdirýär. Ýene öňki sowal, öňki jogap: “Küýze dolumy?”. “Hawa”. Halypa soňra küýzä has ownugrak daşlary — çagyl guýýar. Soňra çäge guýýar. “Küýze dolumy?”. Şägirtleri indi “Doly” diýäýmäge ýaýdanýarlar. Halypa bularyň üstüne suw guýýaram welin, sygyp-ýerleşip dur. Munuň üstesine, duz guýýar welin, olam eräp-siňip gidýär... “Ine, görşüňiz ýaly, siziň mümkin däl diýýän zatlaryňyzda-da näçe mümkinçilik bar” diýip, halypa olaryň ömrüne ýeterlik sapak berýär...
Awtobanyň gurluşygy bilen tanyşmak, ýola asfalt ýazylyşyny synlamak meniň üçin şol gadymy sapagyň özboluşly gaýtalanmasyna öwrüldi.
Ilki bilen, ýoluň düşegi taýýarlanylyp, soňra geotekstil düşegi ýazylypdyr. Soňra iki gatly, ilki S-3 görnüşli 60 santimetrlik, soňra 20 santimetrlik S-6 görnüşli, onuň üstündenem 20 santimetrlik S-7 görnüşli çagyl-çäge garyndysy ýazylypdyr.
Ine, awtobançylar şu işleri kemsiz dynybam, indi dört aýyň içidir, asfalt ýazmak bilen meşgul. Asfalt ýazmak işi hem üç gat — üç tapgyrdan ybarat. Ilki 10 santimetr galyňlykda iri daşly, gyzgyn-öýjükli, soňra 7 santimetr galyňlykda aram, soňra 5 santimetr galyňlykda ownuk daşly asfalt ýazylýar. Şolaryň hersi üçinem ýoly ädimme-ädim geçmeli. Ýagyş-ýagmyr ýaganda, ýola suw ýygnanmazlygy üçin ýapgytlyk derejesini saklamak, ýola agram düşende jaýrylmazlygy, islendik howa şertlerine tap getirip bilmegi üçin maýyşgaklygyny, dykyzlygyny sazlamak ýaly birgiden hysyrdylary hem bar. Şol bir wagtyň özünde-de, awtoban gurluşygynyň esasy talaby bolan käsedäki çaý çaýkanmaz derejedäki tekizligi saklamak, ýoluň ýokary hilini üpjün etmekde-de yhlas gaýgyrylmaýar.
Onsoň, bu işiň, ylla diýersiň, haly dokan ýa iňňe bilen guýy gazan ýaly iňňän irnik, inçe işdigini bilibermeli. Kaka etrabynda gurnalan barlaghanada bolanymyzda, degişli önümleriň, materiallaryň nähili inçelik, irniksizlik bilen seljerilişine-ölçerilişine şaýat bolduk. Barlaghananyň müdiri, işine ezber zenan Arzygül Ilimowa daş käninden getirilen materiallardan başlap, taýýar önümleriň her biriniň döwrebap enjamlardyr tehnologiýalar arkaly barlanyşyny birin-birin gürrüň berdi, iş ýüzünde görkezdi. Önümiň hiline bolan talap diňe barlaghanadaky işler bilen çäklenmeýär. Asfalt ýazylandan soňam, her ýerden-her ýerden nusgalyk alyp, işler yzygiderli gözegçilikde saklanylýan eken.
Eýýäm ýoluň 30-dan gowrak kilometrinde asfaltyň ikinji gatlagyny ýazmak işi dynylyberipdir. Iň esasy aýtmaly zat, ýol gurluşygynda ulanylýan önümleriň tas ählisi diýen ýaly öz ýurdumyzyň önümleridir.

Ýol önümi ýolda önýär
Il içinde azaply-güzaply işe “Dagdan daş daşan ýaly” diýläýmesi bar. Ýol gurluşygynyň süňňi-süýegi bolsa gönüden-göni “dagdan daş daşamak” bilen bagly. Ýoluň gurluşygynda ulanylýan daşlar Gowşut, Guşgy, Duşak, Buzaryk, Ajykäriz känlerinden alynýar. Daşlaram, ýerleşýän ýerine görä, hil-hil oguşýa, bu hakda oýlanybam görmändiris.
Daşlary gerekli önüme öwürmek işiniňem bu gurluşyga gatnaşýan hususy kärhanadyr hojalyk jemgyýetleriniň özleri tarapyndan gurnalandygyny aýtmaly. Ýoluň degişli ýerlerinde daş owradyjy zawodlaryň 13-si, asfalt, beton öndüriji zawodlaryň 10-sy, beton garyjy merkezleriň hem 7-si işledilýär.
Ine-de, Kaka etrabyndaky giň önümçilik meýdany. Bu ýerde daş owradyjy zawodlaryň üçüsi ýerleşýär. “Zawodlarda bäş görnüşli daş taýýarlanylýar. Olaryň her biri sagatda 500 tonna önüm berýär. Taýýar bolan önümler awtobanyň gurluşygyna, asfalt zawodyna... — degişli ýerlerine ugradylýar” diýip, tejribeli hünärmen Ybraýym Aşyrow gürrüň berýär.
Bu ýerden ýarym kilometr beýleräkde daş garyjy enjamlar gurnalypdyr. Daşlaryň äpet tereziler arkaly ölçenilişi-de, düzümleriniň ýörite kompýuter arkaly sazlanyşy-da özüne çekiji.
Bu giňiş meýdançada asfalt zawodlarynyň hem ikisi gurlupdyr. Zawodlardaky dynuwsyz işler, hereketi sabamaýan ýük ulaglarynyň tükeniksiz gatnawy seni-de öz gyzygyna-gyzgalaňyna dolaýar.

Menzilleri külterläp
Işleriň häzir, esasan, awtobanyň gurluşygynyň birinji tapgyrynyň 100 kilometrliginde alnyp barylýandygy beýleki böleklere heniz el degrilmändigini aňlatmaýar. Gürrüň berişlerine görä, ýokarda agzalan känlerden port (inert) materiallaryň uly mukdary alnyp, demir ýol ulaglary bilen degişli ýerlere, has anygy, Ýolöten etrabynda ýerleşýän gurluşyk meýdançasyna 846,6 müň, Repetek menzilindäki önümçilik meýdançasyna 138,5 müň, Zähmet menzilindäki önümçilik meýdançasyna 373,6 müň, Takyr menziline 255,8 müň, Ýaşlyk menziline 31,8 müň tonnasy daşalypdyr. “Gerekli daşyň agramy ýok” diýleni. Şunuň bilen birlikde, ýoluň üstki gatlagyny aýyrmak, ýer düşegini taslama boýunça bellenen derejä getirmek, Tejen, Babadaýhan etraplarynyň çäklerinde suwaryş ýaplaryny we zeý suw akabalaryny rejeläp, olaryň ýokary tizlikli awtoulag ýoluny kesip geçýän ýerlerini azaltmak maksady bilen, ýoluň 160 — 210-njy kilometrleri aralygynda suwaryş ulgamlary bilen bagly işler alnyp barylýar.
                                        ***
Awtobanlar ýokary tizlikli, şonuň bilen bir hatarda-da, howpsuz ýollar hasaplanýar. Şoňa görä-de, awtoban gurluşygy ýol hereketini dolandyrmak, elektron tor ulgamy, gyssagly kömek üçin telefon ulgamy, üýtgeýän maglumatlar tablosy, hyzmatlary dolandyrmak we wideogözegçilik ulgamy, töleg ulgamy ýaly şertleriň ornaşdyrylmagyny-da öz içine alýar. Optiki-süýümli geçirijiler ýoluň iki tarapyndan aýratynlykda çekilip, bu ugurda häzirden degişli işler alnyp barylýar.

Geçmiş geljege gol berýär
Ine, şeýle bir görnüş gözümde surat bolup galdy. Awtobanyň gyzgalaňly gurluşygyna gurşalan giň meýdança. Onuň gapdalyndan bolsa ýaňy dogup gelýän Güne tarap ümzük atyp barýan düýeleriň uzyn tirkeş-hatary. Giň düzlerde aga-ýana ýaýrap-ýazylyp ýörüşlerine, bu sähralara özlerinden özge eýe bardyr öýtmedik bolarly, ol janawarlaryň, bu ibirt-de-zibirtlige haýran galýan ýaly, äpet tehnikalara käte bir boýunlaryny süýndürip seredişlerini diýsene!..
Bu görnüş, göýä diýersiň, geçmiş bilen şu günüň täsin duşuşygy ýaly, gadymy hakydanyň döwrüň täze hakykatyna orun bermesi ýaly, köňülde geň-enaýy duýgy döredýär.
Eýse näme?! Bu ýerler heňňamlaryň dowamynda Beýik Ýüpek ýolunyň kerwenlerine geçit beren ýerler ahyry!
Biz, ine, yklymlara hözir beren şol şöhratly ýoluň şu günüň ruhunda gaýtadan dikeldilişine şaýat bolýarys.
Biz ýolugra awtoulaglara hyzmat ediş zolagynyň gurluşygynyň gidişini-de synladyk.
Awtobanyň ugrunda myhmanhanadyr naharhanaly, dükandyr dermanhanaly, ýangyç guýujy beketdir awtoduralgaly, şeýle-de beýleki zerur desgalary özünde jemlejek dynç alyş zolagy-da bolmaly. Olar, hakyt, gadymy kerwensaraýlaryň döwrebap keşbini ýada salar.
(Dowamy bar).
Kakamyrat REJEBOW.
“Türkmenistan”.