24-nji tapgyryň jemleýji duşuşyklary geçirildi

Ýurdumyzyň futbol çempionatymyzyň 24-nji tapgyrynyň jemleýji duşuşyklary geçirildi.
Paýtagtymyzda geçirilen duşuşykda ýaryş tertibiniň öňbaşçysy “Altyn Asyr” topary Türkmenbaşynyň “Şagadamyny” kabul etdi. Bu duşuşykda 4:1 hasabynda üstün çykan Ýazguly Hojageldiýewiň tälim berýän topary toplan 61 utugy bilen birinji orny eýelemegini dowam edýär. Bu duşuşykda üç gezek tapawutlanan Altymyrat Annadurdyýew derwezelere geçiren 30 topy bilen çempionatymyzyň iň köp tapawutlanan futbolçylarynyň arasynda öňdeligi eýeleýär.
Tapgyryň beýleki duşuşygy Balkanabatda geçirilip, onda ýerli “Nebitçi” “Köpetdagy” kabul etdi. Bu duşuşyk 3:1 hasabynda myhmanlaryň peýdasyna tamamlandy.
Ýurdumzyň futbol çempionatynyň 25-nji tapgyrynyň duşuşyklary 13-nji hem-de 14-nji noýabrda geçirilip, onda “Aşgabat” – “Merw”, “Energetik” – “Nebitçi”, “Şagadam” – “Ahal” hem-de “Köpetdag” – “Altyn Asyr” toparlary duşuşarlar.
 
24-nji tapgyryň duşuşyklarynyň netijeleri:
“Nebitçi” – “Köpetdag” – 1:3
Gollar: 32 Alibek Abdurahmanow (“Nebitçi”) – 24 Ýazgylyç Gurbanow, 56 (11 m.j.u.) Şiri Annaýew, 90+4 Yhlas Saparmämmedow (“Köpetdag”)
Duýduryşlar: 1 Myratberdi Berenow, 10 Serdar Tukiýew, 36 Aşyrgeldi Ylýasow, 47 Seýitmämmet Hojamämmedow (“Nebitçi”) – 12 Yhlas Saparmämmedow, 71 Elýas Akyýew (“Köpetdag”)
Meýdandan çykarylan: 55 Myratberdi Berenow, ikinji duýduryş (“Nebitçi”)
Geçirilen ýeri: “Sport toplumy” stadiony (Balkanabat ş.)
Duşuşygyň emini: B.Haknazarow (Aşgabat ş.)
Kömekçi eminler: B.Atdyýew (Tejen ş.), E.Ýazmyradow (Aşgabat ş.)
Ätiýaçdaky emin: A.Annamyradow (Balkanabat ş.)
Gözegçi emin: E.Ramazanow (Aşgabat ş.)
 
“Altyn Asyr” – “Şagadam” – 4:1
Gollar: 14 Farhat Italmazow (öz derwezesine), 69, 79 (11 m.j.u.), 88 Altymyrat Annadurdyýew (“Altyn Asyr”) – 83 Yhlas Magtymow (11 m.j.u.) (“Şagadam”)
Duýduryşlar: 9 Mekan Saparow (“Altyn Asyr”) – 12 Ýewgeniý Tkaçenko, 12 Daýanç Orazgulyýew, 36 Ýagmyrmyrat Annamyradow, tälimçi (“Şagadam”)
Geçirilen ýeri: “Nusaý” (Aşgabat ş.)
Duşuşygyň emini: A.Sapaýew (Daşoguz ş.)
Kömekçi eminler: H.Abdiýazow (Daşoguz ş.), Y.Kurambaýew (Daşoguz ş.)
Ätiýaçdaky emin: Ý.Jumamyradow (Aşgabat ş.)
Gözegçi emin: R.Pälwanow (Daşoguz ş.)
Çeşme: http://tff.com.tm