«Mende haýsy ukyp bar?»

Käbirimiz ukyp-başarnyklarymyza heniz kiçikäk göz ýetirip bilýäris-de, ykbalymyzyň çarhyny şol başarnyklara görä öwürýäris. Käbirimize bolsa takyk başarnygymyzy bilmek kyn düşýär. Eýsem, şeýle ýagdaýlarda näme etmeli? Belki, bu kynçylyk bilen ýüzbe-ýüz bolan okyjylarymyza aşakdaky basgançaklar kömek eder.
1. Etsem-petsemleriňiziň ählisini ýatlaň! Hawa, henize çenli etmek, amala aşyrmak islän, öňüňizde goýan maksatlaryňyzyň ählisini ýatlap, olary sanaw görnüşinde ýazyň.
2. «Eýe bolmaklary» we «Amala aşyrmaklary» tapawutlandyryň. Ähli etsem-petsemleriňizi ýazanyňyzdan soňra, olary iki topara aýryň. Goý, toparlaryň biriniň ady «Eýe bolmak» bolsun. Bu topara arzuw edýän, ýöne heniz eliňizde däl maksatlaryňyzy goşuň. «Amala aşyrmak» diýip atlandyrjak ikinji bir toparyňyzda bolsa, hakykatdan-da, başaryp biljek zatlaryňyz ýerleşsin. Mysal üçin, aýdymçy bolmak isleýärsiňiz, ýöne sesiňiziň oňa ýeterlik däldiginden hem habaryňyz bar. Emma siz aýdymlaryň sözlerini ýa sazyny ýazýan adam bolup bilersiňiz.
3. Täsirleriňizi ýazyň. Şu wagta çenli kimdir birine meňzemek isläpmidiňiz? Gurluşykçy agaňyza, mugallym aýal doganyňyza ýa lukman daýyňyza... Eger şeýle täsirlenme bolan bolsa, ony hem ýazgylaryňyzyň bir çetine belläň!
4. Siziň üçin näme ýakymly? Höwes bilen edýän işleriňiziň, güýmenjeleriňiziň sanawyny düzmäge çalşyň. Şunda çagalyk güýmenjeleriňizi hem ýatdan çykarmasaňyz, has gowy bolar.
5. Gerekmejeklerini saýhallaň! Hany, bir ýazanlaryňyzy okap çykyň! Hawa-da, şeýle bolýar, ikinji gezek okanyňyzda käbir gerekmejek maksatlar hem göze iläýýär. Ýöne heniz olary pozmaga howlukmaň. Gowy pikirleniň, belki, pozmak isleýän bölümiňiz haçan hem bolsa, birmahal siziň üçin ýakymly görnendir. Belki, (mysal üçin, lukman bolmak) şol bölümi kimdir biriniň täsiri bilen goşansyňyz. Özüňizi sanawda ýazylan ukyplaryň ählisinde göz öňüne getirip görüň. Haýsy has güýçli gelýär? Ine, şondan soň saýhallap başlaberseňiz hem bolar.
6. Çyzyp başlaň! Indi ähmiýetsiz ýa-da «ýorgana görä aýak uzadylmadyk» başarnyklary we maksatlary ýeke-ýekeden çyzyp başlamagyň wagty geldi. Elbetde, çyzylanlar çyzylar, galanlary galar. Ýöne heniz galdyrylanlary barada hem çynlakaý oýlanmalydygyny pikirlenýärsiňiz. Şeýle dälmi?!
7. Toparlara bölüň! Aslynda, indi bellikleriňizde, esasan, anyk maksatlar galdy. Olary ýene bir gezek okaň-da, pikirleniň: haýsy maksatlary bir topara goşup bolar? Olaryň haýsylary biri-birine meňzeş? Toparlara bölüň!
8. Her topara at goýuň! Toparlara ýene bir ýola üns bilen göz aýlaň we olary atlandyryň. Üns beriň: her at siziň tebigy ukyplaryňyz barada bir zatlar aýdyp bilse has gowy.
9. Toparlaryň arasyndaky baglanyşygy tapjak boluň! Ahyryna ýakynlaşýarys. Nobatdaky etmeli işimiz biri-birinden tapawutly toparlary baglap biljek esaslary gözlemek. Indiki sanawyňyzy toparlaryň atlary emele getirip biler. Bir toparyň emele gelmeginiň başga bir topara nähili täsir edýändigi barada pikirleniň! Şonda ugurlary aýry-aýry bolsa-da, hyýalyňyzdaky maksatlaryňyzyň biri-biri bilen baglydygyna göz ýetirersiňiz.
10. Ukyplaryň ýodasyny kesgitläň! Anyk maksatlaryňyzy kesgitlän ýa-da kesgitlemäge azda-kände ýakynlaşan bolsaňyz, olary durmuşa geçirmegiň mümkinçilikleri barada pikir ediň! Ilkinji bilmeli zadymyz bolsa, işiň ýa-da şahsy durmuşyň haýsy akabasy bize has ýakyn? Ukyby nirelerde we nähili ulanyp bolar? Belki, ukyplar birnäçe ugra degişlidir? Olary nädip baglamaly? Bu sowallaryň jogaby size iň dogry ýoly salgy berer.
■ Bir zady aýratyn aýtmak gerek. Bu ýazylanlar bir oturylanda ýa-da bir günde ediljek işleriň sanawy däl. Belki, bu basgançaklar siziň birnäçe günüňizi alyp biler. Belki, pikirlenmek üçin köpräk wagt sarp etmeli bolarsyňyz. Zyýany ýok. Esasy zat, goý, siziň gözlegleriňiz netije bersin! Ata-babalarymyzyň aýdyşy ýaly, «Özüni tanan — weli». Özümizi, ukyplarymyzy tanamak — ähli üstünlikleriň ilkinji basgançagy.
Maral AKMYRADOWA,
«Nesil».