Ynsan saglygyny goramak — sungatyň naýbaşysy

Onuň manysy täze açylan saglyk desgasynyň mysalynda aç-açan bolýar
Ussatlyk, sünnälik-nepislik bilen ýerine ýetirilen haýsydyr bir işe, köplenç, çeperleşdirip «sungat» diýip baha berýäris. Ylym ýa-da tehnika, esasan, zatlaradyr hadysalara täsirini ýetirse, sungat ynsanyň durmuşyna, duýgularyna, tutuş psihologiýasyna täsir edýär. Sungat diýlen düşünje inçeden, şeýle bir giň manyny öz içine alýar welin, iň gadymy döwürlerden başlap, häzirki günlere çenli onuň gerimi barha we barha giňemek bilen. Ynsan hemişe gözellige teşne. Gözel zatlaryň ählisi bolsa kämil sungat eserlerinde jemlenýär. Her gülüň öz ysynyň bolşy ýaly, sungatlaryň içinde iň peýdalysy, gymmatlysy hem naýbaşysy haýsyka? Haçandyr birmahal şeýle sowal bilen gyzyklanyp gördüňizmi?! Ýer ýüzünde näçe ynsan bolsa, şonça-da filosofiýa bar. Diýmek, jogaplar dürli-dürli bolup biler. Ýöne olaryň haýsydyr birini bijebaşy etmeli bolsa, megerem, pikirlenmezden, lukmançylygy saýlasak gerek...
Lukmançylyk — adamlary bejermek sungaty. Owal-ahyr kärdir hünärleriň içinde-de iň asyllylarynyň biri diýip saýlanylýany, hormatlanylýany. Giň geografik giňişlikleri gurşap alan häzirki adatdan daşary şertlerde lukmançylyk käriniň, ony ykbal edinenleriň arzysy hasam artdy. Eýse näme, olar iň ýokary gymmatlyk hasaplanýan adam bilen, adamyň saglygy bilen iş salyşýar ahyryn. Adamy jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy hasap edýän Türkmenistanda lukmançylygy, saglygy goraýşy ösdürmek boýunça bitirilýän işler bolsa, gönüden-göni döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ady bilen baglanyşykly. Asyl käri lukman bolan milli Liderimiz ýurdumyzyň baş saglyk strategiýasyny — «Saglyk» Döwlet maksatnamasyny işläp düzüp, türkmenistanlylaryň saglygyny goramak meselesine toplumlaýyn we hertaraplaýyn çemeleşmegiň geljekki çelgilerini kesgitledi.
Düýn hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda açylyp, ulanylmaga berlen Ahal welaýat Ýokanç keseller hassahanasy ýurdumyzyň saglygy goraýyş maksatly desgalarynyň üstüni ýetirip, adam hakyndaky aladanyň birjik-de ünsden düşürilmeýändigini, onuň döwlet syýasatynyň esasy özenidigini aýdyňlygy bilen görkezdi. Ýaňy bir aý mundan ozal, Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli paýtagtymyzda Halkara ýanyk şikeslerini bejeriş merkeziniň hem-de Estetiki merkeziň täze binalary açylyp, halkyň hyzmatyna berildi. 6-njy noýabrda bolsa, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Bagabat jülgesinde gurlan «Bagabat» şypahanasy gapylaryny giňden açdy. Ynsanyň baş baýlygy hakynda ýurt derejesinde bimöçber tagalla edilende, ine, hut ýokarda agzalan desgalar kimin saglyk merkezleriniň hatary gitdigiçe uzaberýär...
GELIŇ, SAGLYGY GORAÝYŞ MAKSATLY TÄZE DESGANYŇ MÜMKINÇILIKLERI BILEN ÝAKYNDAN TANŞALYŇ!
■ Milli Liderimiziň gatnaşmagynda dabaraly açylan Ahal welaýat Ýokanç keseller hassahanasynyň 3 gatly binalar toplumy 200 orna niýetlenip, onda lukmançylyk kömegini bermek üçin ýöriteleşdirilen bölümleriň 10-dan gowragy hereket edýär:
► kabul ediş bölümi;
► barlaghana bölümi;
► funksional-anyklaýyş bölümi;
► operasiýa geçirilýän, reanimasiýa we dogrum bölümi;
► fizioterapiýa bölümi;
► dispanser gözegçilik bölümi;
► wirusly gepatit keseli bölümi;
► ýokary dem alyş ýollarynyň ýokanç keselleri bölümi;
► içege ýokanç keseller bölümi;
► aýratyn howply, howa we damja arkaly geçýän ýokanç keseller bölümi;
► hojalyk hasaplaşyk bölümi.
■ Hassahanada Germaniýanyň, Şwesiýanyň, Italiýanyň, Fransiýanyň, Ýaponiýanyň, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň, Günorta Koreýanyň, Niderlandlar Patyşalygynyň, Çehiýa Respublikasynyň, Beýik Britaniýanyň hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň lukmançylyk enjamlaryny öndürýän kompaniýalarynyň öňdebaryjy innowasion lukmançylyk we tehniki enjamlary hem-de saglygy goraýyş maksatly serişdeleri ornaşdyryldy.
► Kabul ediş bölümi 5 sany aýratyn otagdan ybarat bolup, dürli ýokanç keselli näsaglary aýratynlykda kabul etmäge we ilkinji saglygy goraýyş kömegini bermäge niýetlenendir.
► Funksional-anyklaýyş bölüminde iň kämil enjamlar bilen enjamlaşdyrylan ultrases anyklaýyş, Şwesiýa döwletiniň «Schiller» kompaniýasynyň önümi bolan 12 kanally «Cardiovit AT-102 plus» we 3 kanally «Cardiovit AT-101» ýüregiň işleýşini ýazgy ediji (EKG) enjamlary bilen üpjün edilen elektrokardiografiýa, keselleri doly derejede anyklamaga mümkinçilik berýän rentgen otagy, bagyrdaky zeperlenmeleri doly we takyk anyklamaga mümkinçilik berýän fibroskan, Ýaponiýanyň «Fujinon» kompaniýasynyň enjamlary oturdylan endoskopiýa otaglary bolup, olar näsaglaryň keselini dessin we hemmetaraplaýyn anyklamaga ýardam berýär.
► Hassahananyň barlaghana bölümi Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň, Germaniýanyň, Singapuryň iň kämil barlaghana enjamlary bilen üpjün edilip, onda kliniki barlaghana, biohimiýa, bakteriologiýa, molekulýar-genetika, immunologiýa otaglary hereket edýär. Olarda ganyň we peşewiň umumy barlaglaryny, ganyň biohimiýa, immunoferment, serologiýa, parazitologiýa, bakterioskopiýa, molekulýar genetika, polimeraz zynjyrly reaksiýa barlaglaryny geçirmek üçin ähli şertler bar. Barlaghananyň hünärmenleriniň kämil bilim derejesi çylşyrymly kompýuter programmasy arkaly laborator barlaglary geçirmäge mümkinçilik berýär.
► Fizioterapiýa bölüminde ýokary dem alyş ýollarynyň kesellerini, nerw, peşew-jyns, deri we süňk ulgamynyň kesellerini bejermäge mümkinçilik berýän «Endolazer 422», «Endomed 684 V», «Curarpuls 970», «Radarmed 650+», «Sonoplus 492», «BTL 5920» ýaly dürli görnüşli lukmançylyk enjamlary ornaşdyrylypdyr.
► Dispanser gözegçilik bölüminde bolsa, näsaglar hasaba alynýar hem-de gözegçilikde saklanýar.
► Ýatymlaýyn bölümlerde ulularyň we çagalaryň ýokanç kesellerini bejermek boýunça aýry-aýry ugurlar göz öňünde tutulypdyr. Näsaglaryň ýatymlaýyn otaglary bir we iki adama niýetlenip, olar aýratyn şahsy gigiýena otaglary hem-de beýleki ýaşaýyş üçin oňaýly bolan şertler bilen doly üpjün edilendir.
► Operasiýa geçirilýän, reanimasiýa we dogrum bölüminde näsaglara gaýragoýulmasyz saglygy goraýyş kömegini bermek we bejermek, ýokanç keselli göwreli aýallarda dogrum döwründe dogrumy kabul etmek üçin ýöriteleşdirilen otaglar bar.
► Hassahananyň ugrunyň ýokanç kesellere niýetlenendigine garamazdan, näsaglarda hirurgiýa ugry boýunça mesele ýüze çykan ýagdaýynda, beýleki hassahanalara geçirilmezden, gaýragoýulmasyz hirurgiýa boýunça lukmançylyk kömegini bermek hem-de hirurgiýa amallaryny geçirmek üçin ähli amatly şertler göz öňünde tutulypdyr.
■ Ahal welaýat Ýokanç keseller hassahanasynyň gurlup, ulanylmaga berilmegi ýurdumyzyň saglyk strategiýasynyň maksatlaryny amal etmekde ädilen ýene bir ädimdir. Munuň özi adam hakyndaky, ynsan saglygy hakyndaky aladanyň miwesidir, belent ykrarydyr. Şeýle döwrebap saglygy goraýyş merkezlerini bina etmek bilen, döwletimiz her birimiziň saglygymyz hakynda yzygiderli alada edýär. Şol aladalara mynasyp jogap bermek bolsa, biziň borjumyz, jogapkärçiligimiz, ynsanlyk parzymyzdyr.
Sahypany taýýarlan Aýgül RAHYMOWA,
«Nesil».