Ýagyş ýagan gijesi

(Esse)
Säher bilen okyjylaryna ýetmeli gündelik gazetiň ýarygijedenem agaýýan hysyrdysydyr jogapkärçiligi ýetik nobatçylygynyň birýüzli bolaýan uçurlary, işi birýaňalak eden adamlar öýe aşmak niýeti bilen lifte tarap haýdaýarlar. «Il hanjak bolsa, senem şonçak» diýlişi ýaly, hamala, galyp barýana dönüp, haýdaşladym. Daş işige ýetenimde weli, «Baý-buw!» diýip, kürtdürip duruberipdirin. Ilkagşamky Aşgabat agşamyndan nam-nyşan ýok. Ýapaja ýagýan ýagyş damjalary iş ýeriniň daş işiginden başlanýan, giň meýdançany sarymtyldan aksowult nuruna gark eden çyralaryň yşygyna ýyldyraşyp, ýarygijeden soňky güýz asmanyndan çisňeýän damjalar ýagyş damjalaryna däl-de, ylla, Asmangözeliň boýnundaky dür monjuklary üzülip, ýere gaçyp duran kibidi. Adatça, üzülýän zatlaryň hemmesine gyýlyp ýörülmeýär.
Mysal üçin, bagşynyň:
— Oýun etdim, ýar monjugy üzüldi,
Üzenim ýadyma düşüp aglaryn
— diýip, zar-zelil bolmasy geň. Oýun edipsiň, taň edipsiň, monjuk üzülse, üzülipmiş-dä! Özüňe galsa-ha, onuň üçin bozulyp, gyýlyp ýörmän, gaýta begeniläýjek ýaly. Näme üçin diýýäňmi? Üçini belli. Seniň köňül saraýyňda onuň özünden başga birine ýer ýokdugyny ynandyrjak, özem dessanlardaky ýaly, hyýalylygy ýetik däl-de, magşuga özüňi ykrar etdirmäniň iňňän durmuşy sebäbi tapyldy ahyry! Öýleri duýaýmanka, monjugy gözleş, çöpleş, sapaga düzüş! Bardy-geldi, tükelletmese, eger şol monjuk göwher bolaýanda-da, dünýäniň malyna durýan bolsa-da, alyp bermäge kaýyldygyňy aňdyr!
Häzir Asmangözeliň boýnundan üzülip gaýdýan monjuklaryny onuň garader roýundan syrygýan der damjalaryna ýa-da süllümbaý bolansoň, ýerligi bulutdan köýneginden syrygýan damja ogşadasym geldi. Hawa, odun, ýüp, tama, umyt... ýaly adam ogluny adam hatarynda goýýan, ertirlerine ruhlandyrýan zatlar bolaýmasa, üzülýän zatlaryň hemmesine gyýlyp ýörülmeýär, gaýta begenilýänem eken.
Men häzir begenýän. Bu güýz gijesinde begenýäniň ýalňyz özüm däldigine-de begenýän. Şeýle ajaýyp gijede her kes bir ýagşy işiň yşkynda, menem Asmangözeliň yşkynda. Onuň boýnundan üzülen monjugyny derlän meňzinden, bulutdan geýen öl-suw köýneginden syrygýan damja meňzedip, synlap durun. Özem begenýän, begenmezçe-de däl. Paýawlaberen güýz nire, baharyň ortaky aýynyň mahmal ýaly, ýumşaksy howasyna berimsiz ýagynly gije nire? Beýle siňňin ýagnyň, çisňeýän ýagşyň aşagynda penjegiň daşyndan padar bolaýmanda-da buýjak, süllümbaý boljak aladaň ýok. Şonda-da ýakymly howanyň keýpine öýe çenli pyýadalamakçy bolsaň, ätiýajy elden bermedik ýagşy. Beýle howada ulagly gitmek iňňän seýrek duşýan lezzetden meýletinlik bilen el ýuwmak ýaly bir zat boljakdy. Çoganlynyň namazarkasyndaky öýe çenli ýap-ýap ýöräniňde, 4-5 minudy kem 2 sagat pyýadalamaly. Sagat bolsa üçe dört minut bar, pyşdyllap ýöräniňde, il örmänkä barýaň. Onsoň ýakymly, ýagynly güýz gijesiniň şonça wagtlyk lezzetinden ýüz öwresiň gelenok.
Şeýlelikde, öýe çenli pyýadalamagyň hyýalyna münen adam özüňe belli, öwrülip ýokaryk, 3-nji gata çykdym-da, ätiýaçdan iş ýerimdäki şkafda goýýan tahýamy goltuk jübime dykdym. Ikilenç ýola düşdüm. Ýol diýýänim il içinde «Çoganlynyň köprüsi» diýilýän ýere çenli iki ýany egin deňläp oturan hatara dükanly, Metbugat öýi toplumynyň gaýrasyndan geçýän Garry Kulyýew köçesi. Ýolaýryt, ýol-kommunikasiýa ulgamy babatda iň soňky gazanylanlar ulanylan köçäniň ugrundaky hatar bolup gidýän hatja çyra sütünleri sütüne däl-de, maşk edýän ýa-da «Geleweriň!» diýip, goluny bulap duran adama meňzedesiň gelýär.
Garagum derýasynyň ileri ýakasyny jähekläp uzaýan bu ýol birwagtlar howa sähel «Üf!» etse ýel, çaň, «Şit» etse palçykdy.
Indimi?! Indi bu ýollary görmäge göz, özüňkiligi üçin eýemsiremäge, begenmäge çuňňur watançylyk, iňňän ýagşy niýet-päl gerek. Beýle diýildigi, il-günüň, halkyň, Watanyň bähbidi üçin «Sen» diýip adyňy tutsalar, senem şol «Sen» diýilýän boljak bolup, buýrulan ýumşuň ugrunda tigirlenibermelidigini aňladýar. Bu agzybir halkyň ogul-gyzy bolsa, şeýle işjeňligi, egsilmez watansöýüjiligi bilen tanalýar.
* * *
Toý edip, agyr märekäni sowan öýleriň gapysy hernäçe arassaçyldyryn öýtse-de, zir-zibil, akan-dökänlik bolup, sübseläp, çalgylap, ýuwup-ardyp, argylap çykýançaň, laň duruzýar.
Biziňkiler ýadap kese ýykylýanam bolsalar, (toý ýadawlygy ýakymly ýadawlyk ahyry!) öýüň içini-daşyny argylap, toýuň öňüsyrasyndaky görnüşine girýänçä tämizleýärler. Onsoň heniz toýuň bezegindäki öý iňňän howalaly görnüp, entek toý lybasyndaky öý eýeleriniň ýüzleri ýene bäş sagat gowrakdan dogjak Gün ýaly kuýaşy bolýar. Edil häzir ýarygijeden soňky şäher arassalanyp, argylanyp, ýag döküp ýalabermeli edilen toý ýeriniň arassaçylygydyr bezelişini ýada salýar. Şeýle dabaralylykdyr howalalylygyň, toýa şaýlanýan ýigitlerdir gyz-gelinler deý bezemenligiň, argylamagyň diňe paýtagtymyza däl-de, tutuş ýurda mahsusdygyny göz öňüne getireniňde, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesi hakydaňa gelýär. Garagum derýasy bilen ugurdaş ýolda pikir derýasyny boýlap barşyma ýuwaşja gelip, deňimde saklanan ýeňil ulaga tarap öwrüldim. Sürüjidir gapdalynda oturan ikisi iki ýerden salam berdi. Yzyndanam «Nirä-de, nirä?» boluşdylar. Ýeri, gijäniň bu biwagtlygynda işden soň nirä boljakmyş, elbetde, öýe.
Niräligi aýdylmasa-da, äkidesleri gelýänleri çyn bolarly.
Sürüjiniň gapdalynda oturanyň sesi eşidildi:
— Daşmy?
— Il-günüň «Kitap» diýip goýberýän Erkin döredijilik mekanyndan Çoganlynyň namaz arkasyndaky öýüme çenli on alty ýarym kilometr. Bärden näçeligini hasaplap göremok.
Sürüjiniň başam barmagy çommaldylgy çep eli ýagyşly gijede, ýagty ýoluň ugrunda uzakdan has owadan görünýän Metbugat öýi toplumynyň binasyna uzanda, sesi göwnüme bolmasa, ötünçliräk äheňde, has ýakymly eşidildi:
— Hä-ä, redaksiýadan diýseňizläň! Işden gaýdyp barşyňyz bolsa, biz saklanyp dogry edipdiris. Ýadawsyňyz.
— Kyrk töweregi kilometrlik çopan goşundan hiç ýerde dyz epmän, ylgaşlap diýen ýaly öýüne aşyp bilýän adama Çoganlydaky öýi daş däl. Adamyň iň golaý zadynyň biri öýi ahyry!
Sürüjiniň gapdalynda oturan geň galdy.
— Ol biziň Gökdepämize (çaky olar gökdepeli bolarly) golaý ýol ahyry! — diýdi-de, süýjümtiklik bilen sözüniň üstüni ýetirdi: — Hydyr gören sähralar-a sähra jandyr-la!
Ulaglylaryň ýagşylyk edesleri gelýäni gara çynlary bolarly. Iň soňky ýapyşalga tutundylar.
— Eziläýmeseňiz...
— Wah, maňa geregi şo. Ezilmek üçinem pyýadalap barşym. Bujagaz çisňewiň süllümbaý edip, buýdurjak gümany ýok.
Ýagşylyk ediljek bolunýan kişini erjel gördülermi ýa yrjal, bilmedim, ýöne haýran galýan ýaly baş ýaýkadylar.
Gepiň gerdişine görä söz atdym:
— Göwnaçyk ekeniňiz. «Göwnaçygyň ýoly açyk» diýýä. Siziňem barmaly ýeriňiz bäri-bäri däl ýaly. Ýoluňyz ak bolsun!
Olar ýerli-ýerden:
— Bolýa-da, sizem sag-aman baryň! — diýşip, bat bilen ugransoňlar, çaga dili bilen aýdanyňda, ulaglaryny düýdüldedip goýberdiler. Olaryň biriniň «Hydyr gören sähralar-a sähra jandyr» diýen sözleri göwnüme bolmasa, henizem eşidilýän ýalydy.
Ýarygijeden soň, daňyň öň ýanynda, könekiler aýtmyşlaýyn, perişdeleriň gelýän çagynda owadan, bezemen, tämiz paýtagt şäheriniň bu ýagty köçesinden barýarkaň, özüňi gaýdyp hiç haçan dolanmajak çagalykdyr bile okan deň-duşlaryň, iňňän ynanyşýan, juda az dostlaryň, bir sagat töweregi mundan öň hoşlaşan bolsaň-da, käbiri eýýäm küýselýän işdeşleriň arasynda ýaly duýmagyň lezzeti kimin lezzet känem däl. Gulagyma biri pyşyrdaýan ýaly bolýar.
Göz gytagymy aýlasam, sagymda başy silkme telpekli bolansoňdyr-da, boýy menden dartygrak görünýän, egni iki gat düýe ýüň çäkmenli, aýagy çokaý-dolakly, jowur ak sakgally, peşeneli, abaýpoş biri gapdallaşyp barýar.
— Salawmaleýkim! — diýdim. Zeruryýetlik bolmasa, adamyň ýüzüne juda dikanlamak edeplilik däl. Şeýle bolansoň ýene gözümiň gytagyny aýladym. Agzynyň gymyldysyndan aňan bolsam, «Waleýkim!» diýäýdi öýdýän. Soňam:
— Men — ata-babalaryň ruhy. Hydyr gören diňe sähralar däl, Hydyr aleýhissalamy şu halkyň özem gören bolmaly. Döwlet Baştutanyňyzyň halkyň alnyndan Hydyr ata bolup çykandygyny men aýtmaly däl.
— Hawa, biziňkiler ony bilýär — diýjek bolup, sagyma seretsem, gapdallaşyp gelýän aksakgal kişi eýýäm zym-zyýat. Bu ahwala düýşdür öýtsem, men oýa, ýöräp barýan, huş diýere-de hany onda, ýaňky gapdallaşyp gelýän kişi?! Bu — işden soňky ýadawlykdanmyka?
Beýle owadan güýz gijesinde ýadawlyk nire, pyýada diýer ýaly däl, gaýta süňňüň ýeňleýär. Aýagyň ýere degmeýän ýaly. Häli ýolda ýolugyp, gaýyp bolan kişiniň döwlet Baştutanymyzyň halkyň alnyndan Hydyr bolup çykandygy hakdaky sözleri henizem gulagyma gelip duran ýaly. Hormatly Prezidentimiziň «Meniň ähli aladam halkym bolar» diýen sözleriniň näderejede durmuşylygyny bolsa, ynha, paýtagtyň häzirki owadanlygy, tutuş ýurduň ajaýyp keşbi tassyklaýar. Dek düýn bolmasa-da, bäş-üç günlükde S.Türkmenbaşy we A.Nyýazow şaýolunyň çatrygynda açylyp, ulanylmaga berlen ýerasty awtomobildir pyýada geçelgeleri, onuň üstünde gurlan «Mahabat» binasy şonuň mysalydyr.
S.Türkmenbaşy şaýolunyň ugrundaky «Diwan» myhmanhanasy paýtagtymyzyň görküne görk goşmak bilen, adam hakdaky aladanyň-da alamatydyr. Awtoulag kärhanalary toplumydyr Awtoulag mekdepleri birleşiginiň okuw-türgenleşik merkezi, aýdylyşy ýaly, döwrüň iri taslamasydyr. Paýtagtyň görküne görk, il-günüň, halkyň, ýurduň abadançylygyna abadançylykdyr.
Şeýle oý-pikirlere gümra bolup barşyma, köprä tarap öwrülenimem şol, ýeňil ulaglylaryň ýene biri deňimde saklandy. Gapy açylyp:
— Müneweriň! — diýen ses eşidildi. Görsem, tanyş ýüz, obadaşlaryň biri.
— Şu gün hemmeler dilleşen ýaly-aý — diýdim. Ol degişýändir öýtdi.
Anyklyk üçin sözüň üstüni ýetirmeli boldy:
— Ýaz ýaly howa adamlaň göwnünem özüne öwräýýär öýdýän. Ýaňy 10-20 minut öň ulagly biri öýe eltip gaýdarman boldy. Ýörite pyýadalap çykandygyma geň galýarlar. Häzirki howada ýöremek ýakymly, münsem orta ýolda sözden dändigim bolar. Söz — lebiz. Ol özge birinemi ýa öz-özüňe berlenmi — parhy ýok, soňunda durjak bolmaly. Sylanyňyza sag boluň, ýöräberiň, menem pyýadalabereýin.
Bilmedim tötänlikmi ýa ýörite, geçip barýan ulag tarapyndan:
— Ýagyş ýagan gijesi —
diýen tanyş aýdym sesi geldi. Tanyşlyk ýaly ýakymly zat ýok, onuň dowamyna hiňleniberipdirin...