Täsinlik: bir hyýar — 30 kilograma ýakyn

Saýat etrabynda dünýäde iň uly hyýarlar ýetişdirildi. Etrabyň ýaşaýjysy Hemra Babaýewiň bakjasynda uzynlygy 1 metre, agramy 30 kilograma golaý hyýarlaryň üçüsi ýetişdi.
Internet sahypalarynda Beýik Britaniýadan Alf Kobb atly biriniň 2003-nji ýylda uzynlygy 92 santimetre, agramy 12,5 kilograma ýetýän hyýar bilen Ginnesiň rekordlar kitabyna girendigi aýdylýar. Onuň watandaşy Ragbir Sagbera atly fermeriň ýetişdiren hyýarynyň uzynlygy bolsa 129,54 santimetre ýetdi. Täsinlikler neşirinden bu hyýara-da orun berildi. 2010-njy ýylda ýetmiş sekiz ýaşly britaniýaly Klers Pirs uzynlygy 119 santimetre ýetýän hyýary ýetişdiren hem bolsa, degişli maglumatlary wagtynda ugradyp bilmändir. Şeýdip hem bu hyýar rekord hökmünde hasaba alynmandyr. Amerikaly Butçu Toltanu bolsa uzynlygy 109 santimetrden geçýän hyýary ýetişdirse-de, ol baradaky maglumatlary degişli edaralara ugratmakdan ýüz öwürýär.
Eger uzynlygy 92 santimetrlik, agramy 12,5 kilogram bolan hyýar täsinlik hökmünde ykrar edilen bolsa, saýatly bakjaçy Hemra Babaýewiň ýetişdiren hyýarlary hem şondan başga zat däl. Hyýarlaryň iň ulusyny ölçäp görenimizde, agramy 27 kilogram 134 grama ýetdi. Uzynlygy 96 santimetr bolan hyýaryň diametri 83 santimetre deň.
Etrapdaky 3-nji «Şöhle» çagalar bagynda ussa bolup işleýän Hemra aga indiki ýyl 70-i tegelemeli. Obadaşlarynyň gürrüň berşi ýaly, öýi bilen çagalar bagynyň arasyndaky 4,5 kilometrlik ýoly her gün iki gezek pyýada, özem ýarym sagatda geçýän ýaşuly maşgalasy Zöhre daýza bilen birlikde, mundan birnäçe ýyl ozal, etrap tehniki hyzmat ediş kärhanasyna degişli meýdandan 0,20 gektarlyk ýeri şertnamalaýyn esasda alyp, bag ýetişdirmek bilen meşgullanýar. Tüweleme, olar bu ýerden ýylyň-ýylyna gowy hasyl hem alýarlar. Bagda armyt, ülje, injir, erik, garaly ýaly agaçlaryň 100-den gowrak düýbi ösüp otyr. Agaçlaryň aşagyndaky uly bolmadyk ýerde gök-bakja önümlerini, şol sanda ýertudanany hem ýetişdirýärler. Ýakynda gurlan agylda mal saklaýan Hemra aga olaryň dersini ýere dökün hökmünde ulanýar.
Täsinlik ine, şol agyl bilen bagly. Bir sebäp bilen hyýaryň biýarasynyň bir goly çyrmaşyp-çyrmaşyp, agylyň depesine baryp ýetäýipdir. Şeýle bolanlygyndan öýdäkileriň ählisi habarsyz galypdyr. Bir gün Hemra aganyň ogly Merdan bir sebäp bilen agylyň üstüne çykanda, gözi täsinlige düşýär. Ine, saňa her biri bir gujak bolup ýatan üç sany äpet hyýar! Birbada gözüne ynanmadyk Merdan ýagdaýy kakasyna habar berýär. Tejribeli Hemra aga ogluna hyýarlara degmezligi, ýene biraz garaşyp görmegi, olara ideg etmegi tabşyrýar. Şeýlelikde, ýedi aý töweregi baldagynda duran hyýarlar 30-njy oktýabr diýlen güni ýolundy.
— Tötänlik bilen ýertudana ekilen joýa hyýaryň tohumy düşäýipdir. Onsoň bizem ýertudana näme dökün bersek, hyýar hem şondan iýmitlendi. Ine-de, netijesi! — diýip, Hemra aga ýylgyrýar.
Hyýarlaryň iň kiçisiniň agramy 21 kilograma ýetýär. Ortanjysyny bolsa ölçäp hem oturmadyk.
Bu — ene topragyň täsinligi. Baldaklary adam boýundan ep-esli beýik agylyň üstüne çykaryp bilen toprak gudratyny gözden gizlin amala aşyrdy. Bu gün bolsa bu gudrat hemmeleri haýran galdyrýar.