Öýüm bar — ülkäm bar

Paýtagtymyzdaky ýaşaýyş jaý toplumynyň 16-njy tapgyry ulanylmaga berildi.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe her bir türkmen maşgalasynyň abadan durmuşda, ýaşamak üçin juda oňaýly jaýlarda rahat ömür sürmegi, agzybirlikde öz çagalarynyň geljegine guwanmagy hakynda düýpli aladalar edilýär. Bular döwletiň hem, agzybir türkmen jemgyýetiniň hem esasy aladasydyr. Çünki öý-ojak ynsanyň örküniň baglanan mukaddesligidir. Ynsanyň dünýä yhlasy, gözellige söýgüsi onuň öz öýüne bolan gatnaşygyndan başlanýar. Öý gurmak mukaddeslik ojagyny bina etmekdir.  Türkmen öýi — türkmen paýhasynyň dünýä inýän giňişligidir.
                                        * * *
Öýi ynsanyň özüni diňlemäge, köňül gözüniň aýan eden hakykaty hakynda özi bolup oýlanmaga mümkinçilik berýän ýerdir. Hut şonuň üçinem il-halkymyz öý-ojagyň rahatlygyna hemişe sarpaly garaýar. Öýde seniň üçin iň mähribanlaryň, aladaňy edýän janköýerleriň bolmagy hem küýsegdir.
Bu buýsançly sözler hepdäniň sişenbe güni hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen Aşgabady ösdürmegiň 16-njy tapgyryndan öýli-jaýly bolan ildeşlerimiziň her biriniň köňül kelamyna öwrüldi. Bu tapgyryň işine milli Liderimiziň badalga berenine entek köp wagt geçmedigem bolsa, tüweleme, Magtymguly şaýoluny günbatarlygyna dowamata sapan mermer jaýlar ulanylmaga berlip, paýtagtymyzyň gözelliginiň üstüni ýetirdi. Türkmen gurluşykçylarynyň ussat elleri bilen, kerpiçme-kerpiç, basgançakma-basgançak beýige galan döwrebap, kaşaň, owadan binalar, giň şaýoluň sakçysy ýaly bolup oturan türkmen alabaýynyň äpet heýkeli, göýä, halkymyzyň gül açýan durmuşynyň şaýady bolup görünýän «Gül zemin» dynç alyş we söwda merkezi kalbyňy ýakymly duýgulardan dolduryp, ýüregiňi heýjana salýar. Eziz Diýarymyzyň baky Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllyk toýunyň öňüsyrasynda täze ýaşaýyş jaý toplumynyň açylyşyna Gahryman Arkadagymyzyň ak pata bermegi bolsa, oňa gatnaşyjylaryň her birine egsilmejek şatlyk eçildi. Türkmenem näme, bular ýaly uly toýy, heý-de, deňinden tomaşasyz geçirjekmi?! Tutuş şaýoluň ugry şatlyk-şagalaňa beslendi gidiberdi. Dilleri: «Atam jan», «Arkadag» diýip dür saçan goşguçy balajyklar, gadymy döwürlerden bäri halkymyzyň mukaddes ojagynyň sakçysy bolan türkmen itiniň wepadarlygyna bagyşlanan sahnaly aýdym, ýaşajyk çapyksuwaryň at enjamlary bilen üpjünlenilişini beýan edýän çykyşlar, «Bäbek toýy», «Gelin toýy», «Galpak toýy» bilen utgaşdy-da, halkymyzyň gadymy däp-dessurlaryndan söhbet açdy. Ýaş ýigitler Watan gullugyndan dolanyp gelende, buýsançdan ýaňa bir gez beýgelýän ata-eneleriň nurana keşpleri açylyş dabarasyna aýratyn görk berdi. Eziz topragyny jan-tenden söýýän türkmeniň milli aňyýetiniň özenine öwrülen watansöýüjilik — binýady berk ýurdumyzyň soňlanmajak aýdymydyr. Ine, açylyş dabarasyna gatnaşyp, şunça toý-tomaşany, şatlyk-gülkini bagyşlan pursatlaryň täsirini şeýle döwrebap binalardan öýli bolan ildeşlerimiziň göwün terezisi bilen ölçemek isläp, biz döredijilik toparymyz bilen Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligine degişli bolan jaýa gadam basdyk. Olar ähli amatlyklary bolan täze otaglarda begençlerinden ýaňa gözlerini şatlyk nemlerinden dolduryp oturyşlaryna, Gahryman Arkadagymyzy ak alkyşlara beslediler.
Gül öwüsýän Zemin bilen mawy asmanyň arasyna dikilen altyn sütüne çalymdaş mermer binalary synlap bolsa, şahyryň: «Türkmenimde toý bolar, // Hatar-hatar öý bolar» diýen setirlerini hut şu pursat üçin döredilen ýaly duýduk. Gaty dogry aýdylan jümle, bir ylahy gün, şahyry heýjana salan setirler bolmaly bular. Sebäbi öýlerimiz toýlardan başlanýar ahyry. Türkmen ogul öýerip, gyz çykarmagyň ömürboýy arzuwynda. Gelin bolup, al-ýaşyl geýnen zenanyň oguljygynyň «elini halalladyp», mekdebe ugradan gününden başlap, ajarlyja zadyny özüne dözmän, gelni üçin niýetleýäni ýalan däl. Ýaňy ýigitlikden saýlanyp, birki çaga kaka bolan oglanyň daşyndan diýmese-de, göz çaky bilen nireden mellek alyp, perzentleriniň birini ýerli-ýurtly etmek, haýsy ogluny ýanynda alyp galmak barada pikirlenýäni hem çyn. Şol sebäpli-de türkmen: «Öý tutup ber ogluňa!» diýýändir. Öýlendirip — öý tutmak, ýerli-ýurtly etmek — toýly günlere tarap ugrukdyrmak dälmidir eýsem?! Goşa-goşa öýler syrgyn-syrgyn oba bolýandyr. Kowçum-kowçum obalar ülkelere öwrülip, nesil ýaýrawy dowamata sapýandyr. Türkmen üçin öý — öwlüýä, öý — kerem-keramat. Eziz öýlerimize maşgala bagtymyzyň syry, şatlyklarymyz we gussalarymyz siňýändir. Özem biziň öýlerimiz rahatlygy, asudalygy bilen şeýle bir wepalydyr welin, hiç zadyň çeni-çaky däldir. Ykballarymyzyň ýatdan çykmajak pursatlary, çagalarymyza aýdylan söýgüli sözlerimiz, ýanýoldaşymyza degşip aýdan henek-ýomaklarymyz hut öýlerimiziň diwarlaryna bezeg kimin siňip, biziň ömür kitabymyzyň sahypalaryny galňadyp barýandyr. Şol kitaplaryň manyly, gyzykly, ünsüňi çekiji bolmagy hem özümize baglydyr. Şol sebäpli-de parasatly halkymyz täze öý-ojak edinmek, ýurt tutunmak baradaky keremli arzuwlaryny milli däp-dessurlarymyza siňdirip, biziň günlerimize ýetiripdir.
■ Ýaş maşgala täze jaýyna göçüp baransoň, toý tutupdyrlar. Goşa-goşadan gazan atarylyp, märeke ýygnalypdyr. Oňa «tam toý», «jaý toý» diýlipdir. Toýa gelenler: «Ýurduňyz garşy alsyn! Jaýyňyz gutly, döwletli-düşümli, ogully-gyzly bolsun!» diýip, ýagşy dileg edipdirler. Öý eýesi begenip: «Taňryýalkasyn, size-de nesip etsin!» diýip, arzuwlary arzylapdyr. Häzirki günlerimizde hem bu gymmatly däp-dessurlarymyz dowam edýär.
Edil biziň ata-babalarymyzyň at-abraýyna buýsanyp, ýaşaýşymyz ýaly, geljekki nesillerem şu günki — bagtyýarlyk döwrüniň hözirini görüp, rahatlyga guwanyp ýaşaýan ildeşlerimiziň eden işleri, Watan üçin bitiren hyzmatlary bilen beýgelmelidirler. Şeýdip, öýlerimiz — ülkä, obalarymyz — şähere, döwletimiz — dünýä öwrülýändir.
Muhammetguly Annameredow biregne 20 ýyllap gurluşykçy bolup işläpdir. Üç ogluň, üç gelniň, ýedi agtygyň hözirini görüp ýaşaýan Muhammetguly aga bilen onuň ýanýoldaşynyň bu gün begenç bulagy joş urýar. «Heý-de, görlüp-eşidilen döwürmi, bu döwür, ýaşalyp-ýaýnalan jaýmy, bu jaýlar. Bu binalar ýöne bir ýaşaýyş jaýlary däl-de, köşgi-saraý ahbetin. Gurluşykçy bolup işlän döwrümde şeýle ençeme owadan binalara zähmetim siňdi. Şäherimizi ösdürmegi tapgyrma-tapgyr alyp barýan hormatly Prezidentimiz ildeşlerimiziň müňlerçesine şatlyk eçilýär. Täze jaý almak, ogul-gyzlary ýerli-ýurtly etmek her bir ata-enäniň baş arzuwy. Menem özüme berlen täze öýe körpe oglum Nökergulynyň maşgalasy bilen göçüp geldim. Iň begenýän zadym hem şu eşretli günleri görmek 86 ýaşly ejem jana hem nesip etdi».
Muhammetguly aganyň ýürek tolgunmasy enäniň şatlykdan ýaňa ýuwaşja sandyraýan ellerine-de, dür saçýan dillerine-de öz täsirini ýetirdi. Dagy näme, ene bilen ogluň ýürek baglarynyň özeni bir ahbetin. Ömrüniň segsen altynjy güýzüni güýzleýän Ogulhesel ene ak guş ýaly bolup oturyşyna, Gahryman Arkadagymyza bolan alkyşlaryny şeýle beýan etdi:
— Oglum Muhammetgula täze jaýyň berilmegi meni ýigdeltdi, balam. Sebäbi bulam meniň ogullarymyň körpesi. Onuň her gezek işden gelensoň, zähmete gatan ellerini sypap, ahyr bir gün rehnete ýetjegini aýdar oturardym. Ine, şol gün geldi. Bu bir düýş ahyry. Şu geçen ýyllarda ähli kynçylyklary gördüm. Urşunam, ýer goduklamasynam, açlyk-horlugynam. Ýöne şeýle bolelin döwür geler, ähli eşret akabasy Sekizýabyň suwy ýaly gapymyzdan akyp geçer diýip hiç haçan pikir etmändim. Elbetde, maňa-da Allajanyň şu bagty gör buýrugy bardyr-da. Bizi şeýle eşrete ýetiren Gahryman Ogluň ömri uzak, görjegi gowy bolsun! At-abraýy mundanam belent bolsun!
Türkmen: «Ýer alma, goňşy al» diýýär. Ogulhesel enäniň: «Goňşularymyzam bir ýagşyja adamlar ekeni» diýmegi bilen biz Gurbanmyradowlaryň öýüne bardyk. Gapyny ýylgyryp açan ýaş ýigitdir gelniň gözlerinde goşa nury, goşa şatlygy gördük. Gurluşyk ministrliginde ýaş hünärmen bolup işleýän Begli Gurbanmyradowyň bu günki gün begenjiniň çägi ýok. Gapysynyň düwmesi basylandan, myhmanlaryny gadyr bilen garşylap, öýüniň törüni mürähet edýän ýigidiň aýagy ýere degmeýär. Bu onuň ata-enesi tarapyndan myhmansöýerligiň aňrybaş däp-dessurlarynyň kalbyna nagyşlanandygyndan habar berýär. Beglä şatlykly duýgularyny «Nesiliň» okyjylary bilen paýlaşmagyny teklip edenimizde, ol bize şeýle gürrüň berdi: «Biz ýaly ýaş maşgalalara döwletimiz, Gahryman Arkadagymyz aýratyn üns berýär. Agzybir ýaşamagymyz, rahat dynç almagymyz üçin ähli eşretleriň gapysyny açýar. Ýaş hünärmen hökmünde ähli amatlyklary bolan üç otagly öýüň berilmegi bizi gaty begendirdi. Jaýlar dünýä ülňülerine laýyk gelýän usulda gurlan. Myhman üçin, çagalar we özümize niýetlenen aýratyn otaglaryň, eşik guratmak üçin ýöriteleşdirilen otagyň, aşhananyň bolmagy iň oňat oňaýlyklaryň biri hasaplanýar. Bu amatlyklaryň hemmesiniň sakasynda hormatly Prezidentimiz dur. Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!».
Goşa perzendini gapdallap oturan Gülşirin ýanýoldaşynyň sözlerini alyp göterdi:
— Paýtagtymyzdaky 50-nji orta mekdepde iňlis dili mugallymy bolup işleýärin. Hormatly Prezidentimiz çagalaryň köp dil bilmegine aýratyn üns berýär. Bu meselede lingafon otaglarynyň, interaktiw tagtalarynyň ähmiýeti uludyr. Ýanýoldaşyma täze jaýdan paý ýetmegi meni has-da begendirdi. Ähli amatlyklary bolan aşhanamyz aýratyn göwnüme ýarady. Sebäbi türkmen zenany wagtynyň köpüsini aşhanada geçirmegi halaýar. Bize şeýle giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza alkyşlarymyz bimöçberdir.
Ogulbeg JUMAÝEWA,
«Nesil».