Gujagyna göwünler, ömürler, döwürler sygýar

Gahryman Arkadagymyzyň gurdurýan nurana şäheri — Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň paýtagty Aşgabat, ine, şeýle şäher!
Öňňin ýurdumyzyň durmuşynda taryhy waka bolup geçdi — paýtagt şäherimizi ösdürmegiň nobatdaky, ýagny 16-njy tapgyrynyň desgalary ulanmaga berildi. Şu mynasybetli Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda geçirilen dabaralar döwletimiziň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllyk şanly senesiniň barha ýakynlaşýan günlerinde milletiň toý şatlygyny alamatlandyrdy. Ulanmaga berlen täze desgalaryň hatarynda umumy uzynlygy 5 kilometr 564 metre deň bolan häzirki zaman ýollar, bir müňden gowrak maşgala niýetlenen döwrebap ýaşaýyş jaýlary, türkmen alabaýynyň heýkeli, «Gül zemin» söwda-dynç alyş merkezi bar.
Ýeri gelende aýtsak, bular hemişelik Bitaraplygymyzyň uly baýramçylygyna gabatlanyp açylan ilkinji desgalar däldir. Mälim bolşy ýaly, tyllaýy güýzüň başyndan bäri Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň edara binasy, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sportuň olimpiýa görnüşleri fakultetiniň binalar toplumy, Halkara ýanyk şikeslerini bejeriş merkezi, Estetiki merkez, «Diwan» myhmanhanasy, ýerasty awtomobil we pyýada geçelgeli «Mahabat» binasy ýerleşdirilen toplum, «Jahan» döredijilik merkezi, Awtoulag kärhanalar toplumy we Awtomobil mekdepleriniň birleşiginiň okuw-türgenleşik merkezi, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde «Bagabat» şypahanasy, oňa barýan döwrebap ýol hem-de onuň ugrunda «Saglyk» binasy açylyp, ulanylmaga berlipdi. Bu desgalaryň her biri beýik zamanamyza mynasyplygy bilen ýurdumyzyň umumy durmuşyny gözelleşdirýär.
Berkarar döwletimiziň paýtagty Aşgabat taryhy ösüşini başdan geçirýär. Bu günki türkmen paýtagtyny dünýäde «Aziýanyň merjen şäheri» diýip atlandyrýarlar. Biz muny ak şäherimiz diýip wasp edýäris, ak bagtymyz diýip bilýäris. Buýsanç bilen ýene şeýle diýýäris: Aşgabat — berkarar döwletimiziň ýüregi! Aşgabat — berkarar döwletimiziň ýüzüniň tuwagy! Aşgabat — halkymyzyň guwanjy! Aşgabat — halkymyzyň mertebesi, ary-namysy!
Dünýäde türkmen halkynyň durmuşy hakynda gürrüň edilende, ozaly bilen, onuň paýtagtyndaky durmuş hakynda aýdýarlar. Dünýäde türkmen ýurdunyň özgerişi hakynda gürrüň edilende, ozaly bilen, onuň paýtagtynyň özgerişi hakynda aýdýarlar... Hawa, paýtagtyň durmuşy, paýtagtyň keşbi, paýtagtyň ösüşi bütin ýurduň durmuşy, keşbi, ösüşi bolup görünýär. Paýtagtyň gözelliginden hem abadanlygyndan, ýaşaýjylarynyň rahat hem eşretli durmuşyndan bütin ýurduň ýagdaýyny bilmek mümkin. Paýtagt şäherimiziň bu günki galkynyşy ähli galkynyşlarymyza gözbaş bolup görünýär!
Aşgabat öz halkymyz, öz ýurdumyz üçin paýtagt bolmak bilen, dünýä üçinem möhüm merkeze öwrüldi. Halkara syýasy merkez, halkara işewürlik merkezi, halkara medeni merkez, halkara syýahatçylyk merkezi, halkara sport çäreleriniň merkezi, halkara olimpiýa hereketleriniň merkezi hökmünde türkmen paýtagtynyň ady-owazasy jahana doldy.
Ýene şeýle diýip bolar: Aşgabat — gülläp ösüşleriň, tämizligiň hem gözelligiň, rahatlygyň hem erkinligiň şäheri, dünýäniň bitaraplyk, parahatlyk, abadançylyk merkezi. Golaýda «Gallup» halkara ylmy-barlag institutynyň Türkmenistany dünýäniň iň howpsuz, iň rahat ýurdy diýip ykrar edendigini hem aýdasymyz gelýär. Aşgabat, ine, şeýle ýurduň paýtagty!
Döwrebap ýaşaýyş jaýlary, beýleki dürli desgalar Aşgabadyň görküne görk goşýar. Olaryň bir topary özboluşly binagärlik keşbi, inženerçilik-tehniki çözgüdi bilen halkara derejeli abraýly baýraklara mynasyp boldy, Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi. Türkmen paýtagty dünýäde ak mermerli binalaryň iň köp jemlenen ýeri diýlip ykrar edildi.
Aşgabat durky bilen özgerişleriň içinde, täze gurluşyklaryň içinde. Aşgabady abadanlaşdyrmaga örän köp serişdeler gönükdirilýär. Mundan sähel wagt ozal gelip görenler bu günki Aşgabady tanamazlar. Dogrusy, munda ýaşap hem, göz açyp-ýumasy salymyň içinde bolup geçýän üýtgeşmelere haýran galýarsyň. Bu ýerde aýlardan-aýlara, ýyllardan-ýyllara täsinlikler döräp gidip otyr!..
Baş şäheriň çäklerinde alnyp barylýan işler ony ösdürmäge, hakykatdan-da, örän çynlakaý, düýpli, hemmetaraplaýyn çemeleşilýändigini tassyklaýar. Aslyýetinde, Aşgabady ösdürmegiň Konsepsiýasy hut şu maksada gönükdirilendir. Adamlaryň ýaşaýşy üçin iň amatly şertleriň döredilmegine, halkymyzyň durmuş derejesiniň ähli babatda häzirki zaman ölçeglerine laýyk gelmegine hyzmat edýän bu Konsepsiýada paýtagtymyzy ösdürmegiň, onuň çäklerini abadanlaşdyrmagyň esasy ugurlary kesgitlendi.
Biz — türkmenistanlylar öz paýtagtymyzyň, öz şäherlerimiziň, öz obalarymyzyň mundan ozal görlüp-eşidilmedik derejede ösýändigine buýsanýarys.
Paýtagtymyzyň, bütin ýurdumyzyň özgermegi bilen biziň hemmämiz üçin bütinleý täze, eşretli durmuş kemala gelýär!
                                    * * *
Ata-babalarymyzyň şöhratly taryhy döreden, beýik şäherleri, galalary guran ýerlerinde ýene şöhratly taryh dikeldilýär, beýik şäherler gurulýar. Hawa, bu ýerler — halkymyzyň abraý-mertebe tuguny belende göteren ýerleri. Merdanalygy, parasatlylygy dünýä ýaýan ýerleri. Döredijilik hem başarjaňlyk aýratynlyklary bilen adamzat ösüşlerine ägirt goşantlary goşan, ynsan ýaşaýşynyň täze derejelerini dünýä beren ýerleri. Şu mynasybetli, geliň, birsalym bu töwerekleriň geçmişine nazar aýlalyň!
Häzirki paýtagt şäherimiz — uzak asyrlaryň gujagyndan gelen şäher! Täze döwürde taryhy şöhratyna eýe bolýan şäher! Biz bu gün: «Ähli ýollar Aşgabada alyp gelýär» diýýäris. Mundan ýüzlerçe we müňlerçe ýyllar ozal hem şeýle bolupdyr...
Halkyň aňyrdan gelýän ruhy güýjüne, islegine daýanyp, täze mümkinçiliklere, şertlere görä, täze döwür parlap galýar. Ýene bir gezek nygtap aýtsak, halkyň ruhy mümkinçilikleri, taryhy mümkinçilikler, şertler muny üpjün edýär. Geçmişde şöhratly taryhyň ýazylan ýerinde bu gün ýene şöhratly taryhyň ýazylýandygy barada aýdylanda, diňe bir zat — wagt hem döwür üýtgeýär. Esasy zat halkyň hem ýurduň beýgelmegidir, taryhy mümkinçilikden — öz ýurduňa hyzmat etmek mümkinçiliginden her bir türkmeniň başarjaňlyk bilen peýdalanyp bilmegidir.
Şeýlelikde, öňki akan ýerinden aryklar akýar, öňki biten ýerinde miweler bitýär. Öňki parasatly baştutanlaryň, merdana ärleriň, akyldarlaryň hem şahyrlaryň kemala gelen ilinde ýene parasatly baştutanlar, merdana ärler, akyldarlar hem şahyrlar kemala gelýär. Öňki şäherleriň, galalaryň, döwletleriň dörän ýerinde, agyr heňňamlar ara düşse-de, ýene täze şäherler, galalar, döwletler döreýär. Öňki buýsançly halkyň başy ýene göge ýetýär...
Müňlerçe ýyl mundan ozal Aşgabady şäher derejesinde binýat eden biziň ata-babalarymyzdyr. Aşgabadyň gadymy halkynyň etnogenezi häzirki türkmen halkynyň etnogenezidir. Aşgabadyň müňlerçe ýyllyk taryhy türkmen halkynyň taryhydyr.
Aşgabadyň taryhyny Parfiýa şalygynyň taryhyndan aýyrmak mümkin däldir. Aşgabat Parfiýa şalygy döwründe gurlan şäher-galadyr. Öz döwründe onuň Parfiýanyň paýtagty hyzmatyny ýerine ýetirendigi hakda-da bir pikir aýtmak bolar. Özi hem bu çuňňur işlenilmeli, öwrenilmeli mesele. Aşgabadyň taryhy Nusaý galalarynyň taryhy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr, has dogrusy, bitewi taryhdyr. Hawa, bularyň ählisi bir taryh, bir miras — türkmen halkynyň buýsançly taryhy, buýsançly mirasy.
Şu golaýjakda ýerleşýän, «Änew medeniýeti» adyny alan ýadygärlikleri ýatlalyň! Bu ýerde ýaşaýyş medeniýetiniň mundan ýedi müň ýyl ozal gülläp ösendigi, soňra ýene müňlerçe ýyllap döwür-döwür dowam edendigi ykrar edilen hakykat. Geçen asyryň başlarynda, has takygy, 1904-nji ýylda amerikan ekspedisiýasyna ýolbaşçylyk edip, Änewiň arheologik depelerinde gazuw-agtaryş işlerini geçiren R.Pampelli bu ýerleriň adamzat taryhynyň iň şöhratly sahypalarynyň ýazylan ýerleridigi hakynda anyk netijä gelmek bilen, şeýle diýipdir: «Dünýä siwilizasiýasynyň ösen ojaklary dört däl-de, bäş sany. Şolaryň biri Orta Aziýanyň günbatar çägi — Günorta Türkmenistan!». Ol bu taryhy açyşy bilen dünýä ylmyna täzelik beripdir, düzediş girizipdir. Anyk delillere esaslanyp, biziň eýýamymyzdan ozalky V müňýyllykda, diýmek, mundan ýedi müň ýyl ozal hem türkmen topragynda ak bugdaýyň ösdürilip ýetişdirilendigini aýdypdyr.
Jeýtun medeniýetini hem ýatlalyň! «Jeýtun medeniýeti» adyny alan, juda gadymy hem giň taryhy özünde jemleýän ýeriň bir ujy häzirki Bäherden etrabyndaky Bamydepe ýadygärligine uzalyp, beýleki ujy häzirki Kaka etrabyndaky Çagyllydepe, Monjuklydepe ýadygärliklerine baryp ýetýär. Jeýtun medeniýeti biziň eýýamymyzdan öňki 5 — 7-nji müňýyllyklary, diýmek, takmynan, iki müň ýyly öz içine alan, dynuwsyz ösen ýaşaýyş-durmuş medeniýetidir. Munuň özi biziň halkymyzyň dokuz müň ýyllyk taryhyndan habar berýär.
Änew hem Jeýtun! Görnüşi ýaly, iki beýik medeni ojak! Parfiýa şadöwleti, gadymy Aşgabat, gadymy Nusaý!.. Bularyň ählisi üznüksiz taryhdyr, biri-birine güýç beren, biri-birini dowam etdiren, ösdüren, biri-biri bilen berk gatnaşykda bolan, biri-birinden aýryp bolmajak, nesillerden-nesillere geçirilen taryhdyr. Ata-babalarymyzyň şöhratly taryhydyr. Biziň üçin buýsançly taryhdyr. Şu gün hem dowam etdirilýän, ösdürilýän taryhdyr!
Hawa, nygtaýşymyz ýaly, bularyň ählisini dowamly ösen bitewi ýaşaýyş, bitewi ykbal hökmünde göz öňüne getirsek, gör, nähili gowy bolar! Hakykat şeýle: bular biri-birinden alysda bir ýerlerde, biri-birinden habarsyz, biri-biri bilen gatnaşyksyz ýagdaýda bolan durmuşlar däl! Ählisi bir ýerde, bir ilde dörän ösüşler! Olar bir toprakdaky goňşy obalar ýa-da ýanaşyk oturan dogan öýler ýalydyr. Şol goňşy oba-şäherler, goňşy öýler, hakykatda, bir halkyň, bir döwletiň oba-şäherleridir, öý-ojaklarydyr.
Aşgabadyň çäginden arheologlar tarapyndan tapylan keramiki önümleriň galyndylary, beýleki tapyndylar, geçmişiň yzlary Parfiýa şalygy döwründen habar berýär. Aşgabadyň şol gadymy, ärsaklar döwründäki durmuşyndan, bu ýerde gurlan galalardan habar berýär.
XIX asyryň aýaklaryndan başlap, onuň dürlüçe — Aşgabat, Ashabat, soňra ýene Aşgabat diýlip atlandyrylyşyna üns berip görüň! Mundan öň bu ýerde Aşgabat atly ilatly ýer we Aşgabat atly gadymy gala bar eken.
Mundan iki ýüz ýyldan gowrak ozal Ahalda ellä golaý gala bolupdyr. Şolaryň biri Aşgabat galasydyr. Şol döwürde bu galany ahally teke türkmenleri gadymy ornundan gurupdyrlar. Bu ýerde, birzamanlardaky Aşgabat şäheriniň ornunda Aşgabat atly oba hem bolupdyr. Diýmek, iňňän gadymy Aşgabadyň ady şol wagta çenli ýitirilmändir, gadymy ojakda täze-täze medeni gatlaklar döräpdir, bu ýer gadymy halkyň nesillerine — türkmen iline hemişe gala bolupdyr, pena bolupdyr. Şol gadymy hem mukaddes şäheriň ornunda kök urup, soňra täze Aşgabat kemala gelip başlapdyr...
Bu ýerler halkara gatnaşyklarda möhüm ykdysady, medeni merkeze öwrülipdir. Ýurdumyzyň çäginden gadymy ata-babalarymyzyň beýik taryhyndan habar bermeýän ýekeje sebiti, şäheri, obany tapmagyň mümkin däldigini ýatlalyň! Bular — bitewi taryh. Gadymy şäherler, obalar, galalar... — bular Beýik Ýüpek ýolunyň döremeginde, ösmeginde hem esasy orunlary eýeläpdirler.
Şu günki Türkmenistana ser salalyň! Ine, şonda gadymy Beýik Ýüpek ýolunda aýratyn orunda duran ýerleriň bu gün gaýtadan galkyndyrylýandygyny, ösdürilýändigini, olaryň hiç biriniň dünýäniň nazaryndan sypmaýandygyny göreris. Olar biziň Garaşsyz ýurdumyzyň sebit merkezleridir ýa-da bolmasa, ýurdumyzyň ösüşlerinde iňňän ähmiýetli ýerlerdir. Olar häzirki zaman şertlerinde köptaraplaýyn ösdürilýän Beýik Ýüpek ýolunda öz orunlaryny mynasyp derejede saklaýarlar. Şolar arkaly energiýa serişdelerimiz, beýleki baýlyklarymyz, taýýar önümlerimiz dünýä bazarlaryna ugradylýar. Şolar arkaly dünýä bize gelýär, biz dünýä barýarys. Türkmenistan bu gün yklymlary birleşdirýän polat ýollary, howa, suw, awtoulag ýollaryny döredýän ýurtdur, halkara söwda-ykdysady gatnaşyklaryň örän möhüm çatrygydyr, ulag-logistik merkezdir.
Türkmen topragy — durşy bilen taryh, beýik taryh. Bu taryh — ýurdumyzyň geçmişi, şu güni, geljegi! Bu taryhy söýmegimiz, öwrenmegimiz, mydama öz mukaddes derejesinde görmegimiz zerur. Şeýle edilmegi öz halal topragymyza söýgimizi, wepadarlygymyzy aňladýar. Ata-babalarymyza söýgimizi, wepadarlygymyzy aňladýar. Şu günki berkarar döwletimize söýgimizi, wepadarlygymyzy aňladýar.
                                    * * *
Aşgabadyň juda gadymy geçmişiniň bardygyna, onuň anyk taryhy döwürlere, ata-babalarymyzyň jahana ýaň salan şöhratly döwletleriniň synmaz ruhuna kök urup ösýändigine düşünmek, buýsanmak bagtdyr!
«Aşgabat biziň üçin näme? Aşgabat biziň üçin haýsy orunda durýar?». Bu sowal her birimizi oýlandyrmalydyr. Her birimiziň bu barada dogry pikirimiz, dogry sözümiz bolmalydyr. Şol pikirleriň, sözleriň ählisi birigip, bizi mähriban paýtagtymyzyň töwereginde has-da mäkäm jebisleşdirmelidir. Şol pikirleriň, sözleriň ählisi birigip, bize Aşgabadyň uzak geçmişlerden şu güne çenli geçen ýoluny göz öňüne getirmäge mümkinçilik bermelidir. Şol pikirleriň, sözleriň ählisi birigip, Aşgabadyň örän gadymy hem örän juwan keşbini bitewüleşdirmäge ýardam etmelidir... Şeýdip, biz eziz Aşgabadymyzy mydama öz mukaddes derejesinde görmelidiris. Çünki Watany söýmek Watanyň paýtagtyny söýmekdir, Watanyň paýtagtyny söýmek Watany söýmekdir!.. Bizden nesillerimize galjak iň uly miras şu söýgimizdir, wepadarlygymyzdyr. Watana janyň-teniň bilen berilmek ähli aladalardan ruhuňy belent tutmagyň örän ygtybarly ýoludyr!
Bize şu sözümizi aýtmaga baky Bitaraplygymyzyň şanyna tutulýan uly toýumyza gabatlanyp açylan täze binalara buýsanjymyz sebäp boldy. Paýtagtymyzda biri-birinden ajaýyp täze desgalaryň gurluşygy dowam edýär: myhmanhanalar, Halkara maslahatlar merkezi, Halkara kabul ediş merkezi, «Senagat» paýdarlar täjirçilik bankynyň, «Türkmenbaşy» döwlet täjirçilik bankynyň edara binalary, Magtymguly Pyragynyň ýadygärligi, täze Hökümet münberi... Sanasaň, sogaby bar. Şeýle gurluşyklar ýurdumyzyň çägindäki ähli beýleki taryhy özgerişler bilen birlikde, milli Liderimiziň halkymyzyň bagtly, eşretli, derejeli durmuşy baradaky tagallasyndan, döwletimiziň kuwwatly döwletdiginden habar berýär.
Biziň berkarar döwletimiz bar — Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan! Bu döwlet ata-baba halal ýurdumyzda gurlandyr. Ýurdumyzyň haýsy ýerinde ýaşasak hem, hemmämize deň derejede gymmatly bir şäher bar — paýtagtymyz Aşgabat! Onuň gujagyna göwünler, ömürler, döwürler sygýar... Ine, Gahryman Arkadagymyzyň gurdurýan nurana şäheri — Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň paýtagty Aşgabat şeýle şäher!
Akmyrat HOJANYÝAZ.
«Türkmenistan».