Mozaika — gözelligiň täsin nusgasy

ýa-da täze binalardaky täze pikirler
Mozaika — bu belli bir ýere reňki, şekili, keşbi boýunça tapawutlanýan bölejikleriň, bezeg maksady bilen, şeýle hem bitewi bir keşbi emele getirmek üçin ulanylýan sungat eseri bolup durýar. Aslynda, alymlar mozaika bilen muzeý sözleriniň gelip çykyşynda baglanyşygyň bardygyny nygtaýarlar. Gözbaşyny b.e öňki IV müňýyllygyň ikinji ýarymyndan alyp gaýdýan bu täsin sungat häzirki Ýakyn Gündogara degişli bolan, taryhda Mesopotamiýa diýlip atlandyrylan ýerde ýaşan şumerleriň şäherlerinde ulanylyp başlapdyr. Muny bolsa şol döwre degişli Ure köşgündäki mozaika şekiliniň häzirki wagta çenli saklanyp galanlygy bilen düşündirýärler.
Mozaika bezeg işleri ýurdumyzdaky binalaryň gurluşygynda hem giňden ulanylýar. Biz muny paýtagtymyzdaky Medeniýet şäherçesinde, «Türkmenistan» kinokonsert merkezinde, şeýle-de beýleki birnäçe binalaryň gurluşygynda ýerleşdirilen şekilleriň mysalynda aýdyň görýäris. Olary milli äheňde bezäp, köp gatly jaýlaryň, edara binalarynyň gurluşygynda ulanmak ýurdumyzda asylly däbe öwrüldi.
Her binanyň özboluşly aýratynlygy, bezegi, ajaýyplygy bar. Paýtagtymyzy ösdürmegiň nobatdaky 16-njy tapgyrynda gurlan jaýlar hem gurluş aýratynlyklary bilen tapawutlanýar. Bu ýerde bina edilen ýaşaýyş jaýlarynyň gapdallary mozaika işleri bilen bezelipdir. Seleňläp görünýän bu jaýlaryň haýsy topluma degişlidigini ondaky mozaika şekilleri arkaly hem bilmek mümkin.
Biz bu ýerdäki mozaika işleriniň taslamasynyň taýýarlanylyşy bilen gyzyklanyp, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň nakgaşçylyk we taslama kafedrasynyň uly mugallymy, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Aşyrmuhammet Kulyýew bilen gürrüňdeş bolanymyzda, ol şeýle gürrüň berdi:
— Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda gurulýan her bir desganyň binagärlik aýratynlygyna uly üns berýär. Sebäbi binanyň daşky bezeg aýratynlygy ilki göze ilýär. Gözel paýtagtymyzy ösdürmegiň 16-njy tapgyrynyň gurluşygyna başlamazdan öňürti, onuň bezeginde ulanyljak mozaika işleriniň taslamalary taýýarlanyldy. Bu döwürde her toplumdan bir hünärmen ýanymyzda bolup, bizi şol topluma degişli maglumatlar bilen tanyşdyrdy. Biz hem şonuň esasynda binalaryň mozaikalar arkaly şekillendirilen bezeginiň kiçi nusgasyny taýýarladyk.
«Ýaşlar — ýurduň geljegi» diýilýär. Arkadag Prezidentimiz ýurdumyzda durmuşa geçirilýän her bir işde ýaşlaryň pikirlerini diňlemelidigini, olaryň başarnyklaryny açyp görkezmekleri üçin zerur şertleriň döredilmelidigini nygtaýar. Şonuň üçin hem mozaika işleriniň taslamalary taýýarlanylanda, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ýaş mugallymlary Juma Amangeldiýew, Aman Modyýew, Annageldi Jumanyýazow, Sanjarbek Ysmailow, talyp ýaşlardan Kerim Daňatarow, Baýramgeldi Ataýew, Diýar Janekow, Baýramsähet Abaýew, Jangeldi Amangylyjow dagy hem öz pikirlerini beýan edip, goşantlaryny goşdular.
Belläp geçmeli zatlaryň biri-de, mozaika işlerinde zerur bolan çig malyň türkmen telekeçileri tarapyndan öndürilýändigidir. Ozal paýtagtymyzdaky binalarda ýerleşdirilen mozaikalar üçin çig mal Türkiýeden, Eýrandan, Hytaýdan getirilýärdi. Indi bolsa hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň «altyn gaznasy» hasaplanylýan türkmen telekeçilerine döredip berýän giň mümkinçilikleriniň netijesinde, olar öz ýurdumyzda öndürilýär.
Şunuň ýaly beýik işleriň sakasynda duran hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden alkyş aýdýarys.
Bu ýerdäki Aşgabat şäher häkimligine degişli binada gözel paýtagtymyzyň ajaýyp desgalary nepislik bilen şöhlelendirilipdir. Parahatçylygyň nyşany bolan kepderileriň, belent başly, ak mermerli ýaşaýyş jaýynyň, «Bagt köşgüniň», «Sport» myhmanhanasynyň, «Aşgabat» monumentiniň, «Ösüş» binasynyň şekilleriniň ýerleşdirilmegi onuň owadanlygyny has-da artdyrypdyr. Ýurdumyzyň aragatnaşyk pudagyna degişli binada hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda 2015-nji ýylda Älem giňişligine uçurylan «TürkmenÄlem 52oE» emeli hemrasynyň, Aşgabadyň Halkara howa menziliniň, şeýle-de aragatnaşyk torlarynyň şekilleri beýan edilýär. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine degişli bolan ýaşaýyş jaýynda bolsa türkmen telekeçileri tarapyndan öndürilýän önümleriň, «çöl gämisi» hasaplan köşekli düýeleriň, düýe süýdünden taýýarlanylýan agaranyň, şeýle hem daýhanlarymyz tarapyndan ýetişdirilen gök-bakja ekinleriniň şekilleriniň ýerleşdirilmegi binanyň gözelligini has-da artdyrýar. Şeýle ajaýyp gözellikler bu ýerdäki ýaşaýyş jaýlarynyň iki tarapyny-da bezeýär. Mahlasy, bu şekilleriň üsti bilen milli ykdysadyýetimizde ýetilen belent sepgitler, Gahryman Prezidentimiziň Watanymyzy gülletmek ugrunda durmuşa geçirýän beýik işleri özüniň mynasyp ornuny tapýar.
Gözellik reňklerden, olaryň sazlaşygyndan, owadan şekillerinden, mazmun aýratynlyklaryndan gelip çykýar. Ol ynsan kalbyna lezzet paýlaýar, ony gözellik älemine äkidýär. Biziň her birimiz gözelligiň gözleginde, onuň bilen durmuşymyzy bezemegiň ugrunda ýaşaýarys. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen gurlup, ulanylmaga berlen täze ýaşaýyş jaýlary hem özüniň gözelligi bilen paýtagtymyzyň görküne görk goşýar. Olaryň özüne çekiji mozaikalary hem binagärlik sungatynyň gözellik nusgasy bolup töwerege öwüşgin çaýýar.