Alabaýly dünýä

Düýn paýtagtymyzyň gözel künjeginde türkmen alabaýynyň heýkeli açyldy. Biz bu dogrusynda onuň awtory, Türkmenistanyň halk suratkeşi, ussat heýkeltaraş Saragt Babaýew bilen söhbetdeş bolduk. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen alabaýy» atly adybir şygyr, kyssa eserleriniň her sözüniň çuňňur manysy bar.
Halkymyzda «It geldi — gut geldi» diýlen pähim ýöne ýerden döremedik bolsa gerek. Oňa şu söhbedimiziň dowamynda ýene bir ýola göz ýetirdik.
It hakynda şeýle ýürekdeş gürrüň etmek üçin oňa söýgiň juda aňyrdan bolmaly. Orta mekdebi tamamlan Saragt Babaýew ilkibada okuwa girip bilmeýär. Şonuň üçin daýhan birleşiginiň ownuk mallar fermasynyň müdiri gelip: «Saragt, Geldimyrat aganyň çolugy ýok. Şoňa kömekleşäýseň» diýende höwes bilen ylalaşýar. Elbetde, ýanyna ep-esli kitap, depder, galam, ruçka alyp. Çopan goşy obadan 104 kilometr uzaklykda gum içindäki «Tuluň oýy» diýen ýerdedi. Ol ýer «Tuluň depesi», «Garantgaly» diýen ýerler bilen bir ugurda ýerleşýärdi. Üç ýyllap şol ýerde çoluk bolup işlän geljekki ussat heýjeltaraş bu ýerde tebigatyň täsin mekdebini geçipdi. Agyz suwuny getirmek üçin 12 kilometr uzaklykda ýerleşýän «Garantgala» gitmelidi. Elbetde, çaý-suw gaýnatmak, nahar bişirmek üçinem suw gerekdi. «Tuluň oýunyň» öz guýusy bardy. Ýöne suwy şorrakdy. Şonda giden sähranyň içinde onuň ýeke-täk ýoldaşy alabaýdy. Ol daýaw, akylly it eken. Saragt Babaýew öz iti bilen kän gürleşip gezendigini, onuň özüne mähirli garaýşyny şu güne çenli ýadyndan çykarmandygyny gürrüň berdi.
— Gahryman Arkadagymyz türkmeniň ahalteke bedewine, alabaý itine we beýleki milli gymmatlyklaryna belent sarpa goýup, olaryň gadymy şöhratyna täzeden şan berdi. Dogrusy, alabaýyň heýkelini döretmegi tabşyranlarynda diýseň begendim. Itşynaslar bilen duşuşdyk, alabaý itleriniň suratlaryny ýygnadyk. Edil behişdi bedewlerimizde bolşy ýaly, alabaýyň hem öz ugry bar eken. Diňe bir guýrugyny görmek üçinem Änewe gidip gelýärdim. Heýkeli döredenimizde, esasy salgylanan gollanmamyz Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen alabaýy» kitaby boldy. Şeýle baý maglumatlar bilen tanyşsaň, işläniňde hem göwnüňe jaý bolýar. Netijede ilki 2 metr beýiklikde ýasan işimiz soňra 6 metre ýetdi. Ol goýlan ýerine-de gelşik berdi. Heýkeli guranyň bilen iş gutaranok. Onuň töweregini sazlaşykly abadanlaşdyrmakda «Altyn» hojalyk jemgyýetiniň altyn elli ýigitleriniň hem mynasyp paýynyň bardygyny bellemek ýakymlydyr.
Halypa heýkeltaraşyň gürrüňlerinden hem görnüşi ýaly, türkmen alabaýy — giden bir dünýä. Wepadarlygyň, edermenligiň, dostlugyň dünýäsi. Ol dünýäni açmakda Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen alabaýy» kitabynyň orny uludyr. Şeýle ajaýyp eserden ýene bir dünýä döredi. Ol hem düýn açylan türkmen alabaýynyň heýkelidir.
Sungat eserleriniň täsinligi, olaryň ähli gowulyklary, mähir, söýgi siňdirilip, ýürek goýlup döredilýändiginden bolsa gerek. Çagalygyndan ynsanyň mährem dosty bolan türkmen alabaýy bilen höwrügen ussat heýkeltaraşyň ol hakda aýdýan gürrüňleri hem ýatdan çykmajak täsir galdyrýar. Türkmen alabaýyna şeýle belent sarpanyň aňyrsynda halkymyzyň uly ynanjy dur. Şonuň üçinem hormatly Prezidentimiziň aýdyma öwrülen şirin şygrynda belentden wasp edilişi ýaly, ol milli gymmatlygymyz hasaplanýar.
—Türkmençilikde, aslynda, gudaçylyga gidilende hem yrym-ynanç edilýär. Bu oňa juda jogapkärçilikli çemeleşilýandigini görkezýär. Çünki gudaçylyk — ol nesil dowamatynyň başlangyjy. Biz çagakak, gelnejem dagy gudaçylyga gidenlerinde öňünden tilki çykaýsa, yzyna gaýdyp gelerdiler. Käte eşegiň yzyna mündürip, meni-de äkiderdiler. Eger it ýa-da möjek çykaýsa, şeýle bir begenerdiler welin, öýe gelibem kän gürrüň ederdiler...
Wagty bilen ýöremändigim üçin meni legeniň içinde oturdyp, alabaýa süýredipdiler. Legen takyrdady, item meni alyp gaçyp gidip barýar. Giden oba iş boldy. Menem otyryn legeniň içinde düwdek bolup. Gabap, töwerekden gallaşyp, zordan duruzdylar. Elbetde, ynam uly zat. Şondan soň men ýöräpdirin. Çoluk bolup işlän ýyllarymda ýene bir zada göz ýetirdim. Çopanlaryň üç sany alabaý iti bolýar, özlerem şeýle akylly. Süriniň ýatan ýeriniň hersi bir tarapynda durup goraýarlar. Goýunlara-da öwrenişen, özlerem agzybir hem akylly. Hiç wagt özara urşanlaryny görmedim. Ussahanamda hem kiçijik alabaý itimiz bar. Bir hepde mundan öň oglanlar getirip berdiler. Ähli türkmen maşgalalarynda bolşy ýaly, biziň öýümizde-de alabaýy gowy görýärler. Maşgalam Gülara Babaýewa keramikadan itiň şekillerini ýasasa, oglum Bally Babaýew onuň keşbini kendire geçiripdir.
Türkmen alabaýyna söýgi şöhratly taryhymyzdan gözbaş alýar. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda türkmen alabaýy bu gün bütin dünýäde uly meşhurlyga eýe bolýar. Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, işleri ugruna bolsun!
Türkmenistanyň halk suratkeşi Saragt Babaýewiň aýdyşy ýaly, söýgi söýgini döredýär. Bu gün Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen alabaýy» atly eseri, bu baradaky adybir şygry söýgi bolup, sungat bolup, heýkel bolup dünýä çykýar. Alabaýyň häsiýetindäki ähli ajaýyplyklar — edermenlik, mertlik, wepalylyk, dostluk, akyllylyk heýkeldäki keşpde jemlenipdir. Baky Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllyk toýunyň toýlanylýan şu nurana günlerinde bolsa onuň gymmaty has-da goşalanýar, ähmiýeti barha artýar.