«Akylly öý» — ilkinji tejribe

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli ugurlarynda sanly ulgama tapgyrlaýyn esasda geçmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Biz gündelik durmuşda dürli görnüşli sanly tehnologiýalaryň hyzmatyndan ýygy-ýygydan peýdalanýarys. Şonuň üçinem indi biziň durmuşymyzy olardan üzňe göz öňüne getirmek kyn.
Düýn paýtagtymyzda açylyp, ulanylmaga berlen täze ýaşaýyş jaýlarynda ýurdumyzda ilkinji tejribäniň — “akylly öý” taslamasynyň amala aşyrylandygyny aýratyn bellemek gerek. Taslamanyň ýaşaýjylaryň wagtyny tygşytlamak, gündelik iş-aladalaryny azaltmak, bir dolandyryjy nokatdan bir wagtyň özünde birnäçe hereketi awtomatik ýagdaýda amala aşyrmak ýaly tapawutly aýratynlyklary bar. Bular bolsa wagtyň adamyň iň uly gymmatlyklarynyň birine öwrülen häzirki zaman dünýäsinde örän uly ähmiýete eýedir.
«Akylly öý» taslamasy ulanylmasy ýönekeý, ýerine ýetirýän hyzmatlary bolsa kämil derejedäki gurluşdyr. Ýaşaýyş jaýlarynyň girelgesinde ýerleşdirilen gurluşyň esasy penjiresinde “Hemme otaglar”, “Aşhana”, “Girelge”, “Myhman otagy”, “Çaga otagy”, “Howa sowadyjy”, “Kiçi žalýuz”, “Uly žalýuz”, “Howa sowadyjy 2”, “TW”, “Çyra” ýaly bölümler bar. Şol bölümleriň üsti bilen ulanyjy degişli ugurlar boýunça öz ýerine ýetirmek isleýän amallaryny bir wagtyň özünde amala aşyryp bilýär. Mysal üçin, bir ýerden ähli otaglaryň çyralaryny öçürmek, ýakmak ýa-da bu hereketi degişli otaglary saýlap ýerine ýetirmek, öýüň içiniň howa ýagdaýyna, çyglylygyna gözegçilik etmek, telewizory işletmek ýa-da öçürmek, ony öz bellän wagt aralygyňda işläp, soň öçer ýaly düzüp goýmak, elektrik geçirijilere gelýän togy öçürmek ýa-da birikdirmek, howa sowadyjylary dolandyrmak, suw akdyryjylardan gyzgyn ýa-da sowuk suwuň akdyrylmagyna buýruk bermek, penjirelerdäki žalýuzlary açmak ýa-da ýapmak mümkin. Öýde bu amallary internet baglanyşygy bolmadyk ýagdaýda hem ýerine ýetirip bolýar. Ýaşaýjylar öýden uzak aralyklarda bolanlarynda bolsa internete baglanylmagy esasynda, öz smartfonlaryna ýüklenen ýörite programma arkaly öýüň otaglaryna gözegçilik edip, agzalan amallary ýerine ýetirip, şeýle-de öý telefonyna kimleriň jaň edendiklerini anyklap bilýärler.
Bulardan başga-da, ýaşaýyş jaýlarynyň girelgelerinde gelýän-gidýänlere gözegçilik etmäge niýetlenilen wideogözegçilik enjamlary hem ornaşdyrylypdyr. Bu zatlaryň özi ýurdumyzda ähli ugurlarda sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanylmagyna örän uly ähmiýet berýän hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde, raýatlar üçin döwrebap ýaşaýyş-durmuş şertleriniň döredilýändigini, gurulýan binalaryň ylmyň, tehnologiýanyň soňky gazananlary bilen üpjün edilýändigini, jemgyýetimiziň hem döwletimiziň iň ýokary gymmatlygy hasaplanylýan her bir adamyň ählitaraplaýyn üns-alada bilen gurşalýandygyny görkezýär.