Binagärligiň we şähergurluşygyň paýtagty

«Biz Aşgabady ajaýyp şähere — täze eýýamyň nyşanyna öwrüp, ony agtyklarymyza we çowluklarymyza miras galdyrmalydyrys».
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň baş şäherini toplumlaýyn ösdürmegiň strategiýasynda Türkmenistanyň paýtagtyny ykdysady, syýasy, medeni durmuşyň, sportuň we syýahatçylygyň iri halkara merkezine öwürmek wezipesini öňde goýýar.
Milli Liderimiziň bu çagyryşy paýtagtymyzyň düzümlerini döwrebaplaşdyrmak, oňaýly ýaşaýyş jaýlaryny, myhmanhanalary, ajaýyp ekologiýa abadançylygyna neneňsi uly üns berýänliginde şöhlelenýär. Döwlet Baştutanymyzyň golaýda köpçülikleýin bag ekmek dabarasyna hem-de paýtagtymyzy ösdürmegiň 16-njy tapgyrynyň desgalar toplumynyň açylyşyna gatnaşmagy hem munuň aýdyň subutnamasydyr.
Aşgabady abadanlaşdyrmak, onuň keşbini özgertmek, sport desgalaryny bina etmek hem-de iň myhmansöýer gurşawy döretmek boýunça işler Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe giň gerime eýe boldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hut özüniň howandarlygynda Aşgabatda giňden ýaýbaňlandyrylan işler uzakmöhletleýin geljege eýedir. Munuň özi awtomobil akymlaryny has gowulandyrmaga, bir ýerden beýleki bir ýere barmagyň wagtyny azaltmaga, ýollardaky dyknyşyklardan dynmaga, degişlilikde bolsa howanyň arassalygyny gowulandyrmaga mümkinçilik beren tutuş ýol-ulag ulgamynyň düýpli abatlanylmagyna hem degişlidir.
Paýtagtymyzda amala aşyrylan möhüm düzümleýin taslama onuň energiýa üpjünçiliginiň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmaga mümkinçilik berdi, bu bolsa gün-günden ösýän paýtagtymyzyň dolandyrylyşyny guramaga milli Liderimiz tarapyndan bildirilýän esasy talaplaryň biridir.
Şunuň bilen bir hatarda şäher howadaky geçirijileriň köplüginden dyndy, olary has howpsuz bolan ýerasty inženerçilik aragatnaşyk ulgamlary bilen çalşyrdylar. Bu bolsa paýtagtymyzyň “ýüzüni” açyp, onuň binagärliginiň, bag-seýilgäh gözelliginiň hem-de şäheriň günorta böleginde dag tebigatynyň owadanlygyny erkin synlamaga mümkinçilik berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň syýasatynyň takyk görünýän ileri tutulýan durmuş ugurlary ýaşaýyş jaý gurluşygynda aýdyň ýüze çykýar. Bu gurluşyklar her toplumda çagalar baglarynyň, mekdepleriň, sport we oýun meýdançalarynyň, dükanlaryň bina edilmegini, durmuş hyzmatlar ulgamynyň, awtomobil duralgalarynyň, ýaşyl zolaklaryň we ençeme beýlekileriň bolmagyny göz öňünde tutýar.
Mundan başga-da, soňky ýyllarda ozalky bar bolan binalar, ýaşaýyş jaýlary, ýaşaýyş toplumlarynyň içki ýollary abatlanylyp, olaryň durky täzelenildi, binalaryň ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrylyp, bagy-bossanlyklar döredildi.
Şeýlelik bilen şäheri ösdürmegiň oýlanyşykly maksatnamasy tapgyrlaýyn amala aşyrylýar. Aşgabat Watanymyzyň paýtagty hökmünde döwletimiziň ykdysady ýagdaýyny, jemgyýetiň medeniýetiniň we ruhy durmuşynyň derejesini, aň-paýhas mümkinçiligini, täze döwrüň — Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň bolup geçýän ähli özgertmeleri babatda esasy durmuş ýörelgelerini şöhlelendirip, umuman, tutuş ýurdumyzyň abraýyny kesgitleýär.
Biziň söýgüli paýtagtymyzy aşyklaryň we täze gurluşyklaryň şäheri diýip atlandyrýarlar. Bu ýerde her bir bina ýurdumyzyň durmuşyndaky ol ýa-da beýleki şanly senäni alamatlandyrýar. Ýurdumyzyň durmuşynda bolsa Garaşsyzlyk ýyllary içinde ajaýyp däp, ýagny milli baýramçylyklary durmuş we medeni desgalaryň tabşyrylmagy, täze önümçilik toplumlaryň, uly binalaryň ulanmaga berilmegi bilen garşylamak ýola goýuldy.
Şu ýylyň täze desgalarynyň — Aşgabady ösdürmegiň 16-njy tapgyrynyň binalarynyň açylyş dabarasy Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlandy. Şol desgalaryň açylyş dabarasyna milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.
Hemişe gülleýän Aşgabady bag-bakjaly şäher diýip hem adalatly atlandyrýarlar, onuň giň gözýetimini köp sanly tämiz seýilgähler, suw çüwdürimleriniň toplumy emele getirýär. Paýtagtymyzyň ilaty ýyl-ýyldan artýar, ol işjeň häsiýetde gurnalyp abadanlaşdyrylýan täze ýerler, özi-de, aýry-aýry desgalar bilen däl-de, eýsem, tutuş köçeler, etraplar, ýaşaýyş toplumlary bilen giňeýär.
Günortada şäher Köpetdagyň eteklerine barha ýakynlaşýar, demirgazykda bolsa çöli barha daşlaşdyrýar. Ol ýerlerde kottejleri, kömekçi hojalyk üçin ýerleri, durmuş desgalary bolan uly täze obalar peýda boldy.
Söýgüli paýtagtymyzyň-da ruhy we häsiýeti bar. Ol köptaraplydyr — döwrebap we öz däpleri bilen açyk, şadyýan, toýly we şol bir wagtda-da, ýokary zähmet galkynyşly depginli iş ýagdaýynda, ylhama beslenen, söýgüli we dostanadyr...
Onuň dörän wagtyndan bäri şäheriň durmuşynda köp zat üýtgedi. Diňe bir zat üýtgemän galdy — hemme döwürlerde aşgabatlylar öz şäherini tüýs ýürekden we gyzgyn söýüp geldiler, häzirki wagtda bolsa ähli türkmenistanlylaryň öz ajaýyp paýtagtyna bolan buýsanç duýgulary aýratyn-da artdy. Biz Aşgabada, onuň häzirki zaman gazananlaryna, binagärlik gözelliklerine buýsanmaga haklydyrys.
Biziň borjumyz Aşgabady adamlar üçin iň owadan we arassa, oňaýly we amatly şäher hökmünde onuň abraýyny saklamakdan, paýtagtymyzy çagalarymyzyň, agtyklarymyzyň we çowluklarymyzyň gymmatlygyna öwrüp, onuň gözelligini artdyrmakdan ybaratdyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtaýar. Milli Liderimiziň başlangyjy boýunça ak mermerli paýtagtymyzyň hormatyna Şäheriň güni hem döredildi.
Döwlet Baştutanymyz innowasion tehnologiýalaryň, ylmy-tehniki ösüşiň öňdebaryjy gazananlarynyň we bu ulgamda iň gowy dünýä tejribesiniň işjeň ornaşdyrylmagyny Aşgabatda ýaýbaňlandyrylan iri möçberli şähergurluşyk maksatnamasynyň esasy ugry hökmünde kesgitledi. Paýtagtymyzyda Olimpiýa şäherçesiniň gurulmagy ýurdumyzyň täze belentliklere hem-de dünýä derejesindäki üstünliklere tarap ymtylmasynyň nyşany boldy. Bu ýerde 2017-nji ýylyň sentýabr aýynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary üstünlikli geçirildi.
Bu ägirt uly sport baýramçylygyna onlarça ýurtdan müňlerçe myhmanlar — sport wekiliýetleri, janköýerler, žurnalistler, syýahatçylar ýurdumyza geldiler. Biz olara paýtagtymyzy iň gowy görnüşde görkezdik. Olaryň ählisi bulara haýran galdylar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2020-nji ýylyň 29-njy maýynda geçirilen GDA gatnaşyjy döwletleriň hökümetleriniň baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň barşynda öňe süren teklibi boýunça 2021-nji ýyl Arkalaşykda Binagärligiň we şähergurluşygynyň ýyly hökmünde geçer.
Ýylyň çäklerinde halkara bäsleşiklerini we olimpiadalary, maslahatlary, forumlary, pudaklaýyn sergileri guramak hem-de geçirmek meýilleşdirilýär. Binagärleriň birleşikleriniň Halkara assosiasiýasy GDA-da Binagärlik we şähergurluşyk ýylyna bagyşlanan çärelere gatnaşmaga taýýardygyny beýan etdi.
2021-nji ýylda Türkmenistanyň örän iri şanly senäni – Garaşsyzlygyň 30 ýyllygyny bellejekdigini nazara almak bilen, köp sanly açylyş dabaralarynyň geçirilmegine garaşmak bolar. Şeýlelikde, eziz Watanymyzyň paýtagty binagärligiň we şähergurluşygynyň hem paýtagtyna öwrüler.
Dowamlylyk we yzygiderlilik, aýgytlylyk we täzeçillik, halkymyzyň, her bir raýatyň abadançylygy barada hemmetaraplaýyn alada etmek häzirki wagtda ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz tarapyndan amala aşyrylýan özgertmeleriň esasy tapawutly aýratynlyklarydyr.
Bularyň ählisi-de Aşgabadyň keşbinde aýnada gören ýaly şöhlelenýär.
Şunda döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzy has-da ösdürmegiň ugurlaryny kesgitläp, şäheriň ýaşaýjylary we myhmanlary üçin iň oňaýly şertler döredilen Aşgabadyň gök baglyklara bürenen, innowasion şäher hökmünde ösmelidigini nygtaýar.