Zähmet — ömrüň manysy

Pil bilen işlenende, ýer depýän daýhan tebigat bilen ýakynlaşyp, onuň diline düşünýär. Başgaça aýdylanda, daýhan topragyň we howanyň ýagdaýyna seredip, haýsy wagtda ekin ekilende, ýokary hasyl öndürjekdigine tejribäniň, janypkeşligiň üsti bilen magat göz ýetirýär. Bir söz bilen aýtsak, haýsy kärde işleýän hem bolsaň, halallyk, işjanlylyk bilen gazanan her bir lukmaň bala öwrülýär.
Zähmet — ömrüň zynaty, bezegi. Ol ömrüňi ýagtyldýan nur mysaly ýaşaýşa söýgi döredýär. Zähmet ynsany terbiýeleýär, beden taýdan taplaýar. Işe werziş bolmak, halal zähmet çekmek ömre many çaýýar. Zähmet ynsany mätäçlikden, biweçlikden, bikärlikden, ýaltalykdan halas edýär. Şonuň üçinem halk arasynda aýdylýan «Herekete — bereket» diýen aýtgy gündelik durmuşymyzda öz beýanyny tapýar.
Ynsan durmuşy zähmet çekmäge bolan söýgi arkaly öwrenýär. Şeýde-şeýde adam ogly kämillige ymtylýar, kämilleşýär. Kämilligiň çäginiň ýokdugy bolsa hemmä aýan hakykat. Irginsiz zähmetiň, yhlasyň, kämilligiň jemlenmeginde gözellik, sungat kemala gelýär. Sungat bolsa ynsana ruhy lezzeti bagyş edýär.
Sungaty, gözelligi zähmet adamlary döredýärler. Şonuň üçin olar sungatyň, gözelligiň düýp özeni bolan zähmetiň gadyryny beýleki adamlardan gowy bilýärler. Uly yhlas bilen timarlanyp düzülen sözleriň üsti bilen kalplarda müdimilik orun aljak sungat eserleri döreýär. Heýkeltaraş öz zähmeti bilen daşy ýonup, şekil berse, daýhan öz daban azaby bilen topraga tohum sepip, onuň ideg-yssywatyny ýetirip, bol hasyl öndürýär. Zergär altyndyr kümüşden owadan şaý-sepleri, bezegleri ýasasa, şahyryň şygyr setirlerinde waspy ýetirilip, her çitimi bir ajap şygra deňelýän halyçy haly ýüwürdip, nepisligiň belent nusgasyny dünýä getirýär. Mahlasy, öz hünärini söýüp, ýagşy niýeti ýaran edinip, zähmet çekýän ynsanyň keşbinde ýaşaýşyň özeni jemlenýär.
Gahryman Arkadagymyzyň çuň pähim-paýhasa eýlenen, halkymyzyň döreden däp-dessurlaryny, milli ýol-ýörelgelerini giňişleýin açyp görkezýän «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly täze kitabynyň «Zähmetsöýerlik — gaýratlylygyň gözbaşy» diýen bölümi zähmete, zähmetsöýerlige bagyşlanypdyr. Onda: «Garaşsyz Watanymyzda topraga örküni baglan, topraga yhlas etmegiň gadymy däplerine ygrarly daýhanlaryň durmuşy päk zähmetiň hözirliliginiň aýdyň mysalydyr. Ýurdumyzda olaryň zähmetine uly sarpa goýulýar» diýlip, örän jaýdar bellenilýär.
Höwesiň, yhlasyň, zähmetiň bilen hünär eýesi bolunýar. Tebigy taýdan berlen zehiniň üsti ilki hünär öwredýän bilim, soňra zähmet bilen doldurylanda, ukyp-başarnygyň ýüze çykmagyna getirýär. Ukyp-başarnygyňa görä, saýlap alan käriň bütin ömrüňe hemra bolýar. Şonuň üçin dana pederlerimiz perzentlerinde ýaşlykdan işeňňirligi, üşükliligi, ýagşy niýetliligi, zähmete söýgini terbiýeläpdirler. Şeýle etmek bilen, ýaşlaryň geljekde watansöýüji, zähmet endigini ele alan, hünär ussady, ugurtapyjy, kämil adam bolup ýetişmeklerini gazanypdyrlar. Käriňi söýüp, oňa ýürekden ýapyşmak, halallyga uýup, zähmet çekmek arkaly öňegidişlik, ösüş gazanylýar. Köňüllerde beslenen arzuw-hyýallara ýetilýär.
Üns berseňiz, kompýuteriň klawiaturasynyň düwmelerini basyp, makala ýazýan žurnalistiň barmaklarynyň hereketi pianino çalýan sazandanyň barmaklarynyň hereketine çalymdaşdyr. Zämetsöýer ynsanyň çeýe hereketleri ýakymly mukamy ýadyňa salýar. Şol ýakymly owaz bilen dünýä görke gelýär, kalplara röwşen, geljege bolan ynam dolýar. Hawa, zähmetiň joşgunly nagmasyna diň salanyňda, ol seni özüniň hoş owazyna imrindirýär.
Pil bilen işlenende, ýer depýän daýhan tebigat bilen ýakynlaşyp, onuň diline düşünýär. Başgaça aýdylanda, daýhan topragyň we howanyň ýagdaýyna seredip, haýsy wagtda ekin ekilende, ýokary hasyl öndürjekdigine tejribäniň, janypkeşligiň üsti bilen magat göz ýetirýär. Bir söz bilen aýtsak, haýsy kärde işleýän hem bolsaň, halallyk, işjanlylyk bilen gazanan her bir lukmaň bala öwrülýär.
Şu ýerde çekilen halal zähmetiň ynsan mertebesini neneňsi beýgeldýändigi barada bir rowaýaty ýatlap geçmekçi. Gadymy döwürde bir gojanyň üç sany ogly bar eken. Günleriň bir güni ol ese-boýa galan, ýetişen ogullaryny ýanyna çagyryp, şeýle diýipdir: «Ogullarym, men size şu ömrümde halal zähmetim bilen gazanan emlägimi miras paýlamakçy. Bölüp berjek şol mirasym, siziň zähmete bolan garaýşyňyzy ýüze çykarar».
Şeýlelikde, gojanyň uly ogluna jaý, ortanjy ogluna sygyr, körpe oglunyň paýyna bolsa, gulakly pil düşüpdir. Ogullaryň her haýsy öz güni bilen boluberipdir.
Doganlaryň ulusy öýli-işikli bolup, atasynyň beren jaýynda ýaşaberipdir. Ortanjylary bolsa, süýt satyp, gazanç etmegi karar edinipdir. Körpelerine bolsa asylly zähmet — pil bilen işlemek ýetipdir.
Aradan esli wagt geçipdir. Çekilen zähmetiň miwesini görmegiň wagty gelipdir. Uly dogan miras galan jaýda ýaşapdyr. Emma oňa hiç hili eýeçilik gözi bilen garamandyr. Şonuň üçin hem uly we owadan jaýdan nam-nyşan galmandyr, jaýyň görki gaçypdyr. Ortanjy ogly bolsa ýalta bolupdyr. Onuň sygry bolsa gün geldigiçe az süýt bermäge başlapdyr. Körpeleri bolsa pil bilen ýer depip, daýhançylyk bilen meşgullanypdyr. Yhlasyna görä, ýerden bol hasyl alypdyr. Alýan hasylyny ýyl geldigiçe köpeldipdir. Ýetişdiren gök-bakja önümleri, miweleri bolsa hem özüne, hem-de bazarda satyp gazanç etmäge, baýamaga eltipdir. Halal zähmeti bilen gazanç edip, ol hem-ä uly jaýly, hem-de mal-garaly bolupdyr. Doganlary körpeleriniň gazanan üstünligini görüp, onuň ýeke pil bilen baýandygyna haýran galypdyrlar.
Şu ýerde doganlary hem üstünligiň piliň öýde işsiz ýatmagynda däl-de, onuň bilen yhlasly zähmet çekilmegindedigine, başarnykda we päk niýetlilikdedigine düşünipdirler. Olar hem körpe doganlaryndan görelde alyp, zähmet çekmegi öwrenipdirler we öz käriniň ussady bolup ýetişipdirler.
Hawa, jemgyýete peýdaly bolan hünärli, edýän işine ýürekden ýapyşyp, erjellik bilen işleýän zähmet gahrymanlary öz bagtyny hem tapýarlar. Şol zähmetiň miwesi bolan bagtyň eçilýän süýji durmuşynda bagtyýar ömür sürýärler. Watana päk zähmeti bilen hyzmat edýän adamyň il içinde hem abraý-mertebesi hemişe belentde bolýar.
Täzegül KULJIKOWA,
«Bereketli toprak».