Bereket bulagynyň baýramy

Halkymyz ýagşy dilegleriniň arasynda üç zada aýratyn ähmiýet berýär. Berk jan saglyk, agzybirlik, rysgal-bereket. Şu üçlügiň bitewüliginde hem ynsan ömri uzaýar. Agzybirlik bilen päk zähmet çekip bilen adama Beýik Biribar tükenmez döwlet berýär. Döwletli döwran içinde maňlaý deriň miwesini görmek, Hasyl toýuny toýlamak bolsa, halkymyzyň iň oňat däpleriniň birine öwrülip gidipdir.
Toprak bilen bagry badaşan halkymyz irki döwürlerden bäri Hasyl toýuny tutup, il-güne duz dadyrmak bilen zähmeti sarpalap gelipdir. Ýazyň ýaramly gelmegi, tomsuň güýç-kuwwata doldurmagy bilen güýzde bol hasyl ýygnamak türkmen daýhanynyň uly arzuwydyr. Birek-biregiň toý-baýramyny gutlanlarynda hem ildeşlerimiziň: «Çagalaryň eýgiligini görmek, ähli ogul-gyzlaryňy öýli-işikli edip, hasylyňy ýygnamak nesip etsin!» diýen hikmetli arzuwlaryny häli-şindi eşidýäris. Halkymyzyň nesil dowamatynyň hasylyny hasaplamagy ýöne ýere däl. Sebäbi hasyl bilen ene ýeriň görke gelşi ýaly, ynsanlar ogul-gyzlary bilen arkalydyr.
Ene topraga daýhanyň arly ýylyň dowamynda azaply zähmeti, maňlaý deri siňýär. Iň bir girdejili pudak bolan pagtaçylygy we gallaçylygy aňrybaş derejä ýetirýän türkmen daýhanynyň bu günki gün maşgala maýasy uly. Ak bugdaýyň bol hasylyny kemala getirmegi gallaçylaryň başyny göge ýetirýär. Halkymyzyň bolelin durmuşyny üpjün edýär. Toý nygmaty, il-halkyň azyk garaşsyzlygy saýylýan däneçilik bilen meşgullanýan welaýatlarymyzda bugdaýyň iň oňat görnüşleri kemala getirilýär. Bir döwüm çöregi hemme zatdan ýokary saýýan halkymyz üçin bugdaý bolçulygyň çeşmesi.
Pagtaçylyk — türkmen daýhanynyň at-abraýynyň dünýä ýaýramagyna ýardam edýän pudak hasaplanýar. Pagtanyň yrýa zady ýok. Pamygy — egnimize eşik, şulhasy — mallarymyza iým, çigidi — iýmit bolup hyzmat edýär. Dokma toplumlarymyzda arassa ak pagtadan öndürilýän nah matalar, ýüpek pilesinden dokalýan ýüpek-atlazlar dünýä bazarlarynyň ünsüni örkläp gelýär. «Türkmenistanda öndürildi» diýen ýarlyk bilen çykarylýan dürli egin-eşikler, sport eşikleri, düşeklikler we örtükler, dürli ululykdaky çalgyçlar dünýä halklarynyň höwes edip alýan harytlary. Jins toplumlarynda öndürilýän, dünýä ülňülerinde tikilýän jinsi balaklara we penjeklere aýratyn baha berilýär.
Ýurdumyzda miweçiligiň, bakjaçylygyň ösdürilmegi halkyň öz-özüni miwe, gök we bakja önümleri bilen doly üpjün etmegine getirýär. Gadymyýetde dünýä syýahatçylarynyň ünsüni özünde örklän Babarap almalary, Daşoguzyň tüwüsi, Lebabyň gyzyl gülabysy, Marynyň monty üzümleri, Balkanyň zeýtundyr pissesi häzirki günlerimizde hem toý saçaklarynyň bezegi. Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça üzümçiligiň ösdürilmegi, ýeralma ekilýän meýdanlaryň mukdarynyň artdyrylmagy olaryň oba hojalygynyň esasy pudaklarynyň birine öwrülmegine getirýär.
Soňky döwürlerde telekeçiligiň ösdürilmegi bagbançylyk, üzümçilik, bakjaçylyk bilen meşgullanýan ýaşlaryň sanyny artdyrýar. Milli Liderimiz ýurdumyzyň welaýatlarynda iş saparynda bolanda, biz ony maryly bagban ýaşlaryň mysalynda gördük. Olar almanyň üýtgeşik sortuny ösdürip ýetişdirýärler. Boýy pes bolsa-da, hasyllylygy juda ýokary bolan, ak, sary, gyzyl öwüşginlere beslenip duran şeýle almalar düzüminde suwy we demri köp mukdarda saklaýandygy bilenem ähmiýetlidir. Türkmen «Daýhan — mert, ýer — jomart» diýen hikmetli aýtgyny döredipdir. Daýhanyň mertligi zähmetsöýerliginde, galdawlygynda, dözümliliginde jemlenýär. Ol näme ekýän bolsa-da, tä ýetişýänçä meýdan üstünde bolmaly bolýar. Günüň, ýeliň, sowugyň, yssynyň «näzini» çekýär. Şeýdip jan gynap işlenende, toprak bereket eçilýär. Çyn yhlaslara öz miwesini berýär.
Ekin ahyrda ýetişdiren hasylynyň şanyna toý tutmak her bir daýhanyň uly arzuwlarynyň biri hasaplanýar. Ýere tohum taşlanda: «Biriň müň bolsun!» diýip, ekiniň piri hasaplanýan Babadaýhanyň ýoluna sadaka aýdýan türkmen hasylyny ýygnansoň, toý-sadakasyny berýär. Il-günüňi, dogan-garyndaşyňy ýygnap, bir desterhanyň başyna üýşmek örän gowy zat. Saçagyň üstüne öz ýetişdiren miweleriňi goýup, öz eken ak bugdaýyňdan bişirilen toý nygmatlaryny orta çykarmagy halkymyz uly abraý hasaplaýar. Haçan-da bu toý-dabara döwlet derejesinde geçirilende bolsa, zähmetiň rehneti has hem aýdyň bolýar. Ilimizde «Çekseň zähmet — ýagar rehnet» diýilýär. Bu günki gün türkmen daýhany bütin ýylyň dowamynda çeken zähmetiniň miwesini görýär. Hasyl toýuny toýlaýar. Bereket bulagynyň şanyna toý tutmak uly döwletiň, bagtyýar döwranlaryň buşlukçysy. Hasyl toýuňyz gutly bolsun, zähmetsöýer daýhanlar! Toýlaryňyz goşalanyp gelsin, mähriban ildeşler!
Ogulbeg JUMAÝEWA,
«Nesil».