Dil aragatnaşygyň möhüm serişdesidir

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli medeniýetimizi, şöhratly taryhymyzy, ene dilimizi ylmy esasda öwrenmäge aýratyn üns berilýär.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ylym-bilim ösdürilýär, ýaşlar döwrebap terbiýelenýär. Şonuň üçin hem bu günki ýaşlar ene dilimizi we dünýä dillerini suwara bilýärler.
Dil bilmek islendik hünäri ele alan hünärmen üçin, ylmy işler bilen meşgullanýan alym üçin, sözüň doly manysynda her birimiz üçin zerur gerek bolup durýar. Özi hem, ilkinji nobatda, ene diliňi çuňňur bilmek hökmandyr. Ýagny, ene dilimiziň söz baýlyklaryna çuňňur düşünmek, orfografik we orfoepik kadalaryny berjaý etmek, şeýle hem stilistikadan oňat baş alyp çykmak kämilligiň we giň dünýägaraýşyň gözbaşydyr. Çünki dilçi alymlaryň belleýşi ýaly, dil ynsanyň pikirlenişi bilen pugta baglanyşyklydyr. Şonuň üçin hem söz baýlyklary köp bolan ynsanyň pikirlenişi hem ösen bolýar. Munuň özi ynsanyň ene dilini bilmeginiň möhüm ugurdygyny görkezýän mysallardyr.
Pähimdar pederlerimiz dilimiziň baýlyklaryny edebiýatlara, halk döredijiligine siňdirip, has-da baýlaşmagyna goşant goşupdyrlar. Ruhy gymmatlyklarymyz bolan dilimiziň ylmy esasda öwrenilmegi, has-da baýlaşmagy ugrunda beýik işler durmuşa geçirilýär. Şeýle hem dilimizi ýaş nesillere mynasyp öwretmek biziň her birimiziň mukaddes borjumyz bolup durýar.
Ene dilimiz bilen bir hatarda, dünýä dillerini bilmek hem dünýägaraýşyňy ösdürýändigini bellemek gerek. Sebäbi aýdanyňda islendik bir dili öwreneniňde täze bir dünýäni açýarsyň. Şonuň ýaly-da, daşary ýurt dilini öwrenmek dostlukly halklaryň medeniýetine göz ýetirmäge mümkinçilik berýär. Şonuň üçin hem ylmy öwrenýän alymlar, bilim işgärleri daşary ýurt dillerini öwrenmegi maksat edinýärler. Bu dünýä dillerindäki kitaplar, ylmy açyşlar bilen ýakyndan tanyşmaga hem mümkinçilik berýär. Şonuň üçin hem daşary ýurt dilleri hem ynsanyň dünýägaraýşynyň has-da giňemegine oňat ýardam berýär.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ene dilimizi we dünýä dillerini öwrenmek üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Esasan hem okuw kitaplar, gollanmalar çap edilýär. Ylym bilen meşgullanmaga, dünýägaraýşyňy ösdürmäge bu kitaplar möhüm gollanma bolup hyzmat edýär. «Türkmençe-rusça gepleşik sözlügi», «Türkmençe-arapça sport sözlügi», «Sport adalgalarynyň türkmençe-arapça gepleşik sözlügi» ýaly kitaplar hem dil öwrenmäge we öwrenen diliňi kämilleşdirmäge oňat ýardam edýär. Elbetde, şeýle kitaplar, gollanmalar bar bolan mahaly diňe okamak galýar. Dünýä dilleriniň ähmiýetine düşünip, bu günki ýaşlar dilleri yzygider öwrenýärler. Çünki belläp geçişimiz ýaly, dünýä dillerini öwrenmek üçin diňe dilçi bolmak wajyp däldir. Ylym bilen meşgullanýan ýa-da hünärini kämilleşdirip öňdebaryjy pikirlere eýerýän her bir adam dünýä dillerini bilmäge ýykgyn edýär. Şonuň üçin hem dil bilmegiň, dil öwrenmegiň ähmiýeti has-da artyp, her birimiziň ünsümizi özüne çekýär.
Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde dil öwretmegiň iň kämil usullary kemala gelýär. Şunda iň täze enjamlar, kompýuterler we audio ses ýazgylary aýratyn orun eýeleýär. Bu enjamlaryň we ses ýazgylaryň üsti bilen sözleri öwrenmäge mümkinçilik alýarys. Şeýle hem sözleriň aýdylyşyny, manysyny ýat beklemekde kompýuter enjamlaryň aýratyn hyzmaty bardyr. Sözleriň dürs ýazuwyny we ýazuw kadalaryny öwretmekde dürli kitaplaryň, şol sanda sözlükleriň aýratyn orny bar. Şonuň üçin hem häzirki wagtda terjime sözlüklere aýratyn üns berilýär. Esasan hem daşary ýurt dillerini öwrenmekde terjime sözlükler ygtybarly gollanma bolup hyzmat edýär.
Dil – aragatnaşyk serişdesi bolmak bilen, adamlaryň durmuşynda möhüm bolup durýar. Şonuň bilen bir hatarda dil dostluk köprüsi bolup hyzmat edýär. Şonuň üçin hem häzirki bagtyýarlyk döwrümizde dil öwrenmek, bilim almak esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Daşary ýurt dillerini öwrenmekde giň mümkinçilikler we şertler döredilýär. Hormatly Prezidentimiz ýaşlary milli ruhda, döwrebap terbiýelemäge aýratyn üns berýär. Gahryman Arkadagymyzyň halkymyza peşgeş beren «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitapda hem ýaş nesilleri terbiýelemegiň milli ýörelgesi beýan edilýär. Esasan hem ýaşlaryň terbiýesinde ylym-bilimiň aýratyn orun tutýandygyny bellemegimiz gerek.
Hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda şeýle setirler bar: «Iň gymmatly miras terbiýe, terbiýäniň özeni bolsa ylym-bilimdir. Toplanan ylym-bilim tejribeleriniň netijelerini seljerip, şolar esasynda XXI asyrda durnukly ýaşaýşy üpjün etmegiň taglymatynyň döredilmegi möhümdir. Şonda adamyň ukyplary, zehini, mümkinçilikleri babatynda oýlanyşykly çemeleşmek gerekdir». Şeýle hem bu ajaýyp kitapda ata--babalarymyzyň dil hakyndaky parasatly garaýyşlary beýan edilýär. Şunuň özi hem ýaşlara dil öwretmegiň möhüm ugurlaryň biri bolup durýandygyny görkezýär.