Dosty dogan eýleýän ýollar

Hormatly Prezidentimiziň parasatly başlangyçlary netijesinde ata Watanymyzyň gülläp ösmegine, milli ykdysadyýetimiziň kuwwatynyň has-da artmagyna, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň mundan beýläk-de ýokarlanmagyna gönükdirilen döwlet maksatnamalarynyň çäklerinde ägirt uly taslamalar durmuşa geçirilýär. Eziz Diýarymyzda amala aşyrylýan giň gerimli işleriň çäklerinde ähli ulgamlar bilen bir hatarda ulag-aragatnaşyk pudagyndaky möhüm taslamalar we bu ugurdaky halkara hyzmatdaşlygynyň geriminiň giňeldilmegi oňyn netijelerini berýär.
Bagtyýar zamanamyzda Gahryman Arkadagymyzyň ulag-logistika ulgamyny toplumlaýyn ösdürmek boýunça öňe sürýän halkara başlangyçlary Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde, GDA döwletleriniň baştutanlarynyň, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitlerinde, Hazarýaka döwletleriniň baştutanlarynyň duşuşyklarynda we ýokary derejeli beýleki forumlarda beýan edildi. Adamzat siwilizasiýasynyň ösüşinde uly ähmiýete eýe bolan Beýik Ýüpek ýolunyň ýüreginde ýerleşen ata Watanymyz bu günki gün hem Gazagystan — Türkmenistan — Eýran halkara transkontinental polat ýolunyň, Türkmenistan — Owganystan — Täjigistan halkara demir ýolunyň, Ýewropa — Kawkaz — Aziýa (TRASEKA) hem-de Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe (Lapis Lazuli) halkara ulag geçelgeleriniň taslamalaryny durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýar. Ýurdumyzyň çäginde sebitde ulag we logistik gatnawlaryň has-da ösmegine ýardam etjek Aşgabat — Türkmenbaşy we Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýollary gurulýar. Şunlukda, Türkmenistan gaýtadan dikeldilýän Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm halkasyna öwrülýär. Türkmenistan ulag-logistika ulgamynyň meseleleri boýunça iri halkara maslahatlaryň we forumlaryň geçirilýän merkezi hökmünde tanalýar.
Ýatlap geçsek, 2014-nji ýylyň 3-4-nji sentýabrynda Aşgabatda halkara hyzmatdaşlygyny we durnukly ösüşi üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň tutýan ornuna bagyşlanyp geçirilen maslahatyň çäklerinde Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa täze multimodal ulag-üstaşyr geçelgesini döretmek barada dörttaraplaýyn duşuşyk geçirildi. 2015-nji ýylda bu köpugurly ulag taslamasyna Türkiýe Respublikasy hem goşuldy. 2017-nji ýylyň noýabr aýynyň 14-15-i aralygynda Owganystan boýunça sebit ykdysady hyzmatdaşlygynyň VII maslahaty (RECCA VII) geçirildi. Bu forumda Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe «Lapis Lazuli» halkara ulag geçelgesini döretmek boýunça bäştaraplaýyn ylalaşyga gol çekildi. Täze halkara multimodal ulag geçelgesi Merkezi we Günorta Aziýa, Hazar we Gara deňiz ýakalaryny, Ortaýer deňzi sebitlerini öz içine alýan giň geoykdysady çäklerde hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna itergi berer. Taslamanyň durmuşa geçirilmegi goňşy Owganystanda parahatçylygy we durnuklylygy berkitmäge ýardam edip, Gahryman Arkadagymyzyň bütindünýä ähmiýetli ynsanperwer syýasatynyň nobatdaky üstünligine öwrülýär.
«Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» şygary astynda geçen 2018-nji ýylyň 23-nji fewralynda «Lapis Lazuli» ulag geçelgesiniň möhüm halkasy bolan Serhetabat — Turgundy demir ýolunyň açylyp, ulanylmaga berilmegi hem aýratyn ähmiýetli waka boldy. Şol ýylyň 2-nji maýynda Türkmenbaşy şäherinde dabaraly ýagdaýda açylan Halkara deňiz porty ýurdumyzyň ulag-logistika düzüminiň üstüni ýetirip, Ýewropa bilen Aziýanyň arasynda eksport-import amallarynyň has-da artmagyny üpjün etmekde nobatdaky möhüm ädime öwrüldi.
Serhetabat — Turgundy, Kerki — Ymamnazar — Akina halkara geçelgeleriniň ulanylmaga berilmegi Gahryman Arkadagymyzyň goňşy Owganystany Türkmenistanyň ulag-logistika ulgamyna birikdirmek hem-de onuň üsti bilen ulag düzümleriniň halkara ulgamyna goşmak baradaky tagallalarynyň netijesidir. Bu ýoluň gurluşygyny Türkmenistanyň dolulygyna öz üstüne almagy milli Liderimiziň alyp barýan dünýä nusgalyk ynsanperwer syýasatynyň aýdyň nyşanydyr.
Bu gün hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän ulag-logistika syýasaty halkara derejesinde gyzgyn goldawa eýe bolýar. Milli Liderimiziň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2014-nji ýylyň 19-njy dekabrynda «Durnukly ösüş üçin halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň orny», 2015-nji ýylyň 22-nji dekabrynda «Durnukly köpugurly ulag-üstaşyr geçelgeleriniň döredilmegine ýardam bermek maksady bilen ulaglaryň ähli görnüşleriniň arasynda hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygyň üpjün edilmegi ugrunda», şeýle hem 2017-nji ýylyň 20-nji dekabrynda «Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak bilen baglylykda ulaglaryň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly Kararnamalar biragyzdan kabul edildi. 2018-nji ýylyň başynda Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Ženewa şäherinde BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň içerki ulag boýunça komitetiniň 80-nji mejlisi geçirilip, onuň barşynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistany bu komissiýanyň býurosynyň agzalygyna saýlamak baradaky çözgüt kabul edildi. Şol kararnamalardyr çözgütler döwlet Baştutanymyzyň ulag diplomatiýasy ugrunda öňe sürýän başlangyçlarynyň halkara bileleşiginiň belent ynamyna mynasyp bolýandygynyň aýdyň beýanydyr.
Baky Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllyk baýramynyň giňden bellenilýän ýylynyň 30-njy oktýabrynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Awtoulag kärhanalar toplumynyň we Awtomobil mekdepleriniň birleşiginiň okuw-türgenleşik merkeziniň açylmagy hem döwrebap ulag ulgamynyň döredilmeginiň ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Bu logistika merkezi halkara ýollaryň strategik taýdan ähmiýetli çatrygynda ýerleşen ýurdumyzyň ulag-üstaşyr kuwwatyny has-da berkitmek üçin berkarar Watanymyzda uly mümkinçilikleriň döredilýändigini nobatdaky gezek görkezdi.
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistan baky Bitaraplyk we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine ygrarly bolup, diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, tutuş adamzadyň bähbidine gönükdirilen ynsanperwer syýasaty alyp barýar. Ýurdumyz sebit we halkara derejesindäki iri taslamalaryň başyny başlaýyjy hökmünde çykyş edip, häzirki döwrüň wajyp meseleleri boýunça netijeli teklipleri öňe sürýär. Milli Liderimiziň parasatly başlangyçlary esasynda döredilýän dost-doganlyk ýollary halklary we medeniýetleri bir-birine baglap, bütin dünýäde parahatçylygy hem-de ählumumy abadançylygy pugtalandyrmakda möhüm ähmiýete eýe bolýar.