Ter gök önümler supramyzy bezär

Baky Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllyk senesiniň dabaralanýan günleri halkymyzyň bagtyýar durmuşyna gönükdirilen möhüm ähmiýetli binalardyr desgalaryň açylyş dabaralary bilen utgaşýar. Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherinde, ýagny Uly Balkan dagynyň degresinde mes toprakly «Düzmergen» ýaýlasynda gurlan täze döwrebap ýyladyşhananyň açylşy buýsançly waka öwrüldi. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň işjeň agzasy, telekeçi Halmämmet Amanmämmedowa degişli bolan täze ýyladyşhananyň işe girizilmegi bilen bu ýerde zähmetsöýer daýhanlaryň ýetişdiren oba hojalyk önümleriniň sergisi hem guraldy. Sergi agrosenagat toplumynyň gazanýan üstünliklerine göz ýetirmäge giň mümkinçilik döretdi.
Ýylyň tutuş dowamynda gök önümleriň dürli görnüşlerini ösdürip ýetişdirmäge niýetlenilen ýyladyşhananyň uzak möhletleýin alan 22 gektar ýeriniň 5 gektarynda ýylylyk, çyglylyk, suwaryş ulgamlary, şol sanda alnyp barylýan beýleki işlerde döwrebap tehnologiýalara we işläp taýýarlamalara, kämil kompýuterlere daýanylýar. Gollandiýadan getirilen tohumlaryň görnüşlerinden ýetişdirilen pomidoryň ilkinji hasylyny ýygnap almaklyk şu ýylyň noýabr aýynyň ahyrlaryna başlanyp, bu iş geljek ýylyň iýun aýynyň ortalaryna çenli üznüksiz dowam eder. Ösüp oturan pomidor şitilleriniň her bir düýbi möwsümiň dowamynda 7 kilogramdan 17 kilograma çenli hasyl berer, munuň özi ýyladyşhanadan alynjak hasylyň umumy möçberiniň 1 müň tonna barabar boljakdygyna şaýatlyk edýär. Täze pomidor şitillerini oturtmak işleri bolsa awgust aýynyň ahyrlaryna başlanar.
Ýaşajyk şitilleriň dürli mineral dökünler arkaly baýlaşdyrylan suw bilen suwarylýandygyny bellemek gerek. Syzylyp çykýan artykmaç suwlar bolsa ýörite akarjyklaryň üsti bilen bir ýere toplanylyp, ýyladyşhananyň golaýyndaky 5 gektar meýdanda kemala getirilen dürli miweli baglary suwarmakda netijeli peýdalanylýar. Şeýle etmegiň miweli baglaryň hasyllylygyny ýokarlandyrýandygyny ylmy tejribeler tassyklaýar. Pomidor güllerini tozanlandyrmakda ýörite taýýarlanylan iş arylary peýdalanylýar. Olaryň her biriniň günüň dowamynda 4 müň 500 sany güli tozanlandyrmaga ukyplydygyny hünärmenler aýdýarlar.
Täze iş orunlarynyň 60-a golaýynyň döredilmegini üpjün eden ýyladyşhanada geljekde ýetişdirilýän gök önümleriň görnüşlerini köpeltmegiň, gaýtadan işleýän önümçiligi ýola goýmagyň göz öňünde tutulmagy tejribeli telekeçiniň döredijilikli işleýändigini aňladýar. Häzirki wagtda türkmen telekeçilerimiz hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda hususyýetçiligi ösdürmek babatdaky aladalaryna mynasyp iş netijeleri arkaly jogap bermekde yhlaslaryny, ukyp-başarnyklaryny gaýgyrmaýarlar. Baky Bitaraplygymyzyň taryhy senesine mynasyp toý serpaýy bolan täze döwrebap ýyladyşhana halkymyzy ýerli gök önümler bilen bolelin üpjün eder. Bu bolsa Gahryman Arkadagymyzyň öňde goýýan anyk wezipeleriniň Balkan topragynda hem mynasyp çözgütlere eýe bolýandygyny ýene bir ýola ähli aýdyňlygy bilen subut edýär.