«Jahandan» jahana ýaýylar türkmen

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW:
— Häzirki döwürde Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň ykdysady kuwwaty has-da pugtalanýar, sanly ulgamy hem-de häzirki döwrüň iň kämil tehnologiýalaryny ornaşdyrmakda uly ösüşler gazanylýar, bagtyýar halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş, medeni, aň-bilim derejesi yzygiderli ýokarlanýar.
Bu sözler Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen gurlup, geçen anna güni açylyp, ulanmaga berlen «Jahan» döredijilik merkezine baryp, ol ýerde döredilen mümkinçilikler bilen tanşanymyzda serimize gelen ilkinji pikirleriň biri boldy.
Ýaş nesil — geljege binýat
Her gezek ösüp oturan ýaşajyk nahal görenimde, ösüp gelýän ýaş neslimiz göz öňümde janlanýar. Yhlas bilen idegi ýetirilýän nahaljyklar düýplerini ýere berk urmak bilen pajarlap ösýär. Eşretli zamanamyzyň bagtdan paýly ýaşlary hem eziz Watanymyzyň gujagynda ähli taraplaýyn aladalar bilen gurşalyp, dünýä ülňülerine laýyk gelýän mümkinçiliklerden peýdalanyp ulalýarlar.Hormatly Prezidentimiziň Atalyk aladasy bilen amala aşyrylýan beýik işler, durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeler, ilkinji nobatda, ýaş nesliň ylymly-bilimli, giň düşünjeli, sagdyn bolup ýetişmegi üçin niýetlenilýär. Şeýle-de ol beýik işler ýurdumyzy dünýä tanatmagy nazarlaýar. Islendik ýurt dünýä derejesinde ilki bilen özüniň ösen medeniýeti-sungaty bilen tanalýar. Ynha, Gahryman Arkadagymyzyň ýaş neslimize, galyberse-de bütin halkymyza sowgat eden “Jahan” döredijilik merkeziniň mysalynda-da muňa aýdyň göz ýetirýäris.
Şu ýerde ilki bilen bir zada ünsi çekmek isleýäris. Biz gurlup ulanmaga berilýän ajaýyp binalaryň gözegelüwli, ýokary derejede ösen tehnologiýalar bilen üpjün edilip, milli öwüşginde gurlandygyny gaýta-gaýta nygtaýarys. Elbetde, bu dogry, ýöne onuň şol durkuna gelmegi üçin hormatly Prezidentimiz hemişe olar bilen gyzyklanyp, heniz gurluşygy gutarmanka, derwaýys tekliplerini, görkezmelerini berip, onuň oňat hilli bolmagy üçin aladalanýar. Hut şu jähetden hem paýtagtymyzda we ýurdumyzyň sebitlerinde alnyp barylýan gurluşyk işlerini elmydama üns merkezinde saklaýar. Biz bilýäris, şu ýylyň sentýabr aýynyň 8-ine Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyz boýunça amala aşyran iş saparynyň barşynda bu döredijilik merkeziniň gurluşygy boýunça alnyp barylýan işler bilen hem jikme-jik tanyşdy.Şonda döwlet Baştutanymyz bu binany “Jahan” döredijilik merkezi diýip atlandyrmak baradaky teklibi makullady hem-de merkeziň netijeli işlemegine ak pata berdi. Ýaş nesli sazlaşykly terbiýelemek we ösdürmek, olara döwrebap bilim bermek meseleleriniň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini aýtdy we “Jahan” döredijilik merkeziniň bu ugurda öňde goýlan wezipeleri çözmäge işjeň gatnaşmalydygyny nygtady.
Döwlet Baştutanymyz merkezde çagalaryň döredijiligi we olaryň ukyplarynyň ösüşi üçin oňaýly şertleri döretmegiň wajypdygyny aýratyn nygtap belledi. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň ýaş nesiller barada edýän aladalarynyň mysalydyr.
Döredijilik maksatly düzümler
Täze açylan “Jahan” döredijilik merkezinde döwrüň iň kämil tehnologiýalary we ösen tehniki serişdeleri bilen üpjün edilen uly we kiçi tans toparlary üçin aýratyn zallar bar. Zenanlar üçin hem gündogar sport maşklary zaly, gelin-gyzlar üçin fitnes zaly, ses studiýasy, suratkeşler üçin otag, orkestr üçin zaly-da bar. Şeýle-de tikin we el işleri bölümi, maslahatlar zaly, köpugurly sport zaly, wokal saz gurallar topary we kiçi hor topary üçin taýýarlyk otaglary ýaly ençeme döredijilik maksatly düzümler bar. Olaryň baryna milli öwüşginleriň berlendigini bolsa aýratyn nygtamalydyrys. Gahryman Arkadagymyz ýaşlarymyzy milli ruhda terbiýelemegimiziň zerurdygyny hemişe belleýär. Çünki milli mirasymyza, däp-dessurlarymyza, ata-baba dowam edip gelýän ýol-ýörelgelerimize esaslanyp terbiýelenen ýaşlar watansöýüji, şu Diýaryň ösüşine-özgerşine goşant goşýan ýaşlar bolup ýetişer. Merkezde gyzjagazlaryň milli el hünärleri bilen meşgullanmagy üçinem ähli şertler döredilendir. Ýaş nesli milli ruhda terbiýelemekde bolsa Gahryman hem mähriban Arkadagymyzyň bize peşgeş beren atalyk kitaplary biziň üçin gymmatly gollanmadyr, terbiýe mekdebidir. Hormatly Prezidentimiziň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly ajaýyp kitaby hem bu babatda bahasyna ýetip bolmajak gymmatly eserdir.Ýaş nesliň ruhy taýdan ösüşi ilkinji nobatda olaryň beden taýdan ösüşi bilen berk baglanyşyklydyr, şoňa görä-de hormatly Prezidentimiz ýaşlaryň berk bedenli bolup ýetişmegi ugrunda uly alada edýär. Ýaşlary sporta, köpçülikleýin bedenterbiýä çekmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Bu täze merkezde hem ýaşlaryň sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmagy üçin ähli mümkinçilikler döredilendir. Şunuň bilen birlikde, bedenterbiýe maşklaryny ýerine ýetirmäge niýetlenen zallar häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyklykda enjamlaşdyrylypdyr.
Merkezde ýörite tans gurnaklary hem hereket eder. Ýaşlar milli tanslar, şeýle-de häzirki zaman tanslaryň dürli görnüşleri boýunça türgenleşerler.
Gülşenli günler
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda her bir garşylaýan günlerimiz gülşenli günler bolup taryhymyza ýazylýar. Elbetde, şeýle zamananyň gujagynda ýaşamak sözüň doly manysynda bagtyýarlykdan nyşandyr. Hemişelik Bitaraplygymyzyň 25 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda durmuşa geçýän beýik işler türkmen Bitaraplygynyň manysyny has-da giň açyp gidip otyr. Bu milli baýramymyza bagyşlanyp açylan “Jahan” döredijilik merkezi hem baky Bitarap ýurdumyzyň parahatsöýüjilik syýasatyny, milli gymmatlyklarymyzy dünýä ýaýar. Has dogrusy, “Jahan” döredijilik merkezinden türkmen jahana ýaýylar. Bular dogrusynda öňňin Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde geçirilen hoşallyk maslahatynda hem giňişleýin beýan edildi. Ol ýerde çykyş edenleriň her biri Gahryman Arkadagymyza müň kerem alkyş aýtmak bilen, gurlup ulanmaga berilýän bu ajaýyp binalar ýaş nesillerimiziň kämil hünärmenler bolup ýetişmeginde, medeniýetimiziň we sungatymyzyň milli ruha ýugrulyp has pajarlap ösmeginde, Watanymyzyň binýadynyň berkemeginde aýratyn mana eýe boljakdygyny tüýs ýürekden nygtadylar. Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewanyň goşgy setirlerinde:
Öwüsýär ýurtda erkinligiň şemaly,
Güýje berdi Beýik Ogluň kemaly.
Synlap durun görke gelen jemaly,
Döwrüň bilen bagtyýar biz, Arkadag!
Ömrüň bilen bagtyýar biz,Arkadag!
— diýip bellenilişi ýaly, biz mähriban Arkadagymyzyň saýasynda bagtly günleriň gujagynda ýaşaýarys, has bagtyýar ertirlere täze ösüşler bilen ynamly barýarys.
                                    Ogulkeýik PAŞŞYÝEWA.