«Köpetdag» wagtyndan öň çempionlyk derejesini gazandy

Şu gün, 31-nji oktýabrda futzal boýunça ýurdumyzyň Naýbaşy ligasynda 23-nji tapgyryň duşuşyklary geçirildi..
Tapgyryň merkezi duşuşygy ýaryş tertibiniň öňbaşçysy «Köpetdag» bilen «Migrasiýa» toparlarynyň arasynda geçirildi. Bu duşuşykda hüjümde şowly oýnan «Köpetdag» 4:0 hasabynda ýeňiş gazanyp, futzal ligasynyň tamamlanmagyna 5 tapgyr galanda çempionlyk derejesini gazandy. «Köpetdag» toparynyň geçen möwsüm hem futzal boýunça ýurdumyzyň Naýbaşy ligasyny birinji orunda tamamlandygyny ýatladýarys.
«Gümrükçi» bilen duşuşan «Serhetçi» garaşylmadyk ýagdaýda ýeňiş gazandy (4:3). Tapgyryň beýleki duşuşyklarynda «Senagatbank» «Deňizçi» bilen 1:1 hasabynda deňme-deň oýnady, «Daýhanbank» bolsa «Olimpi» 20:2 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi.
Şeýlelikde 23 tapgyrdan soň 61 utuk toplan «Köpetdag» topary birinji orny eýelemegini dowam edýär. 44 hem-de 38 utukdan toplan «Senagatbank» bilen «Migrasiýa» toparlary ikinji, üçünji orunlary eýeleýärler.
Çeşme: http://tff.com.tm