Dünýä giňişligine ýene bir ýol

Merkezi Aziýada oba hojalyk önümlerini öndürijileriň aglabasy söwda bazaryny sebitden daşary hem giňeltmäge taýýar. Şu sebäpden, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Halkara ösüş gullugy (USAID) Merkezi Aziýa ýurtlaryndan miwe we gök önümleri eksport edýän taraplaryň sanawyny neşir etdi. Bu sanawy düzmegiň esasy maksady dünýä alyjylary üçin maglumat goruny döretmekden ybaratdyr.
Merkezi Aziýa ýurtlaryndan miwe we gök önümleri eksport edijileriň 120-den gowragyny öz içine alýan sanawda türkmenistanly telekeçiler barada hem jikme-jik maglumatlar bar.
Bu neşir öz okyjylaryna Merkezi Aziýadan miwe we gök-bakja önümlerini eksport etmekde ulaglara sarp edilýän harajatlary görkezmegi bilen tapawutlanýar.
Sanaw import edijiler, paýlaýjylar, bölek-satuw we halkara söwda ýarmarkalaryny guraýjylar üçin ýakyn gollanma bolup hyzmat edýär.