Baky Bitaraplygymyzyň 25 ýyllygyna — 25 million düýp nahal!

...Irden, tylla güýzüň saba-säherinde paýtagtymyzyň «On ýyl Abadançylyk» köçesinden süýnüp ugran awtobusdan ýolýakadaky ak mermerli belent binalarydyr olara bezeg berip oturan daragtlary synlap barşyma öten agşam «Watan» habarlar gepleşiginde eşiden habarym bilen bagly oý-pikirlerim ýene-de aňyma doldy.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň şu hepdäniň penşenbe güni geçirilen mejlisinde berlen hasabatda aýdylyşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň 2020-nji ýylyň 31-nji ýanwarynda çykaran Kararyna laýyklykda, ýurdumyzyň ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimlikleri tarapyndan şu ýylda jemi 10 million düýp bag nahallaryny ekmek bellenilip, bu ugurdaky işlere giňden taýýarlyk görülýär. Hormatly Prezidentimiz mejlisde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça alnyp barylýan işleri has-da ýaýbaňlandyrmak hem-de eziz Watanymyzyň baky Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli ekilýän bag nahallarynyň möçberini artdyrmak, şeýle hem Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, degişli Karara gol çekdi. Kararda ekilmegi bellenen 10 million düýp nahala goşmaça 15 million düýp saýaly, pürli, miweli bag we üzüm nahalyny ekmek göz öňünde tutulýar.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda daşky gurşawy goramak, tebigatymyza aýawly garamak bilen, onuň gözelligini hem-de baýlyklaryny geljekki nesiller üçin saklamak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolmagynda galýar. Ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek maksady bilen, milli we ählumumy derejede uzak möhletli Milli tokaý maksatnamasy durmuşa geçirilýär. Şu geçen ýyllarda mähriban Diýarymyzyň dürli künjeklerinde, paýtagtymyzyň golaýyndaky dag eteklerinde müňlerçe gektara uzaýan tokaý zolaklary döredilip, ozal ýalazy gerşini Günüň ýiti tyglary gazap ýatan baýyrlar birgeňsi gözellige bürenip, misli begres don geýen dek boldy.
Gahryman Arkadagymyzyň yzygiderli üns-aladasy netijesinde, Merkezi Garagumdaky «Altyn asyr» Türkmen kölüniň töwereginde tokaýlyklar emele gelýär. Çöllük ýerler tanalmaz derejede özgerýär, topragyň şorlaşmagynyň we çölleşmegiň öňüni almak maksady bilen, Aral deňziniň töwereklerinde, Bötendagda, Sarygamyş kölüniň kenarlarynda müňlerçe gektara ýetýän tokaý zolaklary kemala geldi. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda sanlyja ýylda ýetişen ümürsin tokaýlyklary bolsa görmäge göz gerek diýleni! Özem olaryň ählisinde — adyny tutan ýerlerimizde hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda geçirilen ählihalk bag ekişliklerinde aksakgal ýaşulularymyzdyr ak saçly mährem enelerimizden başlap, dürli kärdäki adamlar bolup, agzybirlikde nahal oturtmak — ýurt abadançylygyndan, asudalygyndan, bir başa bakmakdan nyşan. Geljegimiziň mundan-da nurana boljakdygyndan nyşan.
Türkmen halkynyň dünýäde ykrar edilen milli Lideri, hormatly Prezidentimiz ählumumy ekologiýa abadançylygyny gazanmak, howanyň üýtgemegi bilen bagly emele gelýän ýaramaz täsirlere garşy göreşmek, tebigata aýawly çemeleşmek bilen bagly başlangyçlary orta atyp, halkara guramalaryň belent münberlerinden yzygiderli çykyş edýär. Ol başlangyçlar halkara jemgyýetçiligi tarapyndan diňlenilýärem, oňlanylýaram, çünki ol başlangyçlarda geljekki nesiller üçin ählumumy öýümiziň — Ýer togalagynyň ekologiýa abadançylygyny üpjün etmegiň ýollary salgy berilýär.
Bu ägirt uly tutumlary bir ýere jemläniňde, daşky gurşawy goramak, ekologiýa meseleleriniň milli Liderimiziň ýöredýän syýasy işinde juda möhüm orun eýeleýändigine ýene bir ýola akyl ýetirýärsiň.
                                    ***
Tebigat bilen sazlaşyklylyk, oňa hossarlyk gözi bilen garamak türkmeniň owal-ahyr zandynda, ganynda ýaşap gelýän häsiýet. Bu hemme halka hem mahsusdyr welin, emma türkmeniň baga, daragta, haýwana, guşa garaýşynda hamraklyk, mähremlik aýratyn mesaňa bolup dur. Hut şeýlekin mährem gatnaşyk netijesinde hem halkymyz şan-şöhraty dünýä dolan gamyşgulak bedew atyny, alabaý tohum itini, saryja goýnuny, arwana düýesini kemala getiripdir. Galyberse-de, ösüp oturan baga, daragta dilsiz-agyzsyz närse hökmünde däl-de, bu dünýäniň özümiz bilen deňli-derejeli ýaşaýjysy hökmünde garamak aňrybaş ynsanperwerlikden nyşan dälmidir?!
Halk mirasyna, çeper edebiýata nazar aýlanyňda, bag hakynda «gojaman daragt», «körpe nahal» diýilýär. Sähel dykgat etseň, bu jümlelerde bagy ynsanlaşdyrmak alamaty bar. Köp ýaşan daragtyň aksakgal goja, ýaňy topraga oturdylan gök nahalyň körpe çaga deňelmesi ynsan durmuşyndan habar berýär. Çaga «aýak bitdi», ýere sünjülen nahala «kök tutdy» diýilmesem biri-birinden üzňe ahwalatlar däl...
Hawa, Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda ýene sanly günden, ýagny 7-nji noýabrda abadan, asuda Diýarymyzyň ähli künjeginde, ulus-ilimiziň agzybirlikde gatnaşmagynda güýzki bag ekmek dabarasy geçiriler. Onda baky Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllygyna millionlarça düýp bag nahaly oturdylar. Şahyryň wasp edişi ýaly, bagy-bossan Diýarymyzda salkyn saýaly, belent başly daragtlaryň ýene-de millionlarçasy kemala geler. Munuň özi milli Liderimiziň ählumumy abadançylyga, ynsanperwerlige, parahatçylyga ägirt uly goşandydyr.
Şahyr «Kimde-kim bir agaç ekse ýadygär, dünýä kitabynda onuň ady bar» diýýär...
Geliň, bag ekeliň, dünýäniň kitabyna adymyzy ýazalyň! Goý, ol bagymyz geljek nesillere saýa salsyn, alys ýol söküp gelýän ynsanyýet onuň saýasynda dyz epsin, dynjyny alsyn!