Sagdynlygyň girewi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň 27-nji fewralynda tassyklan «Türkmenistanyň ilatynyň sagdyn iýmitlenmegi boýunça 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasy» ýurdumyzda bu ugurda uly işleriň amala aşyrylýandygynyň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Maksatnamanyň esasy maksady sagdyn iýmitlenmegiň ählumumy kadalaryny we ýörelgelerini giňden ornaşdyrmakdan, tejribä degişli maslahatlary işläp taýýarlamak arkaly ilatyň saglygyny pugtalandyrmakdan, raýatlaryň ömrüniň dowamlylygyny artdyrmakdan, kadalaşdyrylmadyk iýmit bilen bagly keselleriň öňüni almakdan ybarat bolup durýar. Şeýle-de, maksatnamada ilatyň arasynda sagdyn iýmitlenmegiň saglygy berkitmegiň we keselleriň öňüni almagyň ygtybarly serişdesi bolup durýandygy barada wagyz-nesihat işlerini geçirmek, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň esaslaryny we beden taýdan işjeňligiň möhümdigini wagyz etmek boýunça yzygiderli çäreleriň amala aşyrylmagy aýratyn nygtalýar. Bu ugurdaky işlerde maglumatlar we guramaçylyk-usuly taýdan goldaw bermek, azyk önümleriniň hiline we howpsuzlygyna gözegçiligi üpjün etmek, şeýle hem her bir raýatda sagdyn iýmitlenmegiň endiklerini terbiýelemek meselelerine uly üns berilýär.
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň bu ugurdaky düzgünlerine we halkara kadalaryna, milli tejribä esaslanýan bu maksatnama ekologiýa we arassaçylyk baradaky talaplara laýyklykda, ýurdumyzda azyk önümçiliginiň, tebigy-howa şertlerinde sagdyn iýmitlenmegiň görnüşlerini we usullaryny ylmy taýdan öwrenmek boýunça degişli hünärmenleriň taýýarlanylmagyna hem gönükdirilendir.
Halkymyzyň saglygyny kesgitleýän esasy alamatlarynyň biri hem iýmit önümleri bolup durýar. Şol sebäpli hem ýurdumyzda «Iýmit önümleriniň hili we howpsuzlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny ýerine ýetirmek maksady bilen daşary ýurtlardan getirilýän iýmit önümlerini döwlet tarapyndan bellige almagyň, barlaghana synaglarynyň we arassaçylyk, gözegçilik barlaglarynyň geçirilmeginiň netijesinde ilata hödürlenýär. Şeýle-de, diňe bir daşary ýurtlardan getirilýän iýmit önümleri däl, eýsem, öz ýurdumyzda öndürilýän azyk önümleri-de barlaghanalardan geçirilýär we howanyň gyzmagy bilen zaýalanan ýa-da döwlet standartlarynyň talaplaryna laýyk gelmedik ýagdaýynda bellenilen tertipde dolanyşykdan aýrylyp ýok edilýär.
Adam üçin saglykdan gymmatly zat ýok. Ýaşaýşyň hem-de gazanylýan ähli üstünlikleriň gözbaşynda saglyk durýar. Halkymyz gadymy döwürlerden bäri sagdyn durmuş ýörelgelerine pugta eýerýär. Çaga terbiýesine, şol sanda naharlanmak edebine-de uly üns berilýär. Saglyk adamyň iýmitine we sagdyn durmuş ýörelgesine eýermegine bagly bolup durýar. Biz her hili zyýanly endiklere, şol sanda az hereket etmeklige, nädogry iýmitlenmeklige, çilim çekmeklige, ýagny, saglygymyzyň ýaramazlaşmagyna ýol bermeli däldiris.
Sagdyn durmuş ýörelgesine her bir adam ýaşlygyndan başlap, ony yzygiderli dowam etdirmelidir. Beden hem-de ruhy arassalygyny hemişe berjaý edip, ýeterlik hereketde bolmaly we kadaly iýmitlenmeli. Gün, arassa howa we suw bedene derwaýys zatlardyr. Görşümiz ýaly, sagdyn bolmak ilki bilen özümize, saglygymyza bolan garaýşymyza, medeniýetimize bagly. Ýene-de bellemeli möhüm zatlaryň biri, her bir adam saglyk hakyndaky düşünjesini elmydama artdyrmak bilen bolmaly. Saglyk bilen bagly wagyz-nesihat serişdelerini, kitapçalary yzygider okamaly, öwrenmeli, netije çykarmaly.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde mähriban halkymyzyň saglygyny goramak, ýokanç keselleri düýbünden ýok etmek, ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak, saglygy goraýyş ulgamyny halkara derejelerine laýyklykda ösdürmek babatda bitirilýän beýik işler ähli ildeşlerimizi guwandyrýar.
Goý, mähriban halkymyzyň saglygyny üpjün etmek babatda taýsyz tagallalary edýän hormatly Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli tutumly işleri mundan beýläk-de rowaç bolsun!