Baýramçylyk lybasly ak şäher

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen barha görkana keşbe eýe bolýan Aşgabat bu günki gün dünýä derejesinde ösen şäherleriň hataryna üstünlikli goşulyşýar. Milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda halkara abraýy gün-günden Arşa galýan eziz Diýarymyzyň paýtagty häzirki wagtda halkara derejesindäki iri syýasy, ykdysady we medeni merkeze öwrüldi. Ýurdumyzda giňden toýlanylýan hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllyk baýramynyň halkara derejesinde bellenilýändigi hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär.
Mälim bolşy ýaly, şu ýyl BMG-niň Baş Assambleýasynyň «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» hakyndaky Kararnamany kabul edenine 25 ýyl dolýar. Bu şanly sene mynasybetli 2020-nji ýyl «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýlip yglan edildi. Halkymyz üçin mukaddes bolan bu baýramçylygy ýylyň ilkinji günlerinden başlap bagtyýar raýatlarymyzyň toýlap, zähmet üstünliklerine besläp gelýändigi hem buýsanç bilen bellenilmäge mynasypdyr. Paýtagtymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde netijeli işler yzygiderli amala aşyrylýar. Täze gurlup ulanylmaga berilýän medeni-durmuş maksatly iri desgalar, jemgyýetçilik binalary ak şäherimiziň gözelliginiň aýrylmaz bölegine öwrülýär. Olaryň arasynda golaýda ulanmaga berlen 21-nji ýöriteleşdirilen terbiýeçilik-okuw mekdebiniň, Halkara Ýanyk şikeslerini bejeriş merkeziniň hem-de Estetiki merkeziniň döwrebap binalary bar.
Häzirki wagtda hemişelik Bitaraplygymyzyň 25 ýyllyk baýramyny döwlet derejesinde mynasyp garşylamak ugrunda ýokary derejeli taýýarlyk işleri batly depginler bilen dowam etdirilýär. Bu şanly baýramyň şanyna ýurdumyzyň dürli künjekleri bilen bir hatarda, toý lybasyny geýnen paýtagtymyzyň ähli ýerlerinde hem joşgunly çäreler geçirilýär. Gözel şäherimiziň şaýollarydyr köçeleriniň ugrunda ýerleşdirilen elektron tablolarda, jemgyýetçilik desgalarynyň töwereklerinde, ýüzünde kämil yşyklandyryş ulgamlary arkaly döredilen «Bitarap Türkmenistana 25 ýyl» ýazgylary, baýramçylyk gutlaglary ähli raýatlarymyzyň kalplarynda joşýan buýsanç duýgularyny goşalandyrýar. Nurana paýtagtymyzdaky ak mermerli gözel binalar, salkyn saýaly gür baglyga bürenen seýilgähler, ýaşyl zolaklar eşretli zamanada ýaşaýan mähriban halkymyzyň asuda, bagtyýar durmuşyny aýdyň şöhlelendirýär. Ak şäherimiziň çar künjegini bagy-bossanlyga öwürmekde, baýramçylyk joşgunyny paýtagtymyzyň mähriban keşbinde ussatlyk bilen şöhlelendirmekde Aşgabat şäher häkimliginiň Jemagat hojalygy müdirliginiň Arassalaýyş, abadanlaşdyryş birleşiginiň etrap arassaçylyk müdirlikleriniň ussat işgärleri yhlasly zähmet çekýärler.
Goý, ýurdumyzyň halkara abraýyny belende galdyrýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, başy dik, tutýan tutumly işleri elmydama rowaç bolsun!
Oguljennet PAŞYKOWA,
«Aşgabat».