Siz kadaly iýmitlenýärsiňizmi? (Ýaşlar we saglyk)

Dogry iýmitlenmek aşa semizligiň we keselleriň öňüni alýar
Bizden millionlarça esse uzaklykda ýerleşýän älem giňişligindäki sanýetmez jisimlerden başlap, maddanyň iň kiçi bölegi bolan atoma çenli ähli zat üýtgewsiz sazlaşykda we kesgitlenilen kadalara laýyklykda hereket edýär. Günüň dogup-ýaşmagy, pasyllaryň çalşyp durmagy, agaçlaryň ýapraklarynyň düşmegi, olaryň gaýtadan janlanmagy, gije-gündiziň emele gelmegi... garaz, tebigatda aňymyza gelip biljek ähli hadysalar üýtgewsiz bir bitewi sazlaşygy döredýär. Bu sazlaşyk örän inçeden yzarlanýan kadalara esaslanyp, iňňän kiçijik üýtgeşmäniň hem ýaşaýşyň şol kadalara laýyklykda dowam etmezligine sebäp bolup bilýär. Mysal üçin, Ýer şarynyň okunyň egikliginiň 23,5 dereje bolmaklygy pasyllaryň çalşygyny amala aşyrýar. Eger-de bu ölçeg üýtgäýse, onda pasyllar emele gelmeýär. Mundan başga-da, tokaýlaryň, ösümlikleriň dünýäni kislorod bilen üpjün etmegi, ozon gatlagynyň planetamyzy zyýanly şöhlelerden gorap durmagy ägirt uly sazlaşykdan nyşandyr.
Dünýädäki iň kämil ýaradylyş bolan ynsan hem şol bitewi sazlaşygyň esasy düzüjisidir. Ynsanyň beden agzalaryndaky kämillik, olaryň öz wezipelerini amala aşyrmaklaryndaky özara sazlaşyk şeýle bir ýokarydyr, hatda beýle sazlaşyk dünýäde adam eli bilen döredilen hiç bir tehnologiýada-da ýokdur we ol asla bolup hem bilmez. Emma kähalatlarda şol sazlaşygyň bozulmagy garaşylmaýan ýagdaýlar bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Planetamyzdaky sazlaşygyň bozulmagy bilen ähli janly-jandarlaryň ýaşaýşy howp astynda galýan bolsa, ynsan bedenindäki sazlaşygyň üýtgemegi bilen onuň saglyk ýagdaýyna howp abanýar. Ynsan bedenindäki sazlaşygyň bozulmagyna täsir edýän üýtgeşmeleriň iň esasysy hökmünde bolsa, iýmitlenmegiň kadalarynyň dogry berjaý edilmezligini görkezmek bolar.
Bu ýagdaý, aýratyn hem, ýaşlarda has çynlakaý mesele hökmünde ýüze çykýar. Wagtyňy netijeli we rejeli ulanyp bilmezlikden başlanýan howlukmalar, gyssanmaçlyklar, aljyraňňylyklar köplenç halatda ýaşlaryň ertirlik naharlaryny edinmän gitmeklerine sebäp bolýar. Şeýdibem, bedenimizde ertirlik edinmek zerurlygy has ýiti duýulýar. Emma muňa garamazdan, kadaly ertirlik edinmän okuwa ýa-da işe howlugyp çykyp gidýän ýaşlar ýolda barýarka dükanlara ýa-da garbanyşhanalara sowulýarlar. Şeýle ýerlerden bolsa olar köplenç elleri gazly içgili, hamburgerli, hotdogly, pizzaly, fitçili, somsaly ýa-da dürli konditer önümli çykýarlar. Ýewropa ýurtlarynda «fast food» ýa-da «snack food» diýlip atlandyrylýan we çalt garbanmaga niýetlenilen şeýle iýmitleriň kaloriýalylygy örän ýokary bolýar. Olary siňdirmek aşgazana agyr düşýär. Diňe iýen wagtyň birneme açlygyňy basyşdyrýan bolaýmasa, soňra ýene-de aşgazanyň iýmit talap etmegine getirýär.
Dünýäde iň meşhur garbanyşhanalaryň biri hem «Makdonalds» diýlip atlandyrylýar. Onuň 126 ýurtda jemi 35 müňden gowrak restorany bar. Adamlaryň iň bir gelim-gidimli ýerlerinde ýerleşýän şeýle garbanyşhanalaryň jeminiň ýyllyk girdejisi 21 milliard amerikan dollary töweregi. Bu bolsa adamlaryň kadaly we öz wagtynda iýmitlenmäge känbir üns bermeýändiklerini görkezýär. Belki-de, munuň aňyrsynda adamlaryň aşa işlidigi hem sebäp hökmünde ýüze çykyp biler.
Edil diwarda jykgyldap işläp duran sagat ýaly, biziň bedenimiziň hem öz sagady bar we ol biosagat diýlip atlandyrylýar. Her gün belli wagtlarda ertirligini, günortanlygyny we agşamlygyny edinmeýän ýaşlaryň organizminiň biosagady bozulýar, ýagny beden agzalarynyň haçan näme işi ýerine ýetirjekdigi duýdansyz ýüze çykýar. Eger-de bedende durnukly biosagat emele getirilse, onda adaty sagada känbir seretmegiň geregi hem galmaýar. Çünki adamyň özi şol biosagat esasynda oýanmaly, naharlanmaly, işlemeli, dynç almaly we ýatmaly wagtlaryny duýup bilýär. Emma ýokarda belläp geçişimiz ýaly, günüň dowamynda islendik wagt naharlanmaklyk, islän wagtyň ýatyp, islän wagtyň hem turmaklyk beden agzalarynyň sazlaşykly işlemegine ýaramaz täsir edýär we dürli keselleriň — aşa semizligiň, ýürek, aşgazan keselleriniň, gan basyşynyň ýokarlanmagynyň, gandaky şeker mukdarynyň artmagynyň ýüze çykmagyna getirýär. Aýratyn hem, tiz garbanmaga niýetlenilip, gaplanylyp goýulýan naharlardaky dürli himiki garyndylar kanserogen, ýagny düwnük keselini dörediji häsiýetli bolup bilýär. Şonuň üçin hem ýaşlara her gün şol bir wagtlarda öý naharlary bilen iýmitlenmekligi we iýýän naharlarynyň kaloriýa mukdaryna üns bermekligi, asla gök önümleri ýatdan çykarmazlygy maslahat berýäris.
Mundan başga-da, ýaşlarda aşa semizlige sebäp bolýan meseleleriň biri hem olaryň sport bilen ýeterlik derejede meşgullanmaýandyklarydyr. Elbetde, häzirki wagtda mekdeplerde bedenterbiýe dersleri okadylýar. Emma okuwçylaryň özleri okuw dersiniň daşyndan ýörite sport gurnaklaryna gatnaşsalar, onda olar sportuň peýdasyna has hem gowy düşünerler.
Aýratyn hem, akyl zähmetine daýanýan işlerde uzakly gün hereketsiz oturyp, öýe barlanynda diwanyň üstüne geçip, uzak wagtlap telewizora tomaşa etmeklik, ýeriňden galman kompýuter oýunlaryny oýnamaklyk, arasyny bölmän dostlaryň bilen telefonda gürleşmeklik aşa semizlige sebäp bolýan esasy faktorlardyr. Munuň deregine işden ýa-da okuwdan soňra akyl zähmeti bilen fiziki zähmeti sazlaşdyrmak üçin welosiped sürmeklik, ýörişe çykmaklyk, ýuwaşjadan ylgamaklyk, baglara, güllere serenjam bermeklik, arassa howadan dem almaklyk maslahat berilýär.
Alymlaryň ylmy-derňewlerine görä, ukusyzlygyň hem belli bir derejede aşa semizlige sebäp bolýandygy ýüze çykaryldy. Gündelik 8 sagatdan az ýatýan we ýatar garna ýagly naharlary we beýleki dürli-dümen zatlary iýýän ýaşlaryň adatça 8 sagatlyk ukusyny alýan ýaşlardan semiz bolýandyklary baradaky pikir öňe sürülýär. ABŞ-da 240 sany 16 — 19 ýaşly ýetginjeklerde geçirilen ylmy tejribelerde 8 sagatdan az ýatýan ýaşlaryň doly ukusyny alýan ýaşlara garanyňda 5% artykmaç kaloriýa alýandyklary anyklanyldy. Munuň aňyrsynda bolsa sekiz sagatlyk rahat ukynyň ynsan bedeniniň saglygyny berkitmekde örän möhüm ornunyň bardygyny görmek bolýar.
Taýýarlan Şageldi ÝABANOW,
"Nesil".