Jebisligiň we ruhubelentligiň mekanynda

Gahryman Arkadagymyzyň daşyna mäkäm jebisleşip, ýurdumyzyň baky Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllyk toýuna egsilmez gujur we joşgun bilen barýan ildeşlerimiziň sagdyn durmuş ýörelgelerine berk eýerýändigine düýn Diýarymyzyň paýtagtynda we ähli sebitlerinde geçirilen welosipedli ýörişler aýdyňlygy bilen şaýatlyk edýär. Ata Watanymyzyň toý ruhuna beslenen çagynda ýaýbaňlandyrylan ýörişlere dürli kärdäki we hünärdäki raýatlaryň, şol sanda ýaşlardyr ýaş türgenleriň işjeň goşulmagy aýratyn guwandyryjy boldy.
AHALDA
Welaýatyň agzybir ilatynyň işjeň gatnaşmagynda ýurdumyzyň baky Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllyk toýy mynasybetli köpçülikleýin ýörişler giňden ýaýbaňlandyryldy. Welaýat derejesindäki esasy köpçülikleýin ýöriş Änew şäherinde geçirildi. Oňa gatnaşmaga höwes edenler günüň ir säherinde paýtagtymyzyň halkalaýyn aýlaw ýolunyň welaýat merkezinden geçýän ýerine ýygnandylar. Bu ýerde toý ruhy, şatlyk-şagalaň höküm sürdi. Kalby joşgunly bagtyýar ildeşlerimiz dabaraly ýagdaýda badalga alan welosipedli ýörişi ruhubelentlige beslediler. Olar güýz paslyna mahsus jana tenekar, salkyn howadan lezzet almak bilen, ýol ugrundaky gözellikleri gyzyklanma we buýsanç bilen synladylar. Ýörişe gatnaşyjylar welaýatyň merkezi şäheriniň esasy ýollary bilen barýarkalar soňky ýyllarda gurlan görkana binalary we beýleki gözellikleri synlamaga hem mümkinçilik aldylar. Täze ýaşaýyş toplumlary we hyzmat maksatly nurana desgalar, owadan güllerdir baglar döwrümiziň bagtyýarlyk ruhuny açyp görkezdi.
Ajaýyplyklary synlan welosipedçiler welaýat merkezindäki 3000 tomaşaçy orunlyk sport toplumyna çenli aralykdaky ýoly uly ruhubelentlikde geçdiler. Sport toplumynyň zallarynda we meýdançalarynda giň gerim alan 
BALKANDA
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Türkmenistan döwletimiziň başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Kararnamasy bilen her ýylyň 3-nji iýunynyň Bütindünýä welosiped güni diýlip yglan edilmegine, Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyzda sportuň bu görnüşiniň barha giň gerim alyp, köpçülikleýin häsiýete eýe bolýandygyna buýsanýan ildeşlerimiziň Balkanabat şäheriniň şa ýollary bilen geçiren welosipedli ýörişi hem ýatda galyjy sport çäreleriniň biri boldy.
Watanymyzyň halkara derejede ykrar edilen baky Bitaraplygynyň şanly toýuna barýan günlerimizde guralan bu ýöriş eziz Diýarymyzda sagdyn durmuş ýörelgesiniň barha rowaçlanyp, ata Watanymyzyň sagdynlygyň we ruhubelentligiň mekanydygyny ýene bir ýola subut etdi.
Bellenen aralygy ýokary ruhubelentlikde geçen welosipedli ýörişe gatnaşan balkanlylar il saglygyny ýurt baýlygyna deňeýän Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden çykýan alkyşlaryny aýtdylar.
DAŞOGUZDA
Ýurdumyzyň abadançylygynyň, asudalygynyň kepili bolan baky Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllyk baýramy mynasybetli Daşoguz welaýatynda bolan welosipedli ýöriş egsilmez şatlyga hem buýsanja beslendi. Daşoguz şäheriniň görkana keşbiniň nepis keşdesine meňzäp, howalanyp oturan Ruhyýet köşgüniň toý lybasly meýdançasynda türgenlerden, talyp ýaşlardan düzülen welosipedçileriň uzyn nyzamy aýdym-sazlaryň astynda uzak aralyga ýola düşdi. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary netijesinde welosiped sporty täze belentliklere galýar. Ýurdumyzyň demirgazyk sebitindäki döwrebap sport mekdepleriniň birnäçesinde sportuň bu görnüşi boýunça ýörite türgenleşik toparlary hereket edýär. Şol toparlarda tälim alýan türgenler ýurt möçberinde geçirilýän ýaryşlarda üstünlik gazanyp, welaýatyň sport abraýyny artdyrýarlar. Welaýat merkezindäki hersi on müň orunlyk iki stadionda bolsa welosiped sporty boýunça ýaryşlary geçirmek yzygiderli häsiýete eýe boldy.
Daşoguz şäheriniň Görogly şaýolundan ugur alan welosipedçiler hatar gurap, şäheriň günbatar künjegindäki döwrebap sport toplumyna geldiler. Olary sport desgasynyň baýramçylyk lybasly girelgesiniň ýanynda uly dabara bilen garşy aldylar. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça guralan, sagdyn durmuş ýörelgesine eýerýän adamlary jebisleşdirýän welosiped ýörişi göwünleri ganatlandyrdy.
LEBAPDA
Türkmenabat şäheriniň «Zähmet» sport toplumynyň ýanyndan badalga alan köp adamly welosiped ýörişi Baky Bitarap Türkmenistan köçesiniň ugry bilen gündogar tarapa ugur aldy. Dürli şygarlar we güller bilen bezelen giň köçäniň iki gyrasyna ýygnanan mähelle ýörişe gatnaşyjylary gutlag sözleri bilen ugratdy. Dürli ýaşdaky we kärdäki welosiped sportunyň muşdaklaryndan düzülen topar ýörişi şäheriň gündogar künjegindäki uly sport toplumyna çenli dowam etdirdi. Bu täze sport toplumynyň içinde bolsa türgenleriň görkezme çykyşlaryna giňden orun berildi. Esasan-da, sportuň göreş, woleýbol, ylgaw, gimnastika ýaly görnüşlerine bu ýere ýygnanan ildeşlerimiz uly höwes bilen gatnaşdylar we tomaşa etdiler.
Şol gün sport ýaryşlary Türkmenabat şäherindäki bilim ojaklarynda, edara-guramalarynda hem giňden ýaýbaňlandyryldy. Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda, şeýle hem Lebap welaýat kazyýetinde geçirilen sport ýaryşlary has-da çekeleşikli boldy. Stol tennisi, küşt, şaşka, woleýbol we basketbol boýunça geçirilen ýaryşlar hakyky ussatlary ýüze çykardy. Olara gatnaşan halkara derejeli sport ussatlary türkmen sportunyň uly geljeginiň bardygyny guwanmak bilen bellediler. Hut şonuň üçin-de, ýaryşlarda üstün çykanlar ýaryşy guraýjylar tarapyndan gymmat bahaly sowgatlar we Hormat hatlary bilen sylaglandylar.
MARYDA
Baky Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllyk baýramyny dabaralandyrmak maksady bilen, Mary welaýat häkimliginiň hem-de welaýatyň Sport we ýaşlar syýasaty baş müdirliginiň guramaklarynda geçirilen köpçülikleýin welosipedli ýörişe saglygy goraýyş, bilim ulgamlarynyň işgärleri, orta hünär hem-de ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarydyr talyp ýaşlary agzybirlikde gatnaşdylar. Welaýat merkezi Mary şäheriniň gözel künjeginde badalga berlen köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşyjy sagdyn bedenli, bilekleri berdaşly, gujur-gaýratly welosipedçi türgenler bellenen uzak menzili ruhubelentlik bilen geçmegi başardylar. Olary şäheriň merkezinde bina edilen gözel desganyň — «Mary» myhmanhanasynyň öňündäki arzyly pellehanada welaýatyň we şäheriň bagtyýar ýaşaýjylary gadyrly garşyladylar. Bu ýerde şatlyk-şowhun al-asmana galdy.
«Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda baky Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllygyny dabaralandyrmak we dynç gününi uly dabaralara, sport we bedenterbiýe-köpçülikleýin çärelere beslemek üçin geçirilen ýöriş bilen utgaşyklylykda sportuň dürli görnüşleri boýunça görkezme çykyşlary, ýaryşlar giňden ýaýbaňlandyryldy. Olara gatnaşyjylar, ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürýändigi üçin Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, alyp barýan il-ýurt, adamzat bähbitli işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.