Milli ykdysadyýetimize saldamly goşant goşýan dokma pudagy

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň dokma senagaty milli ykdysadyýetimiziň iň çalt depginler bilen ösýän pudaklarynyň birine öwrüldi. Bu pudakda ýokary bilimli, taýýarlykly hünärmenleriň ýetişdirilmegine uly üns berilýär. Biziň ýokary mekdebimizde «Dokma önümçiligi» hünäri boýunça dokmaçylyk ulgamynyň ösüşlerini nazarlaýan täze mümkinçilikler, orta we inçe süýümli pagtanyň, ýüpegiň işleniş aýratynlyklary barada giňişleýin öwredilýär. Okuwyň tejribe işleri bilen utgaşdyrylyp, alnyp barylmagy geljekde öz ugrundan kämil, ussat hünärmenleriň ýetişmegine oňyn täsirini ýetirýär.
Soňky döwürde dünýä bazarlarynda ýüplüklere we nah-mata dokma önümlerine uly isleg bildirilýär. Pagta çyg çekijiligi we organoleptiki alamatlary babatda durnukly bolup, howanyň yssy döwründe salkynlygy saklaýandygy bilen tapawutlanýar. Poliestr berkligi hem-de ondan taýýarlanylýan önümler öz durkuny we reňkini saklaýandygy bilen bellidir. Pagta we poliestr süýümleriniň garyşyk görnüşinden dokalan matalar hil babatda berkligi, gözegelüwliligi bilen islegli harytlaryň birine öwrüldi. Ýurdumyzda ýokary hilli matalaryň öndürilmegi dokma senagatynyň tikinçilik ugrunyň ösdürilmegine, içerki bazaryň özümizde öndürilýän, daşary ýurtlardan getirilýän harydyň ýerini tutýan dokma önümleri bilen doldurylmagyna itergi berýär. Ýurdumyzda köýneklik, penjeklik we kamuflýaž, şeýle hem ranfors, kreton, pomazy ýaly matalaryň uly önümçiliginiň ýola goýulmagy dokma pudagynyň täze tehnologiýalara esaslanýan binýadynyň kemala gelýändiginiň durmuşa geçirilen hakykatydyr.
Ýurdumyzyň dokma kärhanalary halkara derejesinde ykrar edilip, ISO 9001 we 9002 «önümçiligi dolandyrmak we hile gözegçilik etmek ulgamy», şeýle-de ISO 14001 «Daş-töweregi goramak» şahadatnamalaryna mynasyp boldular. Dokma kärhanalarynyň birnäçesinde «Taýýar egin-eşikleri öndürijileriň bütindünýä jogapkärçiligi» standarty ulanylýar. Bu bolsa ýurdumyzda öndürilýän taýýar egin-eşikleriň esasy alyjylarynyň we sargytçylarynyň arasynda iri halkara kompaniýalarynyň bolmagyny üpjün edýär.
Häzirki döwürde dokma pudagy boýunça Türkmenistan bilen bilelikdäki taslamalary amala aşyrmakda daşary ýurtlaryň öňdebaryjy kompaniýalarynyň we maliýe institutlarynyň uzakmöhletleýin, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga gyzyklanma bildirmekleri milli ykdysadyýetimiziň has-da kämilleşmegi we döwrebap ösmegi üçin şert döredýär. «Ak altynyň» bol hasylynyň ýygnalyp, Watan harmanyna tabşyrylmagy pagtaçy daýhanlarymyzyň, oba hojalyk işgärleriniň, alymlaryň üstünlikli zähmetiniň miwesidir.