Aşgabat toý lybasynda

Milli türkmen toýlarynyň, halkara derejede tutulýan baýramçylyklaryň mekany Aşgabat bu gün ýene-de gözleri gamaşdyrýan, göwünleri ganatlandyrýan lybasyna beslenip, halkymyzyň ruhy dünýäsinde aňyrsyna ýetip bolmajak tolgundyryjy, buýsandyryjy täsirleri oýarýar. Şeýle ajaýyp lybasda halkymyzyň ýylyň başyndan bäri sarpalap, toýlap gelýän hemişelik Bitaraplyk baýramynyň şanly 25 ýyllyk senesi gözel görnüşlerde şöhlelenýär. Ussatlyk, erjellik, ukyp-başarnyk, çeperçilik bilen döredilen ol görnüşlerde dürli kärde işleýän, paýtagtymyzyň her bir daban ýerine päk söýgüsini siňdirýän hünärmen ildeşlerimiziň tutanýerli zähmetiniň netijesi dabaralanýar.
Ak mermere beslenip, her biri özboluşly sungata öwrülip oturan beýik binalardan, arassa, ter-tämiz köçelerdir seýilgähleri gurşap alýan bag-bakjalyklardan, milli öwüşgin berlip döredilen toý bezeglerinden, yşyklandyryş ulgamyny emele getirýän, baýramçylyk beýanly şekillerinden eçilýän bu günki toý ruhy ynsan kalbyny ýatdan çykmajak pursatlar bilen püre-pürleýär.
Aşgabat baradaky her bir ýazgymyzda paýtagtymyzyň ajaýyp seýilgähleriň, çeper beýanly suw çüwdürimler toplumlarynyň, döredijilik bilen gurulýan çuň many-mazmunly ýadygärliklerdir bezeg binalarynyň şäheridigini buýsanç bilen belleýäris. Diňe bir baýramçylyk günlerinde däl, hemişe onuň türkmen milliligi bilen utgaşyp gidýän döwrebap keşbi ildeşlerimiz bilen birlikde, daşary ýurtly myhmanlary-da haýran galdyrýar. Hut şu şanly toý-baýramly günlerde — tylla güýzüň gujagynda has-da gözel hem juwan görünýän paýtagtymyzyň bu günki mähriban keşbinden mähir-muhabbet dolup daşýar. Milli Liderimiziň alyp barýan parahatçylyk söýüjilik, gülläp ösüş we ynsanperwerlik syýasatyny dabaralandyrýan bu beýik baýram mynasybetli açylyp ulanmaga berilýän dürli maksatly täze ajaýyp binalar bolsa bu gözel görnüşleriň üstüni ýetirip, halkymyzyň toý şatlygyny has-da artdyrýar. Bitirilýän beýik işler bilen birlikde, gözel görnüşleri, şäherimiziň özboluşly, täsin hem göze ýakymly tebigatyny synlanymyzda ony döredýän, gijesi-gündizi ak Aşgabadymyzyň arassa, tämiz, mydama nur saçyp durmagyna mynasyp goşant goşýan ildeşlerimize bolan sylag-sarpamyz, hormatymyz has-da belende galýar. Güllerden don geýnen şäherimiziň owadanlygy, arassalygy, binagärlik aýratynlygy her bir ynsana ruhubelentlik eçilse, aklyga bürenen Aşgabadyň agşam çagyny, nurly gijelerini synlamak has-da täsirli. Dünýä nusgalyk şäherimiziň ösen tehnologiýada kämilleşen, yşyklandyryş ulgamynyň ýokary derejesinde döwrebaplaşdyrylan şaýollarydyr köçeleriniň ugrunda orun alyp, çar töweregine toý gutlaglaryny, buşlukly habarlary paýlaýan elektron tablolar, «Bitarap Türkmenistana 25 ýyl» diýen toý çagyryşly ýazgylar, hemişelik Bitaraplygymyzyň şanyna gurlan Bitaraplyk binasynyň we ýene-de ençeme toý bezegleriniň beýik binalaryň ýüzünde yşyklar arkaly suratlandyrylýan şekilleri älemgoşar öwüşginine eýe bolup, äleme nur paýlaýan gözel paýtagtymyzyň lowurdyly keşbine söz bilen düşündirip bolmaýan zer çaýýar. Bu gözel görnüşleriň her biri, elbetde, döredijilikli zähmetden kemala gelýär.
Hormatly Prezidentimiziň şähergurluşyk maksatnamasy esasynda gün-günden täze keşbe girýän baş şäherimiziň şanly, nurly, gözellikde, tämizlikde waspy dünýä dolýan mekana öwrülmeginde döredijilikli zähmetlerini gaýgyrmaýan kärhanalar bir ýa iki däl. Aşgabat şäher arassalaýyş, abadanlaşdyryş birleşiginiň etrap bagçylyk müdirlikleriniň, şeýle hem şol birleşigiň düzüminde hereket edýän arassaçylyk müdirlikleriniň işçi-hünärmenleriniň sazlaşykly alyp barýan yhlasly işleri netijesinde gözel paýtagtymyz Aşgabat gyşyn-ýazyn güller içinde gülleýär, tämizligi bilen öz abraýyny gün-günden berkidýär. Aşgabat şäher häkimligine degişli bezeg müdirlikleriniň we Aşgabady bezeýän önümçilik kärhanasynyň hünärmenleriniň-de toýly günlerde hysyrdysy has-da artýar. Şaýollarydyr köçeleri, toý meýdançalaryny, toý nyşanlary, beýleki bezegler bilen üpjün etmek bu hünärmenleriň paýyna düşýär. Yhlas bilen ýerine ýetirýän işlerine olar özleriniň Watana, gözel paýtagtymyza bolan söýgüsini siňdirýär.
Öz iş orunlarynda tutanýerlilik görkezýän hünärmenleriň her biriniň baş maksady döredijilikli zähmeti bilen Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň paýtagty Aşgabadyň keşbiniň hemişe ýokary derejede bolmagyny üpjün etmekdir, baş şäherimizde adamlar üçin ähli amatly şertleri döretmekdir.
Hawa, dünýä derejesinde ykrar edilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli, täze lybas geýnen Aşgabatda we onuň daş-töwereginde adam eli bilen döredilýän gözellikler göwünlerimizi galkyndyryp, ýüreklerimizi nurlandyrýar. Milli äheň berlip döredilýän ol gözellikler hemişelik Bitaraplygyň ynsanperwerlik ýolunyň şöhratyny äleme äşgär edýär.
Aýnabat DURDYÝEWA.