Bu topragyň Watan diýen ady bar

Türkmen halkynyň owal-ahyr ýüreginiň, kalbynyň aýdymy, şamçyragy, geçmişiniň, şu gününiň we geljeginiň aýnasy Watandadyr. Çünki hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň görkezýän serkerdelik göreldesine eýerýän nesiller Watan üçin mert durup, janyny orta goýmagy başarýandyr. Mähriban halkymyzyň gadymdan gözbaş alyp gaýdýan edebi akabalarynyň, sungat däpleriniň özeni bolan eziz Watanyny, erkinligi, parahatçylygy, agzybirligi, mertligi we bitewüligi wasp etmedik döwri bolan däldir. Aslynda, watanperwerlik, kasama, anta, lebze ygrarlylyk türkmen halkynyň asyrlardan-asyrlara aşyp gelýän nesil dowamatynyň bütin dowamynda ganyna guýlandyr. Bu häsiýetler türkmen halky üçin hakyky guýmagursaklykdyr. Taryhda Watan üçin, onuň garaşsyzlygy üçin ýüz müňlerçe adam janlaryny gurban edipdirler. Elbetde, Watana bolan beýik buýsanjy we söýgini bolsa hiç bir güýç basyp bilmez. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň taýsyz tagallalary bilen bu gün Türkmenistan ýöne bir türkmen ýurdy, türkmen Watany bolman, eýsem, tutuş raýatlarymyzyň, halkymyzyň, aramyzda ýaşap ýören doganlyk halklaryň beýik maksatlarynyň, arzuw-islegleriniň durmuşa geçýän topragydyr. Toprak mukaddesdir, ol goralmaga mynasypdyr.
Hawa, owal-ahyr pent bolup gelşi ýaly, dogduk mekanyňa Watan diýilýär. Watanyň sensiz oňup biler, emma sen Watansyz oňup bilmersiň.
Gahryman Arkadagymyzyň ähli şadiwanlarynda bolşy ýaly, golaýda halkymyza peşgeş beren, halkymyzyň döwletlilik ýörelgesine öwrülen «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly ajaýyp kitaby Watan hakyndaky mukaddes düşünjeleri, onuň beýik güýçdügini wasp edýän çuň manyly pähim-paýhaslary, rowaýatlary we tymsallary özünde jemleýär. Kitapdaky: «Ýaşuly adamlardan, garry atalarymyzdan eşiden tymsallarymyzyň esasy manysy watansöýüjilik we edermenlik hakyndadyr» diýlip beýan edilmegi ýöne ýere däldir. Çünki hormatly Prezidentimiz ata-babalarymyzdan nesillere miras galan watançylyk äheňindäki tymsallar, türkmen ýigidine mahsus bolan edermenlik, mertlik, merdanalyk, gaýratlylyk, gaýduwsyzlyk ýaly häsiýetleri çeper beýan edýär. Bu kitap ata Watanymyza bolan beýik söýgini özünde jemleýär. Kitapda beýan edilen rowaýatlaryň birinde şeýle diýilýär: «Öňem bir ýurduň adyl hem-de pähimli patyşasy bolupdyr. Ol hemişe adamlary synaýan ekeni. Bir gezegem ol il içinde şeýle jar çekdirip, köşge obanyň iň edermen ýigitlerini ýygnapdyr. Patyşa nöker bolar ýaly pähimdar, edenli, ugurtapyjy ýigitleri saýlap almakçydygyny aýdypdyr. Ilkinji synagda batyrlygyňy görkezmeli, ikinji synagda hem okumyşlygyňy. Üçünji synaga gezek galanda, olaryň diňe on sanysy galypdyr. Üçünji synagyň şertleri hiç kime mälim bolmandyr, ony patyşanyň özi kesgitleýän ekeni. Ol esli salym pikirlenip oturypdyr.
— Köşge iň gymmatly zadyňyzy getiriň. Şoňa görä hem siziň haýsyňyzyň has wepadarlygyňyz belli bolar — diýipdir.
Bu şert has kyn ekeni. Gymmatly zadyň hemmesini köşge getirmek üçin olaryň kelle döwenlerem bolupdyr. Biri: «Biziň öýümizde atamdan galan gyzyl çaýylan kündük bolmaly, şony eltsem, patyşa meniň wepadarlygymy biler» diýse, başga biri hem: «Sandygymyzyň içinde atam döwründen bäri ýatan kitaplar bardy. Patyşanyň göwnünden turjak baýlyk şoldur» diýip, özüniň gelen netijesinden göwni hoş bolupdyr.
Bellenen wagtda ýene adamlar köşge ýygnanyşypdyrlar. Patyşa parahat oturyşyna, märekäni synlapdyr. Olary ýigitleriň saýlan sowgatlary haýran galdyrypdyr. Patyşa sesini çykarmandyr. Ýigitleriň sowgatlaryna ol hem täsin galyjylyk bilen seredipdir. Ahyrky çözgüdiň çykarylmaly pursady gelip ýetipdir. Patyşa ýigitleriň her birine aýratynlykda:
— Bu sowgat iň gymmat sowgatdyr diýmegiň näme üçindir? — diýip soragly ýüzlenipdir. Olaryň her biri öz sowgadynyň artykmaçlyklary hakynda gyzykly gürrüň beripdirler. Patyşa ol gürrüňleri ünsli diňläpdir. Ahyrynda hem:
— Hany, ýene kim bar? Ýa men şular esasynda karar etmelimi? — diýeninde, gyrada ýygrylyp duran bir ýigit:
— Hormatly şahym, men size sowgatly gelmedim. Öýümdäki ähli zatlar meniň üçin mukaddes. Şoňa görä hem uly baýlygym Watanym. Hormatly şahym, men-ä dogrusy, şondan uly baýlygyň bardygyny hem bilmeýärin. Ony bolsa men size getirip görkezip bilmejegim düşnüklimikä diýýärin. Siz meniň günämi ötüň, ýöne men size akyl-paýhasym, zähmetim hem ugurtapyjylygym bilen gazanan baýlygymdan sowgat bereýin diýdim. Meniň öýümdäki baýlygym bolsa, maňa degişli däl, men olary gazanmadym. Eger-de siziň köşgüňizde işlemek nesibämde bar bolsa, size wepadarlygymy şonda görkezerdim. Ony bolsa wagt subut eder — diýipdir. Ony köşkde alyp galmagy emr eden patyşa:
— Öz öýüniň mukaddesligine hormat goýmaýan adamyň Watanyna, il-gününe hem wepaly boljagyna ynam edip bilmeýärin. Ine, Watanyň ykbaly bilen dahylly işlerde şular ýaly ýigitlere bil baglap bolar — diýipdir.
Şu tymsaldan hem mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Watany goramakda akyl-paýhasyň iňňän zerurdygyny nygtaýar. Şu tymsalda beýan edilişi ýaly, Watanyň gymmatlygy, Watanyň ezizligi şu günki ýa-da düýnki ýüze çykan mesele däl. Şonuň üçin hem il-halkymyzyň, taryhda bütin ömrüni öz Watanyna bagyş eden, ýaşlarymyza nusga bolup galan gahrymanlarymyzyň beýik watansöýüjilik häsiýetlerini, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe eziz Watanymyzyň merdana goragçylaryna ündemek, şolaryň ruhunda terbiýelemek biziň baş borjumyz bolup durýar.
Watanyň gadyryny, keramatyny ondan jyda düşenler has gowy bilýär. Sebäbi olara ynsanyň iň gymmatly baýlygy, ruhuň daýanç sütüni Watan kemlik edýändigi öz-özünden düşnüklidir. Türkmen ýazyjy-şahyrlarynyň ählisiniň döredijiliginde diýen ýaly, beýik Watan düşünjesiniň we mukaddesliginiň eriş-argaç bolup geçýändigi hemmelere mälimdir. Beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde hem bu mesele aýdyň şöhlelenýär: «Ýat illerde mysapyrlyk çekenden, ursa-sökse, horlasa-da il ýagşy» ýa-da «Eşit, adam, dogan ilden, gaýry mähriban ýurt bolmaz» diýipdir.
Ýa-da türkmen halkynyň söýüp okaýan şahyrlarynyň biri, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Berdinazar Hudaýnazarowyň döredijiliginiň esasy manysyna öwrülen Watan mukaddesligi hakyndaky şygyrlaryny okanyňda, ene topraga, ata Watana, hözirli durmuşa, kalby päk ynsanlara bolan söýgiň artyp, bu mukaddeslikleriň alnyndaky belent borjuň örboýuna galýar:
Bu topragyň Watan diýen ady bar,
Ony dilde kän gaýtalap ýörmäň Siz.
Oňa tagzym ediň, egip başyňyz,
Göze ýaş aýlansyn — aýyp görmäň Siz.
Öz halkynyň bagtyýar durmuşyna guwanyp, kalbyňy heýjana getirýän duýgulardan doly nurana eserleri döredýän Gahryman Arkadagymyz her bir zatdan ozal Watanyň we öz mähriban halkynyň bähbidini ileri tutýar, olary goramagy ilkinji orunda goýýar. Hormatly Belent Serkerdebaşymyz «Mertler Watany beýgeldýär» atly kitabynda: «Biziň her birimiziň bitirýän işimiz, hereketlerimiz Watany beýgeltmegiň, ýurdy gülletmegiň hatyrasyna bolmalydyr. Meger, şundan ýokary wezipe, şundan uly borç ýokdur» diýip belleýär. Gahryman Arkadagymyz şu jümläniň üstüni ýetirmek bilen özüniň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly eserinde: «Eziz Watanymyzyň geljegi bolsa, watansöýüjilik nusgasy bilen terbiýelenen ýaşlara baglydyr» diýýär. Şu çuň manyly sözleri okan, Watany öz ömrüniň manysy hasaplan, Watany mukaddeslige göterip, Watan üçin gara başyny orta goýan ýigidiň ölmez-ýitmez bolýandygyna bütin durky bilen ynanan Watan perzendi nädip edermen bolmasyn!
                                    Nurýagdy AKMÄMMEDOW,
                                    Myrat Garryýew adyndaky TDLU-nyň harby-lukmançylyk 
                                    fakultetiniň dekanynyň orunbasary, podpolkownik.