Ýaponiýada ahalteke tohumly taý dünýä indi

Ýakynda Ýaponiýanyň Hasegawa atçylyk toplumynda idedilýän ahalteke bedewleriniň üstüne ýene biri goşuldy. Has takygy, bu ýerde ahalteke tohumly täze taý dünýä indi. Ol Şamiam (Asman) diýlip atlandyryldy. 
Şeýlelikde, Ýaponiýada soňky iki ýylyň içinde ahalteke tohumly taýlaryň ikinjisi dünýä indi. Geçen ýylyň maý aýynda Halkara Ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň Ýaponiýadaky bölüminiň ýolbaşçysy Ýuriko Hasegawa degişli toplumda Familia atly taý hem dünýä inipdi. 
Ýaponiýada ahalteke bedewlerine iňňän uly sarpa goýulýar. Dostlukly döwletde türkmen atlaryny «Altyn atlar» diýip hem atlandyrýarlar. Bu atlandyrma olaryň altynsow öwüşgin berýän reňkiniň bardygyndan gelip çykýar. 
Hanym Ýuriko Hasegawa ahalteke atlaryny köpeltmäge aýratyn üns berýändigini aýdýar. Onuň pikiriçe, bu ajaýyp bedewler diňe bir milletiň däl, tutuş adamzadyň buýsanjyna öwrülip biljek derejede gözeldir.