Türkmen alabaýyna ýokary baha berildi

Russiýanyň Kinologiýa federasiýasy (RKF) öý ýa-da iş howpsuzlygy üçin iň oňat it tohumlarynyň sanawyny çap etdi. Sanawa görä, türkmen alabaýy ilkinji 3-lige girdi. 
Kinologiýa federasiýasynyň habar bermegine görä, Alabaý, Tibet Mastiff we Rus gara terýer ýaly it tohumlary iň gowy gorag häsiýetlerine eýe bolan itler hökmünde hasaba alyndy. 
Habarda bellenilişi ýaly, federasiýanyň prezidenti Wladimir Golubýew türkmen alabaýlarynyň häsiýetli aýratynlygyna şeýle baha berdi: 
— Alabaý — örän batyr. Ol özüniň gözegçilik edýän çäginde nätanyş adamy görse, ilki üýrüp başlaýar, diňe özüne hüjüm edilen ýagdaýynda hereket edýär. Bu tohumyň wekilleri güýçli häsiýete eýe, hemme it tohumy muny başaryp bilmez. 
Şeýle hem onuň aýdyşy ýaly, alabaýlara kiçiliginden tälim bermek örän zerur. Olary tejribeli itşynaslara ynanmak gerek bolýar.