Milli küýzegärligiň innowasiýa syrlary

Milli senetçiligimiziň iň naýbaşy nusgalarynyň biri küýzegärlikdir. Arheologiýa we etnografiýa ylmy maglumatlary tutuş adamzadyň taryhynda küýzegärligiň dörän hem-de uly sepgitlere ýeten gadymy ojaklarynyň biriniň hut biziň eziz Diýarymyzdygyny doly tassyklaýar. Halk senetçiliginiň bu görnüşini sungat derejesine ýetirmek üçin köp müňýyllyk taryhly oguz nesilleriniň medeni we ylmy gazananlary, zehin-başarnyklary siňdirilipdir.
Küýzegärlik senedi taryhyň has irki döwürlerinde, ýagny täze daş asyrynda döräp, biziň pederlerimiz tarapyndan dünýä medeniýetine peşgeş berlen iň gadymy gymmatlyklaryň biridir. Küýze önümleri müňýyllyklaryň dowamynda adamlaryň nahar bişirmek, naharlanmak, suw, däne, un, duz ýaly azyk önümlerini saklamak ýaly gündelik hajatlarynda yzygiderli ulanylyp gelnipdir. Döwrüň ösmegi bilen küýzegärligiň öňden gelýän tehnologiýasyna innowasion täzelikleri girizmek zerurlyklary ýüze çykýar. Hususan-da, küýze önümlerini ýeňil ulanmak mümkinçilikleriniň döredilmegine, şeýle hem adamlaryň gözellik-estetiki höwesiniň kanagatlandyrylmagyna gönükdirilen ylmy-döredijilik gözlegleri işlenip düzülipdir. Netijede, öň el bilen eýlenen laýy belli bir görnüşe getirmek usuly arkaly ýasalan küýzelere derek, küýzegärlik çarhynda ýeňil we bezeg taýdan biri-birinden owadan onlarça, hatda ýüzlerçe görnüşleriniň döredilmegine getiripdir. Aýak bilen herekete getirilýän ýönekeýje çarhyň kömegi bilen oňat eýlenen, himiki düzümi ýokary hilli palçyga islendik görnüşi bermek mümkinçiligi döräpdir. Ýöne senetçiler küýze önümleriniň örän çylşyrymly görnüşlerini ýasamak üçin ýokary hilli palçygy saýlap almaly bolupdyrlar. Aslynda, islendik toprakdan taýýarlanylan laýdan küýze önümlerini ýasap bolmaýandygy bellidir. Muňa içgin düşünen küýzegärler topragyň himiki düzümini we fiziki häsiýetlerini çuň öwrenipdirler. Ony ýönekeý barlag usuly arkaly özleşdiripdirler. Dürli ýerlerden toprak getirip, palçyk eýläpdirler. Palçygyň maýyşgaklygyny, birleşiş ukyplylygyny barlamak üçin ony uzak wagtlap, kähalatlarda 15 — 30 günläp, öl ýagdaýda saklamak arkaly hilini kesgitläpdirler. Palçyk barlag mahaly guramaz ýaly onuň üstüne öl mata örtülip, gije-gündiziň dowamynda 2-3 gezek suwlanypdyr.
Küýzegärligiň gadymy tehnologiýalary barada ýazylan ylmy çeşmelerde Amyderýanyň kenarýaka ýerlerinden alnan şykgy kesegiň has amatly bolandygy tekrarlanýar. Onuň sebäbi, derýanyň dürli minerallara baý, daglary ýuwup gaýdýan suwunyň topraga siňip, onuň himiki düzümini baýlaşdyrýandygy bilen düşündirilýär. Küýze önümleriniň çeper-bezeg işlerinde hem onuň palçygynyň ýokary hilliligi, diwarynyň tekizligi, reňki siňdirişi aýratyn orun tutýar. Şoňa görä-de, küýzeleriň ýüzüne nagyş çekmezden öňürti onuň ýüzi läbik bilen goşmaça tekizlenilýär. Läbik köplenç, suwuklyk görnüşinde önümiň üstüne pürkülýär we ýörite iş gurallary arkaly timarlanylýar. Tekizlenen önümiň ýüzi nagşy endigan kabul edýär. Nagyşlamak dürli görnüşde amala aşyrylýar. Onuň has ýörgünlisi dürli reňkli boýaglary syrçanyň aşagynda ýa-da syrçalanandan soňra amala aşyrmakdyr.
XI-XII asyrlarda küýze önümlerini gaplamakda hem täze innowasiýa tehnologiýalary, ýagny läbik görnüşli palçygy öňden taýýarlanan galyba guýmak arkaly taýýarlamak usuly ulanylypdyr. Bu usulda, esasan, küýze önümleriniň ýapyk görnüşleri, ýagny küýzeleriň diňe daş tarapy görünýän görnüşleri, aýratyn hem daşy çeper bezelen syrçasyz küýzeler gaplanypdyr. Bu babatda orta asyrlaryň Nusaý, Şähryslam, Dehistan, Köneürgenç, Amul, Zemm, Merw, Sarahs, Abiwerd ýaly şäherleriň küýzegärleriniň ýeten derejesi tutuş Gündogar ýurtlarynyň senetçilerine nusga bolupdyr. Hususan-da, ýüzüne ösümlik, geometrik şekilli nagyşlar, arap haty bilen ýazylan epigrafik bezegler, halkyň durmuşy we täsin tebigat dünýäsi bilen bagly wakaly şekiller çekilen küýze önümleri halkara söwda ýoly bolan Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen oba-kentlere, şeýle hem daşary ýurtlara ýaýrapdyr. Bütin Ýewraziýa yklymynda türkmen küýzegärleriniň döreden, sungat derejesinde kämilleşdirilen önümlerine taý tapylmandyr. Şoňa görä-de, olaryň gyzgalaňly söwdasy uly şäherleriň köp adamly bazarlarynda, şeýle hem halkara söwda ýollarynyň ugrundaky kerwensaraýlarda iň gymmatly haryt hökmünde ýokary islege mynasyp bolupdyr.
Alym Arkadagymyz orta asyrlarda milli küýzegärlik senedimiz boýunça gazanylan belent sepgitleriň şöhratyny «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly eseriniň II kitabynda Köneürgenjiň milli senetçiliginiň ösüşiniň mysalynda şeýle wasp edýär: «Köneürgenjiň ussalary keramika sungatynda örän uly üstünlikleri gazanypdyrlar. Olaryň önümleri Beýik Ýüpek ýolunda uly isleg bildirilýän harytlaryň hataryna giripdir. Arheologlar köneürgençli ussalar tarapyndan taýýarlanan çeper bezegli küýze önümlerini Wolganyň kenaryndaky Saraý-Bekreden tä Demirgazyk Kawkazdaky Majara çenli giňişlikde ýerleşen Altyn Orda döwletiniň dürli künjeklerinden ýüze çykardylar. Belli çeper sungaty öwreniji alym G.Pugaçenkowanyň pikiriçe, Köneürgenjiň ussalarynyň şöhratly çeperçilik mekdebiniň täsiri astynda dürli sebitlerde hususy küýzegärçilik we çeperçilik ussahanalary döräpdir».
Beýik Seljuklar şadöwletiniň pajarlap ösen döwründe küýze önümçiliginde çig mal hökmünde ak reňkli toýun bolan kaşin palçygynyň we olaryň çeper bezeginde tyllaýy öwüşgin berýän altynyň suwuny çaýmak tehnologiýasynyň döredilmegi milli küýzegärlik senedinde has düýpli ösüşleri gazanmaga mümkinçilik berýär. Ýeri gelende aýtsak, «Arheologiýa we etnografiýa ylmy sözlüginde» ak palçyk «kaolin», tyllaýy öwüşginli reňk bolsa «lýustra» diýlip atlandyrylýar. «Lýustra» sözi, aslynda, fransuz sözi bolup, ol «tyllaýy öwüşginli ýalpyldy» ýa-da «ýalpyldawuk» manysynda ulanylýar.
Halypa arheolog Tirkiş Hojanyýazowyň «Beýik Seljuk türkmen döwletiniň ykdysadyýeti we medeniýeti» atly kitabynda belleýşi ýaly, arheologiýa gazuw-agtaryş işleri netijesinde lýustrlenen gap-gaçlaryň Merwde, Gürgende, Dehistanda we beýleki orta asyr şäherlerimizde giňden öndürilendigi anyklanyldy.
Kaolin palçygyndan ýasalan küýzeleriň ylmy edebiýatlarda «kaşin keramikasy» diýlip atlandyrylmagy olaryň goňşy Eýran döwletiniň çäginde ýerleşýän orta asyrlara degişli Kaşin (ýerli atlandyrylyşy «Kaşan») şäherinde has köp öndürilendigi bilen baglydyr.
Türkmenistanyň çäklerinde VIII asyrdan başlap, syrçalanan keramika önümleri öndürilip başlanýar. Ýöne syrçany döretmegiň innowasion tehnologiýasyny işläp taýýarlamak üçin senetkär atalarymyz köp «çaý sowatmaly» bolupdyrlar. Munuň üçin diňe bir reňk almagy gazanmakda dürli himiki maddalaryň aýratynlyklaryny öwrenmek ýeterlik bolmandyr. Sebäbi dürli reňkler döredilip, küýzäni endigan otda bişirmek üçin kürä salnanda, olar öz öwüşginini ýitiripdir, reňkler garyşyp, nagyşlar bulaşypdyr. Şol sebäpli ony bişirmek üçin ulanylan kürleriň görnüşlerini kämilleşdirmek zerurlygy ýüze çykypdyr. Ylmy-döredijilik gözlegleri oňyn netijelerini beripdir. Eger küräniň içinde güýçli gyzgyn howa akymy aýlanar ýaly körükler goýulsa ýa-da ýörite enjamlar bilen howa pürkülse, küýzeleriň dürli reňkli nagyşlary asylky durkuny saklapdyr. Parasatly pederlerimiziň bu tehnologik açyşy öz döwründe tutuş dünýäniň küýzegärlik sungatynyň ösüşine öz täsirini ýetiripdir.
Görnüşi ýaly, biziň döwrümizde gözelligi hem-de kämilligi bilen islendik ynsany özüne bendi edýän küýzegärlik senedimiz asyrlaryň jümmüşinde örän çylşyrymly ösüş ýollaryny geçip, dünýä sungatynyň ösüşine täze-täze innowasion tehnologiýa açyşlary goşupdyr. Şeýdibem, dünýäniň ýüzünde milli senetçiligimiziň abraý-mertebesi barha belende galypdyr.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Arkadag Prezidentimiziň halk senetçiligini dikeltmekde, aýawly saklamakda, çeper döredijiligiň gadymdan gelýän milli nusgalaryny kämilleşdirmekde, täze çeperçilik däplerini döretmekde berýän goldaw-hemaýatlary netijesinde gadymy küýzegärlik sungatymyz täze ykbala gowuşdy. Munuň özi diňe bir aslyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan milli sungatymyzy ösdürmäge däl, eýsem, ýaş nesillerimiziň parasatly pederlerimiziň döwletlilik ýörelgelerine ygrarly bolup terbiýelenmegine-de iňňän güýçli täsir edýär, olaryň bu senetden baş çykaryp, täze ruhy öwüşginlere beslenen eserleri döretmeklerine giň ýol açýar.
                                        Agamyrat BALTAÝEW,
                                        Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň 
                                        döredijilik işgärleri bölüminiň esasy hünärmeni, etnograf.