Döwletlilik — türkmeniň asyl ýörelgesi

Hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly eserinde Watanymyzyň taryhynda başlanan beýik eýýamyň ýol-ýörelgeleri, paýhas esaslary açylyp görkezilýär. Bu eýýamyň mazmunynyň we maksadynyň adam gymmatlygy bilen baglydygy sebäpli, onuň täzeçilligi hem adam gymmatlygyna esaslanýar.
Eserde bellenilişi ýaly, adam hem-de adamlar üçin iň ýokary derejeli gymmatlyk Zeminiň abadançylygydyr, sagdyn durmuşda, eşretiň hözirini görüp ýaşamakdyr. Döwletlilik ýörelgesiniň many-mazmuny diňe bir baýlyk däl, eýsem, halallyk, ruhy-ahlak gatançly eşret manysyndadyr. Döwletlilik ýörelgesi halkymyzyň durmuş filosofiýasydyr. «Döwlet» we «döwletlilik» düşünjeleri türkmeniň taryhynda-da, şu günki adaty durmuşynda-da giňden ulanylýar. Biz perzentlerimize at dakanymyzda hem, biri-birimize edýän arzuwlarymyzda hem olary ulanýarys. Bu halkymyzyň döwletlilik ýörelgesiniň kemala gelmeginiň we berk binýada eýe bolmagynyň şerti hem-de netijesidir. Bu ýörelge ata-babalarymyzyň pähim-paýhasynda, danalarymyzyň çeper döredijiliginde timarlanyp, iň gymmatly mirasa, ylym-bilim özeni bolan terbiýeçilik mekdebine öwrülipdir.
Hormatly Prezidentimiz täze kitabynda türkmen jemgyýetiniň ýaşaýyş sütünlerini düzýän saglyk, zähmetsöýerlik, myhmansöýerlik, dostluk, ynsaplylyk, agzybirlik ýaly gymmatlyklary giňden derňäp, olaryň halkymyzyň döwletlilik ýörelgesiniň binýatlyk esaslary bolup çykyş edýändigini açyp görkezýär.
Adamyň sagdyn durmuşda, eşretiň hözirini görüp ýaşaýşy jemgyýetiň we döwletiň döwletlilik ýörelgelerine esaslanýan aladalary, tagallalary esasynda amal bolýar. Hormatly Prezidentimiz bu kitabynda: «Toplanan ylym-bilim tejribeleriniň netijeleri seljerilip, şolar esasynda XXI asyrda durnukly ýaşaýşy üpjün etmegiň taglymatynyň döredilmegi möhümdir» diýip belleýär. Milli Liderimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitaby halkymyzyň medeni-durmuş tejribesi esasynda şol taglymatyň paýhas esaslaryny kesgitleýär. Bu ýerde ylym-bilim wajyp orna eýe bolýar.
Döwletlilik ýörelgesi ylma, paýhasa esaslanýar. Ony biz halkymyzyň paýhasly ýaşaýşyna ornaşan «Ylymly ozar» diýen ýörelgede görýäris. Biziň ata-babalarymyzyň ylymly-bilimli nesilleri ýetişdirmek ýörelgesi hormatly Prezidentimiziň turuwbaşdan yglan eden bilim syýasatynda döwrüň talaplaryna laýyk, hil taýdan täze derejede öz beýanyny tapdy. Ýurdumyzda berk maddy-tehniki binýatly, kämil bilim ulgamy döredildi. Geljekki ösüşleriň ylymly-bilimli adamlaryň döredijiligi bilen baglydygy sebäpli, hünärmenleriň täze neslini terbiýelemek ünsden düşürilmeýän ugra öwrüldi.
Şu ýerde ýurda bazar ykdysadyýetiniň giňden ornaşýan döwründe ylymly-bilimli, başarnykly ýaş nesli ýetişdirmek işiniň amal bolmagynda halkyň aladasynyň ýokarlanýandygyny hem bellemeli. Bu biziň halkymyzyň asyl häsiýetleriniň täze şertlerde ýüze çykmasydyr. Hormatly Prezidentimiz şu işiň taryhy köklerini derňäp: «Türkmençilikde durmuşyň gündelik harajatlary babatda birsydyrgynlygy saklap, galan mal-döwletiňi bolsa ylym almaga harç etmek dogry hasap edilýär» diýip belleýär. Milli Liderimiziň şu pikirine ünsi çekeliň! Bu ýerde adamyň isleglerini çäklendirmek başarnygy barada gürrüň gidýär. Isleglere erkiňi bermek ata-babalarymyz tarapyndan hiç haçan oňlanmandyr, oňa çäk goýlupdyr. Hormatly Prezidentimiz islegiň «nebsiň odukmagyna» sebäp bolup bilýändigini öz kitabynda açyp görkezýär. Nebsi pederlerimiz gahara meňzedip, ony gahar-gazap diýip häsiýetlendiripdirler.
Türkmençilikde nebse bolan garaýyş özboluşlydyr. Hormatly Prezidentimiz öz kitabynda onuň türkmen paýhasynda bahalanyşyny köp sanly tymsallaryň üsti bilen beýan edýär. Şolaryň birinde akyldar bilen ýaş ýigidiň ýol ugrunda bolan duşuşyklary barada täsin gürrüň gidýär. Ilkinji gezek duşuşanlarynda akyldar ýigidiň salamyny alyp gidiberjek bolanda, ýigit oňa tarap elini uzadyp: «Görşeli, ýaşuly!» diýen. Ýaşuly ýigide garap: «Hany, ilki bilen, aýt, göreýin, ol seniň niräňde?» diýip, nebsi barada sowal beripdir. Ýigit akyldaryň syrly sowalyna düşünipdir we: «Ol-a meniň yzymda» diýip jogap beripdir. Şonda akyldar: «Beýle bolsa, seň bilen beterem görşeris» diýip, ýaş ýigit bilen örän mähirli görşüpdir. Akyldar ýene iki gezek ýigit bilen duşuşanda, ondan nebsiniň nirededigi hakda sorapdyr. Ol ýigidiň ilkinji jogaplaryndan nähili-de bolsa kanagatlanypdyr. Ýöne üçünji gezek onuň nebsiň ýesiri bolandygy sebäpli, ondan göwni geçip, elini hem uzatmandyr. Akyldar ýaş ýigide duşanda, oňa nebsine erk etmegi ündäpdir, ýöne şol ündewlerden many çykaryp bilmändigi sebäpli, ondan göwni geçipdir.
Nebse erk etmek ýeňil däl. Şu meseläniň her bir döwürde hem wajypdygyny göz öňünde tutup, hormatly Prezidentimiziň kitabynda getirilen Gündogar halklarynda giňden ýaýran bir tymsala ünsi çekeliň. Onda şeýle beýan edilýär:
«Dyrnak:
— Öz erkime goýsalar, her hili ýyrtyjydan ozup giderdim — diýdi.
Ony gyrkyp zyňdylar».
Bu ýerde ündelýän many, kitapda bellenilişi ýaly, isleg diýen zadyň käte öz çenini bilmeýändiginde, maksadynyň oýlanyp-ölçerilip gurulmaýandygynda jemlenen. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy bu ýagdaýy nebsiň adamy azdyrýan ýaramaz güýçdügi bilen baglaýar. Ol nebsi iman bilen baglap, kanagatlylyga, şükranalyga çagyrýar. Hormatly Prezidentimiz öz kitabynda akyldaryň nebis, sabyrlylyk baradaky pentleriniň halkymyzyň durmuş ýörelgesini kemala getirýändigini nygtap: «Pälini-niýetini gowy zatlara ugrukdyryp bilýän adam, kalby päk adam bagtly ýaşamaga mynasypdyr» diýip belleýär.
Şu hili ýagşy adam bolmak meseleleri kitapda ynsaplylyk nukdaýnazaryndan derňelýär. Ynsaplylyk adamyň içindäki gymmatlygy bolup, ony har edýän zatlaryň nebis we bisabyrlykdygyny Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy nygtaýar. Ata-babalarymyz ynsabyň dine ýarpydygyny aýdypdyrlar. Bu ýerden bolsa türkmençilik ýol-ýörelgesi kemala gelýär. Milli Liderimiz şolary seljerip, türkmençilik ýörelgeleriniň düýp mazmunynyň akyldarlarymyzyň taglymatlarynyň esasynda kemala gelýändigi we ynsaplylygy ündemekde jemlenendigi barada netije çykarýar. Şolar hem kämil şahsyýetleriň ýetişmegine esas bolýan türkmen terbiýeçilik mekdebini düzýär.
Hormatly Prezidentimiziň kitabynda getiren: «Dünýäniň çarhy ýagşylyk edýän adamlaryň gerdeninde aýlanýar» diýen pikirinde hem şol şahsyýetler barada gürrüň gidýär. Bu ýerde türkmeniň beýik şahsyýetleri, olaryň ynsaplylygy we halallygy barada örän täsirli, terbiýeçilik ähmiýetli söz açylýar. Şolaryň öz döwründe ýaş nesle galdyran pentleri esasynda berkän türkmeniň zähmetsöýerlik, myhmansöýerlik, dostluk, agzybirlik, pähim-paýhaslylyk gymmatlyklarynyň döwletlilik ýörelgesiniň paýhas esasyny düzýändigi görkezilýär.
Hormatly Prezidentimiziň kitabynda halkymyzyň «Akyl ýaşda däl, başda», «Akyl Allanyň gözüdir, ynsap halk gözüdir», «Akyl aňlanylýan we aňlanylmaýan dertleriň baryndan halas edýändir», «Akyl kämilligi Watanyň nämedigine düşünmekdir», «Akylyň iň ýokary derejesi parasatdyr» diýen ýaly pähimli pikirleri döredendigi, akyl-paýhasyň könelmeýändigi, wagt geçdigiçe onuň manysynyň dür bolup öwşün atýandygy bellenilýär we bu hakykat her sözi many-mazmuna ýugrulan rowaýatlaryň üsti bilen açylýar.
Kitapda getirilen rowaýatlaryň birinde agyr halda ýatan hassanyň öz toplan baýlygyna mirasdüşer iki oglunyň eýeçilik etmegi barada açylýan gürrüň örän täsirli. Oňa gulak salalyň! Oglanlaryň atasy: «Ynha, bir küýze altyn. Ynha-da, bäş tanap ýer. Ylalaşyp özüňiz bölüşiň!» diýýär. Doganlar biri-birine hormat goýup, mirasdan paýy saýlamak gezegini beýlekä geçirýärler. Olaryň ýanyndaky gelinleriň kiçisi: «Atasy, ogullaryňy deň tutjak bolsaň, altynam, ýerem deň ikä bölüp ber! Küýzedäki kör altyn, ýerem köpelýän altyndyr. Altyny alan ogluň sowup gutaransoň, garyp düşer, ýeri alan ogluňam halal zähmet çekip bilse, baýamak bilen bolar» diýip pyşyrdapdyr. Kiçi gelniň pikirini diňläp, hassanyň göwni bitipdir.
Milli Liderimiz ýokarda getirilen «kör altyn», «köpelýän altyn» diýen täze düşünjelere ünsi çekip: ...«köpelýän altyn» emlägiň emläk gazanmagyny aňladýar. Emlägiň emläk gazanmagy diýip, islendik zady, akyl-paýhas, ylym baýlygy — emlägi işletmegiň, dogry peýdalanmagyň netijesine aýdylýar» diýip belleýär.
Häzirki döwürde türkmen ýurdundaky özgerişler halal zähmete esaslanýar, pähim-paýhasa eýerýän adamlaryň öz bähbitlerini amal edip, emläk gazanmaklaryna gerek bolan şertler täze-täze esaslaryň üsti bilen amal bolýar. Şu ýylyň tomsunda hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň welaýatlaryna aýlanyp, ýerden bol hasyl alan daýhanlar bilen duşuşanda, biz öz halal zähmeti bilen «köpelýän altyny» başarnykly we netijeli ulanýan hünärmenleriň täze nesliniň ýetişýändigini aýdyň gördük. Döwlet Baştutanymyz kitabynda: «Garaşsyz Watanymyzda topraga örküni baglan, topraga yhlas etmegiň gadymy däplerine ygrarly daýhanlaryň durmuşy päk zähmetiň hözirliliginiň aýdyň mysalydyr» diýip belleýär.
Aslynda-da, halkymyz baýlygyň enesiniň ýer, atasynyň zähmetdigine düşünip, tebigat bilen jemgyýetiň sazlaşykly hereketini gazanyp ýaşapdyr. Biziň ata-babalarymyz şol sazlaşygyň araçysy bolan zähmet gurallaryny, iş usullaryny, ýagny tehnikany yzygiderli kämilleşdirmäge çalşypdyrlar. Şu günki işjeň daýhanlarymyz hem häzirki ylmy-tehniki mümkinçilikleri, halkymyzyň toplan durmuş tejribesini pähim-paýhasly ulanmak ukybyna eýe bolan adamlardyr.
Bu ýerden bolsa şu günki özgerýän ýurdumyzda ylym bilen paýhasyň sazlaşykly özara baglanyşygyny gazanmagyň ähmiýeti aýdyň görünýär. Hormatly Prezidentimiziň kitabynda ylym bilen paýhasyň kökleriniň birdigi, şol bir wagtda hem olaryň tebigatynyň tapawutlanýandygy bellenýär: «Ylym bilen paýhasyň kökleri birdir, ýöne tebigaty aýrydyr. Çünki paýhas adamyň zandynda bardyr. Ylym onuň yhlasy bilen zehininde ýaşaýar». Hakykatdan hem, ylym hem, paýhas hem dünýä akyl ýetirmäge, hakykylygy anyklamaga hyzmat edýär. Ýöne olar bu işe özboluşly çemeleşýär. Ylmyň hasaplamaga aýratyn üns berýändigi sebäpli, kähalatda onuň aňlamaga zerur bolan pikirleniş çuňlugynyň kemter pursatlaryna duş gelinýän wagtlary bolýar. Paýhas şol çuňluga eýe bolan pikir ýöretmedir.
Diýmek, her bir jemgyýet, döwlet bähbitli alnyp barylýan işiň paýhasa esaslanmagynyň zerurlygy netije çykarmazdan ozal oýlanmagyň, pikirlenmegiň gerekdiginden gelip çykýar. Şu nukdaýnazardan, hormatly Prezidentimiziň täze kitabyndaky akyldarlarymyzyň öňe süren paýhasly pikirleriniň könelmeýändigi, olaryň şu gün hem ähmiýetlidigi baradaky sözleri örän wajyp. Bu hem danalarymyzyň umumy bähbitden ugur alandyklary bilen bagly.
Milli Liderimiz ata-babalarymyzyň belli bir netijä gelmezden öň «Bähbit bolsun!» diýýändiklerine ünsi çekip: «Munuň özi oýlanmagyň, akylly adamlaryň, ýaşulularyň gelen netijesine garaşmagy ündemegiň hem bir täridir» diýip belleýär. Onuň sebäbi hem adam özüne näme gerekdigine düşünýän hem bolsa, kitapda bellenilişi ýaly, özüň bolmagyň, özüňe düşünmegiň aňsat däldigi bilen bagly. Şonuň üçin danalaryň pikiri diňlenip, many çykarylanda, bähbitli çözgütlere ýol açylýar.
Milli Liderimiz kitabynda: «Nämäniň dogrudygyny bilmän, çylşyrymly ýagdaýda galanyňda halas edýän bir ýol bardyr: ol adalatly bolmakdyr! Gözüňi ýum-da, adalatly bol! Adalatly bolmagy, hakykaty aýtmagy başarsaň, hiç ýalňyşmarsyň» diýýär. Bu ýerde hakykaty aýtmak başarnygynyň paýhas esasynda kemala gelýändigini belläliň.
«Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitapda türkmen ýurdunda ýaşap, adamzadyň paýhas hazynasyna saldamly goşant goşan akyldarlaryň köpüsiniň eden işleri ýatlanyp: «Ylym-bilimiň bahasy ýokdur, ylym-bilimden toplanan baýlyk adamzadyň hakyky baýlygydyr» diýilýär. Şu gün şol danalaryň işini dowam ediji — gurujy, dörediji täze nesli kemala getirmek iň derwaýys meseledir.
Çagalaryň häsiýetleriniň dürli-dürli bolmagyna garamazdan, olaryň her birinde ukyp-başarnygyň bardygy gümansyz. Şonuň üçin hormatly Prezidentimiz şu ýerde aýratyn dykgat edilmeli mesele hökmünde çaganyň haýsy ugurda ukybynyň bardygyny açmagyň zerurdygyny nygtap, şu wezipäni mekdep mugallymlarynyň amal etmelidigini belleýär.
Döwlet Baştutanymyzyň bilim syýasaty türkmen halkynyň döredijilik, gurujylyk, oýlap tapyjylyk ukyplaryny giňden açmagy göz öňünde tutýar. Bu meseläniň ylym-bilim ulgamynyň durnukly kämilleşmegi, onuň bäsdeşlige ukyply hünärmenleri ýetişdirmegi esasynda çözülýändigini görýäris. Bu gün jemgyýetiň islegleri bazar ykdysadyýetiniň täsiri bilen kemala gelýär, bilime bilermen garaýyşly çemeleşme giňden ýaýraýar. Bu çemeleşme bilim jemgyýetiniň talaplaryny kanagatlandyrmaga we bäsdeşlige ukyply hünärmenleri taýýarlamaga gönükýär.
Döwrüň talaplaryny amal etmäge ukyply täze nesli ýetişdirmek köptaraply iş. Bu ýerde, ýokarda bellenilişi ýaly, halkyň toplan durmuş tejribesinden, onuň medeni mirasyndan ugur almak gerek. Milli Liderimiz öz ýazan ylmy-filosofik eserlerinde halkyň medeni mirasynyň, däp-dessurlarynyň ýurtda geçýän tehnologik özgeriş bilen baglanyşygyny çuňňur derňeýär. «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly eserinde hem halkymyzyň döreden milli gymmatlyklary, dünýä nusgalyk hünärleri ylmy taýdan öwrenilýär we olaryň ähmiýeti açylyp görkezilýär. Şonuň üçin bu ajaýyp eserlerde öňe sürlen belent maksatlary ilimiz, ilki bilen, ýaşlarymyz çuňňur özleşdirmelidir.
Görşümiz ýaly, bu eserde öwrenere-de, many çykarara-da esas bolan paýhas gymmatlyklary örän kän. Şolary özleşdirip, türkmeniň döwletlilik ýörelgesine eýe bolan nesiller ýurdumyzy has-da ösdürip, hormatly Prezidentimiziň täze eýýamyň paýhas esasyny düzýän taglymatyny dünýä ýaýarlar.
                                        Nurýagdy SUWHANOW,
                                        Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň professory.