Hünärim bar — hormatym bar

Ýurdumyzda amala aşyrylýan ylym-bilim özgertmeleriniň çäklerinde oba hojalygynyň dürli ugurlaryny ýokary taýýarlykly hünärmenler bilen üpjün etmek üçin täze hünär ugurlary döredilýär. Muňa mysal hökmünde, şu okuw ýylynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde açylan bakalawrlary taýýarlamagyň agroekologiýa, ýyladyşhana hojalygy, senagat balykçylygy, kinologiýa ugurlaryny görkezmek bolar. Ýurdumyzyň oba hojalygynyň bu möhüm ugurlary boýunça ýaşlara döwrebap bilim berilmeginiň ähmiýeti barada uniwersitetiň mugallymy Serdar HOJAGELDIÝEW şeýle gürrüň berdi:
— Milli Liderimiziň parasatly ylym-bilim syýasatynyň netijesinde açylan bakalawrlary taýýarlamagyň täze ugurlarynyň ähmiýeti we olaryň getirjek netijeleri dogrusynda aýtsak, ýyladyşhana hojalygy taýýarlyk ugrunyň esasy aýratynlyklarynyň biri topragyň dürli görnüşlerini «ýapyk ýerde» önümçilige ornaşdyrmak esasynda, ýyladyşhana üçin gök ekinleriň şitillerini ösdürmek bilen, onda ýokary hilli hasyly ýetişdirmegi öwredýär. Bu bolsa hünärmenleriň gök ekerançylykda hasyl ýetişdirmäge täzeçe çemeleşip, ussatlyklaryny artdyrmaklaryna şert döredýär.
Agroekologiýa taýýarlyk ugry hem oba hojalygynda wajypdyr, ýagny bu ugry özleşdirmek bilen, hünärmenler ekologiýa abadançylygyny üpjün etmegiň, oba hojalyk önümlerini goramagyň inçe syrlaryny öwrenýärler. Agroekologlar diňe bir oba hojalyk önümçiliginiň daşky gurşawa täsirini öwrenmek bilen çäklenmän, öndürilýän oba hojalyk önümleriniň ekologiýa taýdan arassa bolmagyny üpjün ederler. Ýurdumyzda «Biodürlüligi gorap saklamak», «Çölleşmä garşy göreşmek» we «Klimatyň üýtgemegi baradaky» halkara konwensiýalaryň talaplaryny ýerine ýetirmek boýunça ýurdumyzda alnyp barylýan işleri sazlaşdyrmak hem agroekologlar bilen baglanyşyklydyr. Bu hünäriň okuw maksatnamasyna girizilmegi bilen onuň çäginde ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek babatda oba hojalyk önümçiligine sanly ulgamy ornaşdyrmak, agroekologiýa boýunça häzirki zaman tehnologiýalaryny we halkara tejribeleri öwrenmek hem-de ekerançylykda peýdalanmak, şeýle hem howanyň üýtgemegi bilen baglylykda, ekerançylygyň adaptiw-landşaft ulgamynyň taslamasyny düzmek boýunça ylmy-barlag işleriniň ugurlaryny giňişleýin öwrenmek göz öňünde tutulýar.
Bulardan başga-da, ýurdumyzyň balykçylyk hojalygyny ösdürmek, itleri idetmek we itşynaslygy ösdürmek boýunça kinologiýa hünärleriniň ähmiýeti ýokarydyr. Bu hünärler türkmen alabaý itlerini ösdürip ýetişdirmekde, olaryň häsiýetli aýratynlyklaryny öwrenmekde, şeýle-de ýurdumyzda balyk hojalygyny ösdürmekde uly ähmiýete eýedir.
Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda gurlup, ulanmaga berlen «Türkmen alabaý itleri» hojalyk jemgyýetinde alabaý itlerini ylmy esasda ösdürip ýetişdirmäge ähli mümkinçilikler döredilendir. Bu jemgyýetiň döredilmegi hem milli itşynaslyk sungatynyň özboluşly, ajaýyp däpleriniň nesilden-nesle geçirilmegine, halk seçgiçiliginiň usullaryny hem-de dünýä ylmynyň häzirki zaman gazananlaryny peýdalanmak bilen, türkmen alabaý itleri bilen bir hatarda, beýleki itleriň görnüşlerini, toparlaryny hem hasaba almaga we olary yzygiderli köpeltmäge giň mümkinçilikleri açýar. Milli Liderimiziň «Türkmen alabaýy» atly kitaby, alabaý itlerine bagyşlanan täze neşir — golaýda ilkinji sany okyjylara gowşan «Türkmeniň nusgalyk alabaýy» žurnaly hem talyp ýaşlar üçin möhüm okuw gollanmasy bolup hyzmat edýär.
Ýokary okuw mekdebimiziň talyplarynyň bu hünärler boýunça okap, nazaryýet bilimlerini hem-de amaly hünär başarnyklaryny kämilleşdirmekleri üçin okuw gollanmalarynyň dürli görnüşleri taýýarlanyldy. Ýyladyşhana hojalygy, agroekologiýa, senagat balykçylygy we kinologiýa ugurlary boýunça okuw otaglary görkezme esbaplary bilen doly üpjün edildi. Talyp ýaşlaryň önümçilik tejribeliklerini ýurdumyzyň dürli ýerlerinde, oba hojalygynyň degişli edara-kärhanalarynda geçmekleri hem göz öňünde tutuldy.
Hormatly Prezidentimiziň döredýän şertlerine we öňümizde goýan wezipelerine jogap edip, oba hojalykçy hünärmenleriň täze, döwrebap taýýarlykly neslini ýetişdirmekde geljekde-de yhlasymyzy gaýgyrmarys. Bilim, oba hojalyk özgertmeleriniň netijesinde, ýurdumyzyň bu ulgamlaryny täze derejelere göterýän Gahryman Arkadagymyza alkyşlarymyz egsilmezdir.