Eli çeper, dili senaly ene

Onuň gürrüňleri gyzykly, çeper eliniň döredenleri nepis, sünnä hem-de özüne çekiji. Ogulgözel ene il-günüň içinde eli çeperlikde, ýaşlara el işleriniň ediliş inçeliklerini öwretmekde adygan zenan. Ogulgözel Myradowa diýseň, gökdepelileriň ählisi-de: «Hä, çeper elli enemi?!» diýip, derrew tanaýarlar.
Ogulgözel ene Gökdepe şäherinde ýaşaýar. «Geplän gepi güwälik, eden işi dogalyk» diýlen nakyl-da eli çeper, aýdany öwüt, eden zady nusgalyk bolan bu mähirli enäniň özi hakynda ýaly. Ol haly, keçe sungatyndan hem, keşdedir tikin işlerinden hem baş çykarýan zenan. Çagalygyndan el işine imrinensoň, könelerimiziň «Hünäri öwren-de, ýigren» diýenine eýerip, el işleriniň dürli görnüşlerini yhlas bilen öwrenipdir. Ogulgözel ene soňky wagtlar çaga kirliklerini tikmäge has ýykgyn edýär. Onuň sünnä bilen taýýarlan kirlikleri ýurdumyzda geçirilýän sergilerde sergilenip, milli çaga lybaslarynyň bu görnüşi köpleriň ünsüni çekýär. Olarda bigam çagalyk dünýäsine muwapyk gözellik we sazlaşyk bar.
Kirlikleri biçmek üçin bir tagta kagyz ýaly keteni mata gerek. Mata kirlik üçin degişli ölçegde biçilip, şol biçilen mata dört ýerinden gulak goýulýar. Ak matadan edilen gulaklaryň, dörtburç biçilen keteniniň daşyndan gara mata aýlanylýar, bu owadanlyk üçin edilýär. Kirlik biçilip, oňa dört ýerinden gulak goýulýar. Milli lybaslaryň has gadymdan gaýdýan görnüşi bolan kirlikler (öňlükler) ene-mamalarymyzyň çaga terbiýesi bilen bagly ýörelgesinden gözbaş alyp gaýdýar. Çünki ilkibada çaganyň üst-başynyň tämiz bolmagy, naharlananda eşiklerini hapalamazlygy üçin tikilen kirlikler, soňabaka has kämil el işlerine öwrülipdir. Häzirki wagtda ýaş gelinler toý-tomga baranlarynda çagasyna milli lybaslaryň üstünden kirligiň has bezelen, gaşdyr dürli nagyşlar bilen nagyşlanan görnüşlerini geýdirip eltýärler welin, seredeniňde gözüň dokunýar. Ýönekeýje zatlary hem sungat derejesine ýetirip, kämilleşdirip bilýän zenanlarymyzyň döredijilikli gözlegleriniň ajaýyp sungat derejesine ýetýändigine haýran galýarsyň.
Eden işi nepisligi, sünnäligi, gözelligi bilen tapawutlanýan Ogulgözel ene-de köpleriň alkyşyna mynasyp mährem zenandyr. Ol irginsiz zähmeti talap edýän el işleri, özüniň taýýarlaýan çaga kirlikleri hakynda gürrüň berip, şeýle diýdi:
— Men tikin tikmegi ejemden öwrendim. Ejem ussat tikinçi bolansoň, bizi owadan, milli lybaslar bilen bezäp geýindirmegi gowy görerdi. Ol kirliklere şeýle bir sünnälik bilen nagyş salardy welin, diýseň göze ýakymly bolardy. Goňşularymyz hem çagalaryna kirlik edinmegi höwes ederdi. Ejem golaý-goltumda ýaşaýan ýaş gelinlere-de bu işi yhlas bilen öwrederdi, «hünärimiz ýitmesin» diýerdi. Ondan bäri aýlar aýlanyp, ýyllar geçipdir. Biziň çagalyk, ulugyzlyk döwrümiz hem indi alyslarda galdy. Indi özümem ene boldum. Men ömrüm boýy el işini edip gelýärin. Kirlikleri görsem, gunduz kimin päkize çagalar göz öňümde janlanýar. Olary begendirip bilsem, armanym ýok. Agtyklaryma, golaý-goltumda ýaşaýan goňşularymyzyň çagalaryna tikip berýän welin, olar diýseň begenýärler. Şonda men öz eden işimden aýratyn lezzet alýaryn. Kirligi bezeýän nagyşlar «bugdaý boýun» we «goçak» nagşy öňki döwürlerden bäri tamdyryň böwrüne çekilýän gadymy nagyşlardyr. Kirligiň gerdeninden iki hatar alaja geçirilýär, öň tarapdan we yz tarapdan jübütleýin geçirilýän alajalar oňa has hem aýratyn gözellik bagyş edýär. Alajany ene-mamalarymyz öňden bäri göz-dilden goramak ynanjyna eýerip işipdirler. Kirliklere gerdenlik ýüp bolup hyzmat edýän alajalar, hakykatdan hem, çagajyklaryň gül meňzine aýratyn ýaraşyk çaýýar.
Ogulgözel enäniň eli işe gelşip dur, onuň iňňe tutuşyndan, çalasynlyk bilen hereket edişinden, kem-köst bolmaz ýaly örän ünsli çemeleşişinden tejribesiniň ýetikdigini aňlamak bolýar. El işlerine ussat ene haly dokamagy we keçe basmagy hem eserdeňlik bilen başarýar. Şonuň üçin hem onuň töwereginiň şägirtsiz wagty ýok diýen ýaly. Ýaşlara milli el işlerimiziň özboluşly aýratynlyklaryny, ediliş usullaryny öwredip, ajaýyp el senedimiziň nesliden-nesle kämil derejede geçmegine, halk arasynda müdimilik bolmagyna öz goşandyny goşýar.
Ogulgözel enäniň çagalyk ýyllary Tejende geçýär, çünki ol Tejen etrabynda doglan, gelin bolup gelen ýeri Gökdepe etraby. Tejenli gyz-gelinler hem el işine ussatlygy bilen tutuş Diýarymyza meşhurdyr. Gelin bolup gelen öýi-de el işine berlen maşgala bolansoň, Ogulgözel bilen gaýynenesi dessine ysnyşyp gidýär. Gelniniň eliniň işlidigine juda begenen gaýynene, oňa öz bilýänlerini hem öwredip, Ogulgözeliň tejribesini has-da kämilleşdiripdir.
— Gaýynenem juda hoşgylaw zenandy. Eden işiňi synlap, höwesiň artar ýaly öwgiňi ýetirerdi, kemter gaýdan ýerleriňi bolsa sypaýyçylyk bilen düşündirerdi. Hiç haçan sesini gataltmazdy. Biş-düş edenimde-de, el işini edenimde-de ýanymda bolardy, gümür-ýamyr edip, işleri nädip dynanymyzy-da duýman galardyk. Meniň ýaş gelinlere maslahatym: «Baran ýeriňiziň hormatyny gazanjak boluň, gaýyneneňizi, gaýynataňyzy sylaň, sarpalaň!» diýesim gelýär, çünki bagt, döwletlilik diýlen zat, sylag-hormatda, agzybirlikde bolýandyr.
Durmuşyň synaglarynda taplanan enäniň her bir sözi ýüregiňe jüňk bolup dur. Ol edep-ekram, gyz edebi dogrusynda-da, kän zatlary gürrüň berdi. Sözümiz alşyp, gürrüňimiz gyzyşyp gidensoň, biz wagtyň birçene baranyny-da aňmandyrys. Ol şonda sözüniň arasynda sümmen hakda-da agzady. Sümmen çagajyklara niýetlenen topby bolup, ol tahýadan tapawutlylykda, üstki tarapy bilen aşaky etegi aýratynlykda däl-de, bitewülikde tikilýär. Nagyş salnyp sünnälenýär. Sümmenler çagalaryň başyny yssydan, maýyl howada üşemekden goraýar, olaryň maňlaýynyň gübermän (tüňňermän), kadaly ösmegine oňyn täsirini ýetirýär. Mahlasy, Ogulgözel ene el işi boýunça ýörite bilermen ýaly. Haýsy ugrundan sowal berseň, jikme-jik düşündirip otyr.
Ol ýedi perzendini öý-işikli edip, agtyklaryna guwanyp ýaşaýar. Adamsy Amangeldi Myradow ençeme ýyl bilim ulgamynda, mekdepde müdir bolup işlän eken. Ol dünýeden gaýdansoň, Ogulgözel enä maşgalanyň keşigini çekmek ýeňil bolmandyr, ýöne ol şonda-da kynçylygyň, synaglaryň öňünde müzzermändir. Şeýdip hem, gaýratly ene perzentlerini bagta şärik edip, enelik borjuny aňryýany bilen haklapdyr.
Ogulgözel ene döwrümiziň bagtyýarlygynyň öz ykbalyndan sowa geçmeýändigine diýseň buýsanýar. Ol ene kalbyndan joşup çykýan göwün hoşallygyny, ine, şeýle beýan etdi:
— Hudaýa şükür, eşretli döwürde ýaşaýarys. Hormatly Prezidentimiz biz — enelere uly sarpa goýýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» diýen kitabyny başdan-aýak uly gyzyklanma bilen okadym. Ýakynda geçen Türkmenistanyň Halk maslahatyna-da wekil bolup gatnaşdym, şonda bize Gahryman Arkadagymyzyň ýene-de bir ajaýyp kitabyny — «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly eserini sowgat berdiler. Ony hem höwes bilen okadym, ondaky getirilýän tymsallary, aýdylýan rowaýatlary okap, serimi durladym, göwnümi parasat-pähimden pürepürledim. Goý, eziz Arkadagymyzyň şeýle ilhalar eserleriniň sany köp bolsun!
Eneleri sarpalaýan, zenan mertebesini belent tutýan hormatly Prezidentimiziň döwletimizi dünýä tanatmagy, durmuşymyzy gülletmegi, ýaş nesliň okamagy we bilim almagy üçin gurup berýän owadan ak mekdepleri, çagalar baglary biz — bagtyýar eneleriň kalbymyzda tükeniksiz hoşallyk duýgularyny döredýär. Goý, il-gününe şeýle bagty peşgeş berýän belent mertebeli Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, belent başy aman bolsun!
Biz hem eli çeper, dili senaly bu enä mundan beýläk-de uly üstünlikleri we maşgala abadançylygyny, ömrüniň uzak bolmagyny arzuw edýäris.
                                        Dursun TEKÄÝEWA,
                                        žurnalist.