Parahatçylygyň hatyrasyna hyzmatdaşlyk

Milli Liderimiziň halkymyza peşgeş beren «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda belleýşi ýaly, «Hemişelik Bitaraplyk derejesi eziz Watanymyzyň häzirki döwürde dünýä ýüzünde il-uluslaryň we Zeminiň geljegi hakyndaky wezipeleriň maksadalaýyk çözgütleriniň üpjün edilmeginde esasy ornuny kesgitleýär. Hemişelik Bitarap Türkmenistanyň döwlet syýasaty adamzadyň parahat geljegini üpjün etmek ugrundaky wezipeleriň durmuşa geçirilmegine hem gönükdirilendir».
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletler tarapyndan iki gezek ykrar edilmegi örän buýsandyryjydyr. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynda kabul edilen «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakyndaky» Kararnama şol döwürde gurama agza 185 döwlet tarapyndan goldanylan bolsa, 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda bu Kararnama ikinji gezek 193 döwlet tarapyndan kabul edildi.
Hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ählumumy meselelere oňyn çemeleşmeleri döwletleriň we halklaryň arasynda özara düşünişmegi, deňhukuklylygy, milli bähbitlere hormat goýmagy üpjün etmäge ýardam berýär. Hormatly Prezidentimiziň teklibi bilen paýtagtymyzda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagy we onuň sebit meseleleriniň oňyn çözülmegine işjeň gatnaşmagy hemişelik Bitarap döwlet hökmünde durnuklylygy üpjün etmekde, taraplaryň gyzyklanmalaryny utgaşdyrmakda we netijeli gepleşikleri ýola goýmakda ähmiýetlidir. Garaşsyz Watanymyz hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda goňşy hem-de dünýäniň beýleki döwletleri bilen hoşniýetli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny alyp barýar.
Mälim bolşy ýaly, 2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 71-nji mejlisinde 12-nji dekabry «Halkara Bitaraplyk güni» diýip yglan etmek hakyndaky Kararnama kabul edildi. Bu waka ýurdumyzyň dünýä giňişliginde uly abraýdan peýdalanýandygynyň hem-de sebitde we dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmäge uly goşandynyň ykrar edilmeginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. Şonuň ýaly-da, şeýle ýokary derejedäki çözgüdiň kabul edilmegi Türkmenistanyň daşary syýasatynyň umumadamzat bähbitlerine laýyk gelýändigini we onuň hemişelik Bitaraplygynyň dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde wajyp orun eýeleýändigini görkezýär.
Häzirki zamanyň möhüm syýasy, ykdysady, medeni meseleleri boýunça Türkmenistan parahatçylykly gepleşikleriň we möhüm halkara çäreleriniň geçirilýän ýerine öwrüldi. Şolaryň hatarynda birinji Hazar ykdysady forumyny görkezmek bolar. Şeýle-de, Aşgabatda ýurdumyzyň GDA başlyklyk etmeginiň çäklerinde Arkalaşygyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi. Türkmenistan GDA-nyň assosirlenen agzasy bolmak bilen, bu guramanyň çäklerinde hyzmatdaşlyga Arkalaşygyň ýurtlary bilen gatnaşyklary işjeňleşdirmäge we goşmaça kuwwat bermäge, däp bolan gatnaşyklary täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga ýardam edýän gural hökmünde garaýar.
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyny şöhratlandyrmak, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny has-da belende götermek, ýaş nesli eziz Watanymyza buýsanç we wepalylyk ruhunda terbiýelemek maksady bilen, 2020-nji ýyl «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýlip atlandyryldy. Hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllyk toýy Türkmenistanyň halkara abraýynyň has-da belende galmagyna ýardam eder.