«Asmanda Ülker, Telpegin silker»

Gyz-gelinlerimiziň ümelerde, monjugatdylarda aýdan aýdymlarynyň bu setirinde waspy ýetirilýän ülkeriň döwri 22-nji maýdan 21-nji iýun aralygynda dowam edýär. Ülker bize älemde görnüşine görä köreksiräk ýyldyz topbagy bolup, ol maý aýynyň 22-sinde gündogar gözýetimde dogýar.
Halk arasynda ülker barada birnäçe aýtgylar, ýorgutlar hem-de hasaplar bar. Ülkeriň: «Desse astynda galmaryn» diýmegi onuň arpadyr bugdaý oragynyň öň ýanynda dogýanlygyna şaýatlyk edýär. Ýurdumyzyň şertlerinde ülker ýyldyzynyň dogýan wagty tomus paslynyň, ýaşýan wagty bolsa (noýabryň 23-i) gyşyň başlanýan döwrüne gabat gelýär. Şonuň üçin hem «Ülker dogdy – tomus, ýaşdy – gyş» diýip halkymyz hasap ýöredipdir.
Ülker ýyldyzynyň dogýan döwründe ýagşyň ýagmagy azalýar, howanyň gije-gündizki ortaça ýylylygy +20 derejeden ýokary bolýar. Howanyň gyzyp başlamagy netijesinde bugarma güýçlenýär. Gurak howanyň durnuklaşmagy ýurdumyzyň aglaba ýerlerinde meýdan otlarynyň guramagyna getirýär, galla ekinleriniň bolsa bişmegini tizleşdirýär.
Bu döwürde gowaça, gök we bakja ekinlerini otamak, bejermek hem-de suwarmak işleri güýçli depginde alnyp barylýar. Maldarlarymyz gyş üçin ätiýaçlyk ot gorlaryny taýýarlamagyň aladasynda bolýarlar.
Çarwalarymyz Ülker öwri başlanandan dowar sürülerini tomus örülerine, oýlaryna ýerleşdirip, dowarlary bakmagyň tomusky düzgünine geçýärler. Bu ýyldyzyň dowam edýän döwri bolan sentýabrda pagta ýygymyna we bugdaý ekişine başlanýar. Ülkeriň ýaşmazynyň öň ýanynda (oktýabr, noýabr aýlarynda) çarwadarlarymyz ot-iýmlik gorlaryny doly ýygnap, gyşa taýýarlyk möwsümini tamamlaýarlar.