Arassa organomineral döküni alyndy

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek fakultetinde-de ýerli çig mallary ylmy esasda öwrenmäge uly üns berilýär. Ylmy işlere talyp ýaşlar hem işeňňir gatnaşýarlar. Biz hem bu fakultetiň umumy himiýa kafedrasynyň uly mugallymy Rejepnur Nurowyň ýolbaşçylygynda guş dersi bilen baglanyşykly ylmy iş bilen meşgullanýarys. Ylmy işimizde ýönekeý tehnologiýany ulanmak bilen, oba hojalygynyň ähli ýerlerinde elýeter bolan, tehnologiki çyzgylaryň kömegi bilen towuk dersini gaýtadan işläp, ekologiýa taýdan arassa organomineral dökünini almagyň usuly hödürlenilýär.
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa instituty bilen S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti bilelikde «Oba hojalygynda ekologiki arassa organomineral dökünleriň netijeli we tygşytly usulda alnyşyny esaslandyrmak» atly temada ylmy-barlag işini geçirdi. Onuň netijesinde towuk dersi gaýtadan işlenip ekologiýa taýdan arassa organomineral döküni alyndy.
Şeýle-de, organomineral dökünleriň talabyna laýyklykda, towuk dersiniň düzüminde azot, fosfor, kaliý ýaly elementleriň hem-de umumy organiki maddanyň ýeterlik derejede saklanýandygy bilen baglanyşykly işlenilen guş dersiniň topragyň ähli görnüşi üçin ýaramlydygy, täsiriniň 3-4 ýyl saklanýandygy we hasylyň mukdaryny, hilini ýokarlandyrýandygy anyklanyldy.
Munuň özi hormatly Prezidentimiziň oba hojalyk ýerlerini gurplandyrmak we ondan ýokary hasyl almak babatda öňde goýan wezipelerini durmuşa geçirmekde ýaş alymlaryň ylmy işleriniň hem uly ähmiýete eýe boljakdygyna güwä geçýär.