Mümkinçilikleriň tapgyry

Ýurdumyzyň futzal ligasynda geçirilen 16-njy tapgyrynyň netijesinde ýaryş tertibiniň öňdebaryjylary nobatdakky ýeňişlerini gazandylar.
Bu tapgyryň merkezi duşuşygy “Köpetdag” bilen “Daýhanbank” toparlarynyň arasynda geçirildi. Ikitaraplaýyn hüjümlere baý bolan duşuşykda “Köpetdag” topary garşydaşyny 2:1 hasabynda ýeňlişe sezewar etmegi başardy.
Tapgyryň beýleki duşuşyklarynda “Senagatbank”, “Gümrükçi” hem-de “Deňizçi” toparlary ýeňişlerini baýram etdiler.
Şeýlelikde, geçirilen bu tapgyrdan soň utugyny 43-e ýetiren “Köpetdag” öňdäki orny eýelemegini dowam edýär. 32 utuk toplan “Senagatbank” ikinji, 27 utukdan toplan “Migrasiýa” hem-de “Daýhanbank” toparlary bolsa üçünji, dördünji orunlary eýeleýärler.
Naýbaşy futzal ligasynyň 17-nji tapgyrynyň duşuşyklary 13-nji oktýabrda geçiriler.
                                        Çeşme: http://tff.com.tm