HAKYKY GYMMATLYK 

Hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly täze eseriniň bölümleriniň biri «Saglyk — abatlyk» diýlip atlandyrylýar. Bölümiň başy: «Saglyk jemgyýetçilik gymmatlygy bolmak bilen, döwletiň ösüşleriniň esasy kesgitleýjisi hökmünde häsiýetlendirilýär. Adamlaryň durmuşy gönüden-göni olaryň saglygy bilen baglanyşyklydyr» diýlen we hiç hili düşündiriş talap etmeýän ýürege ýakyn sözler bilen başlanýar. 
Bu hakykat — durmuş hakykaty. Alym Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesiniň özeni. Şonuň üçin hem ýurdumyzda ynsan saglygynyň goragy babatda edilen we edilýän işleriň gerimi örän giň. Lukman Arkadagymyzyň ýiti zehini we çuň paýhasy siňen «Saglyk» Döwlet maksatnamasynda bellenen çäreleriň yzygiderli ýagdaýda durmuşa geçirilmegi ýurdumyzda raýatlaryň saglygyny berkitmekde, halkymyza ýokary derejeli we elýeterli lukmançylyk hyzmatlaryny etmekde aýdyň ýörelge bolup hyzmat edýär. «Saglyk» Döwlet maksatnamasyndan gelip çykýan wezipe-borçlaryň anyk we dogry ýerine ýetirilmegi ýurdumyza Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy, Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasy (ÝUNISEF) tarapyndan ençeme halkara derejeli sylaglary eçildi. Ynha, ol sylaglar: Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy we Ýod ýetmezçilikli keseller üçin gözegçilik baradaky halkara geňeş tarapyndan Türkmenistanda ýod ýetmezçiliginiň bozulmalarynyň durnukly öňüni almak üçin duzy ýodlaşdyrmakda gazanylanlar hakynda Halkara güwänamasy; «Drakunkulýozdan azat çäk» halkara güwänamasy; Ýabany poliowirusyň Türkmenistanyň çägindäki sirkulýasiýasyny bes etmek hakyndaky Halkara güwänamasy; Türkmenistanda gyzamyk keseliniň doly öňüniň alnandygyna şaýatlyk edýän Halkara güwänamasy; Çilimkeşlige garşy göreşe goşan ägirt goşandy üçin Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň ýadygärlik medaly we minnetdarlyk şahadatnamasy; Gyzamyk we gyzylja keseliniň doly aýrylandygy barada Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Halkara güwänamasy. Şeýle güwänamalar bolsa bize dünýäde ykrar edilýän, öz halkynyň sagdyn we bagtly ýaşamagy üçin ähli şertleri döredýän milli 
Liderimiziň dünýä nusgalyk beýik işleriniň waspydyr.
Halkymyzyň saglygyny goramakda we berkitmekde ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini we ýokary netijeli sporty ösdürmek babatda alnyp barylýan işleriň döwlet derejesinde yzygiderli ösdürilmeginiň hem aýratyn ähmiýetini nygtamak gerek. 
Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen saglyk ulgamyna telelukmançylygyň, sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy, zerur sanjymlaryň geçirilmegi üçin döwletimiziň gönükdiren maýa goýumlary döwrebap tagallalaryň aýdyň nyşanydyr.
Ynsanlaryň saglygyny ähli zatdan ýokarda goýýan milli Liderimiziň saglyk syýasaty saglygyň hakyky gymmatlykdygyny hemişe dabaralandyrýar.
                                            Hajarbibi HANDURDYÝEWA,
                                            Türkmenistanyň Ýokary 
                                            kazyýetiniň uly 
                                            maslahatçysy.